Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Men şu mowzukda başdan geçiren we başymyzdan geçip biläýjek kä wakalary ýazmakçy. Sizde-de ýazmaga oňaýlylary bar bolsa, şu ýerde ýazyp, biziň bn paýlaşmagyňyzy haýyş edýän! Ynha, men başlaýan başyny: 7-nji klasdakam(BTTM-e girmäkäm) klasymyzda jedirdäp ýören bir gyz bardy, häzir görsemem gaçaryn-laý ondan :) (Wiý, häzir ol durmuşa çykypdyr.) Klasymyzyň glawar(iň daýow) 2 gyzy bir gün gelip maňa şeýle diýipdiler: -Gyýw, Atamyradow, seniň pylana ýazan hatyňy olaryň küllerinden tapypdyrlar! Eý, şeýle bir gaharym geldi, ikisini klasymyzyň iň çetde tutulýan oglanlaryna deňäsim gelip gitdi :) Ýogsam, ikisem gelip, maňa az ýalbarmandylar "öý işiňi beräý!" diýip :) Diýjek bolýanym: ýa käbir gyzlar özlerine hat ýazypdyr diýdirjek bolýar, ýa-da başga gyzlar başga bir gyzy bu işde ulanyp, töhmet atjak bolýalar! Garaz, gynançly ýeri, gyzlardanam bar şeýle edýänleri. A asylly gyzlaram kän, men-ä şolara telpek goýýan! Hawa, telpek şeýle gözel, batyrgaý, namysly, medeniýetli we ynançly türkmen gyzlaryna!
Söýgi hat(lar)y?!
-
shahyr
16 years ago
B-aly TTM-da okaýarkam, obamyza-da gelip gidýärdim aram-aram. Şonda meniň "tumşugymyň ýokardalygyndan" gep edýän ekenler gyz klasdaşlarym. A men bolsa utanjymdan ýere giräýjek bolýardym ýeke özüm köçeden gidip barýarkam gyz klasdaş(lar)ymy göräýsem
şu yagday edil mende-de boldy, bir gaharym gelipday. Kiçi oglandym-da, ylgap barşyma tizligimi kesman agzyna bir mylçyldatjakdym birinin welin gaty çalt ylgapdyryn yetişmedim, geçip gitdim deninden :)
-
vePAŞkA
16 years ago
- yaman hezil edip yazypdym welin i-net gitdi..:D bor la..şu wagt bişip dur.. suw sep bug goyber bolup durun şu mahal.. son yazaryn da..:D
-
ata
16 years ago
- ha-ha, wepa, sende-de bolýarmaý :)
gynandym, oňatja edip güldirersiň-dä indikide.
Hä, birem, ägäräk bol indikiňde, ýazyp otyrkaň "sawe" etginiň aram-aram hemmesini yşaratlap, ýa-da word faýlynda ýazyp goý :)
-
ata
16 years ago
- Bu babatda 1 mysal bermek isleýän:
Meselem, bir oglan bir gyz bn gepleşýär diýeli. Oglanyň başga-da bir gyz bn gepleşýänini ýa gepleşmek isleýänini şol gyza ýa jorasyna başga joralary ýa tanyş gyzlary aýtsalar, onda şol gyz şol oglandan ýüz öwrüp biler, eger namysly bolsa. Sebäbi, ikinji bolmagy namysy bolan bir gyz, elbetde, islemez pikirimçe.
Indi, ýokardaky gyzlaryň maksady nämekä diýsek:
1- görüplik;
2- töhmet;
3- ýalan;
4- oýun;
5- bilesigelijilik;
6- arabozarlyk;
7- gysgançlyk;
8- synag
we ş.m. bolup biler.
ýokardakylaryň haýsy hem bolsa, eger şol ýagdaý çyn däl bolsa, şeýle diýip aýtmak dogry däl, pikirimçe.
Sebäbi, bir-birine garaýyşlary gowy bolan gyz-oglan hem bolsa, onda erbet täsiri bolup biler. Şu ýagdaýa sebäp bolýanlar üçinem, erbet länet bolmaly Biribar tarapyndan ýalňyş bilmeýän bolsam.
Ýene bir zat, 1-2 hadysda şeýle aýdylýar:
1- Ýalan ähli günäleriň başydyr;
2- Degişibem bolsa ýalan sözlemäň!
Ynha, görüşiňiz ýaly, şeýle söýgi hatlarymyş, ýa söýgi gürrüňlerimiş we ş.m. - dogry bilmeýän halyňyza ýanyna golaýlaşmak dogry we ahlakly däl!
Garaz, şu ýagdaýdan ägä boluň-dä, meň kiçiräk maslahatym!
