Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) dünýäniň soňky onýyllykdaky iň gowy futbolçylarynyň reýtingini düzdi. Bu barada matchtv.ru habar berdi.
Sanawda birinji orna "Barselonanyň" we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi mynasyp boldy. Ikinji ýeri “Ýuwentusyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeledi.
Ilkinji üçlügi "Barselonanyň" öňki oýunçysy Andres Iniesta ýapdy. Häzirki wagtda ýarymgoragçy Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparynda çykyş edýär.
IFFHS-e görä dünýä boýunça onýyllygyň iň gowy 10 futbolçysy:
1. Lionel Messi ("Barselona", ​​Argentina)
2. Kriştianu Ronaldu ("Ýuwentus", Portugaliýa)
3. Andres Iniesta ("Wissel Kobe", Ispaniýa)
4. Neýmar ("PSŽ", Braziliýa)
5. Serhio Ramos (Madridiň "Realy", Ispaniýa)
6. Manuel Noýer ("Bawariýa", Germaniýa)
7. Robert Lewandowski ("Bawariýa", Polşa)
8. Janluiji Buffon ("Ýuwentus", Italiýa)
9. Zlatan Ibrahimowiç ("Milan", Şwesiýa)
10. Luka Modriç (Madridiň "Realy", Horwatiýa)

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir