Ähli ýyldyzlar üçin Cosmopolitan-dan ýyllyk täleýnamasy.
Hamal
2021-nji ýylda eden işleriniň netijesi diňe Hamallara däl, eýsem onuň daş-töweregindäkilere-de has belli bolar. Bolan zatlaryň ählisi biderek bolmadygy mälim bolar, şonuň üçin biraz rahatlanyp we demiňizi dürsäp bilersiňiz: maddy ýa-da başga bähbitde ýüze çykjak has üýtgeşik netijä hut Öküz ýylynda ýetip bilmegiňiz örän ähtimaldyr. Astrologlaryň Hamallar üçin Öküz ýylynyň örän şowly hasaplamaklary ýöne ýerden däldir.
Sowur
Meýilleşdiren zatlaryny amal etmek üçin ýetmedik güýji Sowurlara hut Öküziň özi bermegi örän ähtimal, öň amala aşyrmak üçin ýetmedik hereketlendiriji güýç bolup öň gizlenip ýatan mümkinçilikler we zehinler 2021-nji ýylda ýüze çykar. Bu ýyldyzyň astynda doglan erkek adamlar we aýal maşgalalar başlan işleriniň aglaba böleginde we telekeçilikde üstünlik gazanarlar. Maksatlar dogry goýlan ýagdaýynda iş üstünlikleriň döwri geler.
Jöwza
Jowza ähli wajyp çözgütlere ünsli çemeleşmeli bolarlar – käbir faktorlary üns merkezinden düşüren halatynda bolsa, ýüze çykan ýagdaýy düzetmek üçin köp wagt sarp etmeli bolarlar. Öküz ähli täze başlangyçlara ýardam eder, sebäbi Jowzalar bu ýylda şowlylaryň hatarynda bolarlar, muňa garamazdan bütinleý Öküze daýanmak nädogry bolar, öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlasly çemeleşmeli bolarlar.
Seretan
2021-nji ýyl Seretanlar üçin üýtgeşmeleriň ýyllary bolmagy ahmal. Seretanlaryň pikirleri özgerer, olar bilen birlikde bolsa, köp zada – telekeçiligi ýöretmeklige, gatnaşyklaryna, dostluga bolan garaýyşlary hem üýtgär. Bu ýyl täze tanyşlyklaryň, öňki gatnaşyklaryň berkejek we ýol ugry däl adamlar bilen hoşlaşyljak döwür bolar. Seretanlaryň maşgala ýagdaýy durnukly bolar, düýpli özgertmelere garaşmagyň geregi ýokdur.
Ýolbars
Ýolbarslar çözmesi aňsat düşmejek meseleleriň çözgüdini özbaşdak kabul etmeli bolarlar. Bu jogapkärlik uly peýda getirer: telekeçilik ilerlär, derejäňiz artar, işleriňiz girdejili bolar. Wajyp işleriňizi näbelli möhlete goýmak ýerliksiz bolar, netijesi isleýşiňiz ýaly bolmasa-da, çözgüdi kabul etmek gerek. Bularyň ählisi gaharjaňlyga eltip, saglygyňyza täsirini ýetirip biler, şonuň üçin iň bolmanda kiçi zatlar üçin gaharlanmazlygy ýyldyzlar maslahat berýär.
Sünbüle
Iş ýeriňizde işlemeli, has anyk aýdanda örän köp zähmet çekmeli bolarsyňyz. Yhlaslaryňyzyň ählisi bahalandyrylar, ol dereje basgançagyňyzda ýokary çykmagyňyz, baýraga eýe bolmagyňyz bilen, işgärleriňiz arasynda sylag-hormat bilen aňladylyp bilner. Esasy zat – öz nokadyňyzy tutmak, öňe hereket edip, meýilnama boýunça hereket edip bellenen maksatlaryňyzdan yza dänmezligi ýyldyzlar maslahat berýär. Iň çykgynsyz ýagdaýda-da çykalganyň bardygyny unutmaň.
Mizan
Mizanlar Öküz ýylynda ähli zadyň özüne baglydygyny unutmaly däldirler. Dogry kabul edilen çözgütler baýraksyz galmaz, ýöne göýberilen ýalňyşlyklary düzetmek üçin birnäçe hepdeler, hat-da aýlar hem gerek bolar. Geljek täze ýylda täze belentliklere ýetmek mümkinçilikleriňiz bolar: ýokary wezipelere eýe bolup bilersiňiz, zähmet hakyňyzyň has hem ýokarlanmagyna dalaşgärlik edip bilersiňiz. Emma üstünlik siziň daş-töweregiňizdäkilere däl-de, özüňize bagly bolar. Astrologlar Mizanlar üçin şowly ýyl boljakdygyndan habar berýärler.
