1)Köpüsi ýazýar: “men ejemjanyň guwanjy”, “men kakamyň buýsanjy”. Men bolsa çynym bilen aýdýan, men olar üçin “kelle agyry”

2)Eger-de öýüňiz ýanyp, požar bolaýsa, aljyramaň. Ilki bilen diwanyňyzy daşaryk çykaryň. Men bilen razylaşyberiň, ýangyn söndürüjilere diwanda oturyp garaşmak has oňaýlydyr.

3)Bir gün Mämmediň öýüne pişik girip ýaşamaga başlapdyr. Gelni, çagalary pişigi kowupdyrlar. Ýene gelipdir. Soň bu pişigi uzagraga zyňypdyrlar, ýene yzyna gelipdir.

Mämmediň nerwisi potologa diräpdir. Ol:

– Keýwany iýer ýaly zat sal, bu haýwany çöle zyňjak – diýip gidipdir. Dört-bäş sagatdan soň Mämmet çagalaryna jaň edipdir:

– Eý, pişik bardymy öýe?

– Hawa, häliräk geldi. Sen nirede?

– Sorasana şondan, yzyny nädip tapdyka, azaşdym-a men…

4)Çaga diýeniň düwmeli bolsa gowy, gudurap azar berse düwmesine basyp öçürer ýaly…

5)Men haýal ýazýan, sebäbi seniň çalt okap bilmeýändigiňi bilýän.

6)— Naharyň gyzgyndygyny!

— Aý, howwa, gyzgyndyr. Sebäbi otda bişdi-dä…

7)Kelläme papak geýsem owadan bolýan-aý, gözüme äýnek dakynsam-a hasam owadan bolýan. Ýüzüme şarf daňynaýsam dagy tanar ýaly bolamok. Aý, garaz, ýüzüm görünmedigiçe owadan bolýan-da…

8)— Ufff, ýene Pariže gidesim gelýär!

— Näme öň Pariže gitdiňmi?

— Ýok-la, öňem gidesim geldi-dä…

9)Pizzany döreden adam geometriýadan gaty gowy baş çykarýan bolmaly. Sebäbi ony tegelek edip, üçburç kesip, dörtburç gaba salmak kimiň kellesine gelsin?!

Sorag-jogap, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir