„Ýaryň bar eken...“
(aýdymdan)
Dünýäň hasratyndan daşlaşan çagym,
Birden söndi gitdi umyt çyragym,
Setirlere dökülip dur pyganym,
Dünýe pikir edişimden dar eken,
Wah, armanym...
Özge ýaryň bar eken.
Arzuwymdan gaýyp gitdiň, gara göz,
Gursagymy oýup gitdiň, gara göz,
Hoş hyýaldan taýyp gitdim, gara göz,
Asyl kalbyň yşkdan öňem gor eken,
Wah, armanym...
Özge ýaryň bar eken.
Eräp gitdim kiçi çilläň gary deý,
Üzlüp gitdim köne gyjak tary deý,
Öçdüm gitdim ömrüzaýaň nury deý,
Nar ýaňagyň özge yşkdan nar eken,
Wah, armanym...
Özge ýaryň bar eken.
Seni sen däl, özüm hasap eýledim,
Ömrüm çoýjak közüm hasap eýledim,
Garly gyşym, ýazym hasap eýledim,
Özbaşyňa gyşyň, ýazyň bar eken,
Wah, armanym...
Özge ýaryň bar eken.
Sapa HOMMADOW
Ýaryň bar eken
-
yashalym
3 years ago
- Soýgülin biwepalyk etdimi
-
Pegas
3 years ago
- @yashalym, goşgy awtoryň awtobiografiýasy däl. Goşgudan awtoryň özi barada informasiýa gözlenilmeli däl.
-
yashalym
3 years ago
- Jüllüklay pegas
-
Pegas
3 years ago
- @yashalym, indem başla porsap! Eneň-ataň özüňe beren terbiýesini bärde görkezýäň, tüweleme.
-
BeZZaT.
3 years ago
- Men şu wagt Sohbet jumaň yaryň bar eken aydymynyň sozlerimika dp geldim yone buda gowy asagyna adyňy yazmadyk bolsaňam tanardym yazyş stiliňden
-
Bibish
3 years ago
- gowy goshgy eken
-
Xyivenia
3 years ago
- Ellerinize saglyk yetirip durun Sapa aga
Arslanova.L_05 3 years ago- +++like