-
ata
16 years ago
şu yagday edil mende-de boldy, bir gaharym gelipday. Kiçi oglandym-da, ylgap barşyma tizligimi kesman agzyna bir mylçyldatjakdym birinin welin gaty çalt ylgapdyryn yetişmedim, geçip gitdim deninden
,
ha-ha, şahyr, erbet ekeniň-laý :)
mende başga bir ýagdaý bolupdy:
Obada klasdaş oglan gulluga gidýärdi we şoň üçin bir ýygnanyşypdyk olaň öýlerinde, garaz, weçer-dä orsyçalasak :)
Şol wagt gulluga giden klasdaş oglanlaň köplüginden ýaňa, bary-ýogy 4 sanjak oglan bolup galaýypdyrys. Meni hem TÇ-de okap, oba 2-3 hepdeligine gelýänim üçin, myhman hökmünde işletmek islemediler. Oturan otagymyzda 20-30 sany gyz klasdaşym we oglanlardan ýekeje men. Eý, ynanmarsyňyz, utanyp ýüzümi ýerden galdyryp bilmän otyrdym nahar dyrmalan bolup. Şonda hälki ýokarda küllerinden meň söýgi haty tapylan gyzyň sesine meňzeş bir ses maňa seslendi, görere güýjimem ýokdy utanjymdan:
-Gyw, Atamyradow, bäriňe bakaý-da! (wakyr boldy gyzlar özaralarynda)
Eý, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy we gaharym gelip, gyzlara tarap seredip:
-Näme, ýüzümde aý barmy?! - diýip bildim diňeje we hasam utanyp he gaharlanyp, derrew daşaryk çykmak bn boldum!
Beýle-de boljak ekeni!
-
mylayym
16 years ago
- manada kicijik wagtlarym hat gelipdi, bay gaharym gelipda shonda, hat iberyar bir topar joralarym arasynda yeri beyle edip hat iberiler diysene hemme gyzlar bolup okayalar gulyaler menin ustumden, menem aldymda yyrtym yyrtym edipdim:) yok bolsanay diyip:)
-
agash55
16 years ago
- menem oba baranymda yuzumi ashak salyp yoreyan. bir gezek kocheden yorap baryarkam uyshup otyran gyzlaryn:" oglanyn yoreyshjigine bir seredin" sesi intagem gulagymdan gidenok sesimi chykaryp bilman yoluma dovam edipdim. Goryan velin guyzlaram kavagt oglanlar yalak godek bolyalar oydyan gyzlar jogap yazayyn hava yad yok diyip???
-
cendrillon
16 years ago
- gyzlar kopluk bolsalar,batyr bolyalar:)
shol uyshup oturan gyzlara yekelikde dushsan derrev lal achayyandyrlar:)
soygi hatlary diydiniz-ov,name yadyma dushya bu barada?
ikinji klasda vagtym sumkamdan bir oglanyn yazan hatyny tapypdyr doganym,nache vagtlap ustumden gulduler oydakiler,shol vakadan son okuvy gutaryancham gepleshmedim shol klasdashym bilen;
sumkama hich kimin elinem degdirmeyadim shondan son,bashga-da hat bolaymasyn diyip:)
-
ultimatum
16 years ago
- Menem shular yaly bashymdan gecen kop wakadan birini yazayyn
Turk mekdepde okayadym. Okuwdan Hormat hat alyp gelyadim cişip, Illere gorkezen bolyp :D
Uysip duran gyzlar: "Oglan a diplomyny alypdyr, bizede Huday yetirsin wahaha"
Goni yygnadym. Icimden diydim:"Bir bireden gelinsene erkek bolsanyz" :D
-
Maxat
15 years ago
- oylanma, düşünen bolsam arap bolayyn, nahili bolyaray ol?
-
Maxat
15 years ago
- ya dine seretdirjek bolup daşyndan bir zatlar dien boldylarmy
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Oýlanmanyñ pahotkasynyñ passyllar ýaly üýtgeýänini aýtjak bolandyrlar:)
-
Maxat
15 years ago
- ha şey diysene, яз, томус, гуйз diyen bolsa düşünerdim
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Menä pasyl sanaýalar diýip birinji gezek eshidýän.
Biz ts-ts-ts-ts diýip ses edýäs. Ýa-da shuu-shuuuu diýip sykylyk çalýas.:)
-
Cwetocek
14 years ago
- salam hemmelere!eeeee onler gaty gyzykly ekenlay bu sayt:-)
-
shaka
14 years ago
- Hä seýdiýse hmm
ata 16 years ago- başga bir ýagdaý bolsa:
B-aly TTM-da okaýarkam, obamyza-da gelip gidýärdim aram-aram. Şonda meniň "tumşugymyň ýokardalygyndan" gep edýän ekenler gyz klasdaşlarym. A men bolsa utanjymdan ýere giräýjek bolýardym ýeke özüm köçeden gidip barýarkam gyz klasdaş(lar)ymy göräýsem:)
ýokardaky ýaly söýgi hatyny ýazdyransoňlar-a, hasam birhili, ýygra bolupdyryn.
Söýgi-möýgi bardyram öýdemokdym-laý, gyz bardyram öýdemokdym.