"TÜF, TÜF, GÖZ DEGMESIN!"
"Tüf, tüf, göz degmesin!" Biz bu sözleri häli-şindi eşidýändiris. Ýöne onuñ düýp manysy barada oýlanyp gördükmikäk?
Gadym eýýamlarda adamlar tüýkülikde jadynyñ bardygyna berk ynanypdyrlar. Dini gürrüñleriñ birinde Isa pygamberiñ öz tüýküligini çalmak arkaly kör kişiniñ gözlerini açandygy beýan edilýär. Esgerler söweş gitmezlerinden ozal, niýetlenen ýere degeri ýaly, ýaraglaryna tüýküripdirler. Şeýtsek, Hudaý, has halaýar diýen ynanja uýup, sadaka üçin gurban ediljek malyñ endamyna tüýkülik çalyp, soñra öldüripdirler. Çagalarynyñ boýlary öser ýaly, Aziýanyñ käbir ýurtlarynda eneler perzentleriniñ endamlaryna başdan-aýak tüýküripdirler...
Biziñ zamanamyzda-da Angliýada käbir eneler ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ogul-gyzlary synaga gitmezlerinden öñ, oñat bahalary alsynlar diýip, olara tüýkürýärler.
"TÜF, TÜF, GÖZ DEGMESIN!"
-
wagt
3 years ago
- Nirden kopiýalaýañy görkezmeli dälmi? Ýa bu düzgün size degişli dälmi?
-
loveee_@
3 years ago
- Hmm OK indi görkezerin sorry
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- xixix bolup biler
-
Nol
3 years ago
- Ol yrym indi galdy. Enem pahyram tüýkürerdi ýüzüme "tüf tüf tüf, kyrk kişiň tüýküligi" diýip, malçylladardy maňlaýyňa.
Tüýkülik zyýanly bolansoň, bu yrym geçmişde galdy. Indi tüýkürýänem ýok ýüzüňe. Tüýkürende şonuň tüýkürenni soňra bilip galýanýalaram bar, ol başgaça. Tüýkürilsede ýüzüne, gülýänleri has başgaça. Tüýküreňde namys edýänleri has başga, umuman, tüýkürjek ýeriňi bilmeli. Ondada, aşak seredip! - diýär, ýanymdaky ýaşula şu mowzugy okap beremde. Menem ýazdym.
-
MARGARITA
3 years ago
- Okamaly etdiňiz muny :)
-
loveee_@
3 years ago
- MARGARITA okaber zyýany bolmaz
-
Yylgyn
3 years ago
- kici wagtym mamam enem gujagna alyp tuykurende yuzumi, yanagymy supuryanim yadyma dushup gitdi 😂
-
loveee_@
3 years ago
- hawa menem etýädim shona @Yylgyn
wagt 3 years ago- http://kitapcy.com/news/2018-10-15-2849