Akrap
Haýsy ugurdygyna garamazdan durmuşyňyzda bir zat üýtgetmek üçin töwekgelçilik etmegiňiz ýalňyşlyk etdigiňiz bolmaz. Üstünlik siziň tarapyňyzda bolar, iň gaýratly çözgüdiňiz hem dogry bolup çykar, ýöne daş-töweregiňizdäkiler muňa ýeterlikli baha bermezlikleri mümkin. Saýlanan ugruň dogrudygyny wagt subut eder, üýtgeşmeleriňizi wagtynda goldamadyk kärdeşleriňiz we ýakynlaryňyz Akraplaryň dürsligini kabul ederler. Maşgala islendik ýagdaýda-da erkek Akraplaryň tarapynda bolarlar.
Kowus
Kowuslaryň üstünligi olaryň kärdeşleri we hyzmatdaşlary bilen gatnaşygyny ýola goýmagy bilen bagly bolar. Ýola goýlan gatnaşyk ýokary sepgitlere ýetmeklige ýardam berer, düşünişmezlikler bolsa, tersine prosesiň haýal hereket etmegine getirer. Işiňiz ösmek bilen bolsa, netijesi haýran galdyryjy bolar. Maşgalasyz Kowuslar özüne laýyk taý tapynmak ähmtimallygy ýokarydyr, maşgalaly Kowuslar bolsa, öz ýoldaşlary bilen baglanşygyny duýarlar. Şowluluk – Kowuslar üçin ýetip gelýän ýylyň bir alamaty.
Jedi
Öňde goýlan maksatlara ýetmekde Jedileriň öňünde birnäçe päsgelçilikler duş geler. Isleglerine diňe ýakynlary we hyzmatdaşlary bilen gatnaşygyny gowy saklap päsgelçilikleri ýeňip geçenler ýetip biler. Iň esasy zatlary öňe çykaryp, ikinji derejeli zatlary ortadan aýyryp, ähmiýetli zatlary öňe çykarmak zerurdyr. Maşgala bular üçin goldaw daýanjy bolup hyzmat eder. Durmuşa çykmadyk Jedi üçin Öküz ýyly maşgala gurmak üçin gowy ýyllaryň biri hasaplanylýar.
Daluw
Daluwlar üçin Öküz ýyly döredijilikli ösüşiň, meýilleşdirilenlere ýetiljek, öz pikirlerini dünýä ýaýmakda mümkinçilikler ýyly bolar. Olar köpçülik tarapyndan gyzgyn garşy alynar, ýoň bolmadyk çözgütler bolsa, meseleleri çözmäge ýardam eder. Geljek ýylda Daluwlar iş we şahsy durmuş bilen bagly bolan ýakymly duýgulary başdan geçirerler.
Luw
2021-nji ýylda beýleki ýyldyzlara seredende has köp üstünliklere eýe bolup bilerler. Luwlar haýran galdyryjy iş başarjaňlygyny duýarlar, pikirler edil çüwdürim ýaly atylyp durar, bu pikirleriň amal bolmagy bolsa hakykat bolup görner.
Ýyldyzlara 2021-nji ýylda näme garaşýar?
-
loveee_@
3 years ago
- ha ýalan diyjek bolýanmy?
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Men ýalan hem dogry hem diýjek bolomok. Ýöne şu täleýnama diýen zada kän ynanamok-da
-
Agashka.
3 years ago
- Ynanýanlaram bar ynanmaýanlaram bar
-
Yylgyn
3 years ago
- +++++ spasiboo loveee
#Ailara
-
loveee_@
3 years ago
- не за что @Yylgyn
-
Yylgyn
3 years ago
- Salam loveee adynyz yylynz aydayyn kyn gormesnz
#Ailara
-
loveee_@
3 years ago
- adym Aýlar
-
loveee_@
3 years ago
- yylym 06
-
loveee_@
3 years ago
- gowmy szm
-
Yylgyn
3 years ago
- Daaa govi ozn naili?? atdaş hemem yyldaş ekenigä mnm Aylar 06)) sn nireden???
#Ailara
-
loveee_@
3 years ago
- Marydan
-
Yylgyn
3 years ago
- Mmmm oki
#Ailara
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @lovee ekizler haisy boliadai has turkmen dilinde tapmadym
-
loveee_@
3 years ago
- Jöwza senem ekizlermi
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @lovee hoala senemmi
-
Yylgyn
3 years ago
- Perhat aydypdyr men aytjak sozlerimi. cyndanam menden bashgada ynanmayan barmy shuna, mena kan bir ynanyp baramok
-
loveee_@
3 years ago
- aý onda-da okaber @Yylgyn
-
loveee_@
3 years ago
- hawa menem Jöwza Leýla
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @lovee doglan gunun hachan
-
umitkhann
3 years ago
- onem goyuldy bu
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @yylgyn aii mnm ynanamokdum vln dogry chykya uns beryan vln
-
loveee_@
3 years ago
- @lovee doglan gunun hachan
19 iýun
-
Нежная леди
3 years ago
- ++++++
-
#Güljemal_Ahmedovaa*
3 years ago
- Bul mowzugy @Men_we_Sen agza goydy
Perhat Sabirovv 3 years ago- Şu täleýnama diýen zadyñ dogrudygyna kepil geçýäñizmi?!