Biz nähili oýunbaz,
Gör, nähili yşkbaz biz!
Kimler üçin-ä hiç kim,
Kimler üçin ykbal biz!
Bir gün buzdan sowuk biz,
Bir gün gyzgyn otdanam.
Kä göwündeş gözleýäs
Ýakyndanam, ýatdanam.
Käte aýdym küýseýäs,
Käte özümiz aýdym.
Kä zalym biz,
Käte-de
ýukalygnyň derdinden
Ýüregmiz tüýdüm-tüýdüm.
Gyşda ýanýas alawlap,
Gagşap ýörüs tomusda.
Garaçyndan begenýäs
Kapyýa kapyýa gowuşsa.
Şahyr bolmak isläbem,
Dözümmiz ýok köp zada.
Meger, ýükümiz has kän,
Injigimiz çöp ýa-da...
16.09.2018ý. 09:22
Sapa HOMMADOW
Şahyr dostuma
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Hmm++++++
-
Pegas
3 years ago
- Eger bar ýazjagyňyz "+++", "Hmm", "Gowy goşgy", "Molodes"... ýaly teswirler boljak bolsa, лучше ýazmaň. Köpçülige goşgyny analiz, tankyt etdirmek üçin paýlaşýan.
-
wagt
3 years ago
- Gymzy ýanmyş.... Bul-a maña-da degişli diýseñ boljak ))
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @pegas wai nam diyeyin nam diymegmi isleyan gou bolsa gou diyernda bashga nam dimeli ayt hani
-
Xyivenia
3 years ago
- Kimler ucin-a hic kim,
Kimler ucin ykbal biz!
haladym su yerini hasam Sapa aga yetirip durun
Arslanova.L_05 3 years ago- +++