Altymyrat Orazdurdyew Taryh seni yatdan çykarmady, 1969-da doglup, 1996-da aradan çykyar(27yaş) 1 sany Aziya altyn medaly(1994. yyl) 3 sany Yewropa altyn medaly(1989,90,91. yyl) 3 sany dünya altyn medaly(1989,90,93. yyl) 1 gezek dünya rekormeni(1993. yyl) ........... Altymyrat Orazdurdyew 1969-nji yylyn Oguz ayynyn 16-nda Turkmenistanyn Mary welayatyn Sakar-cage etrabynynyn Ak yap obasynda eneden bolyar.Altymyrat 6 erkek doganyn in kicisy. Ondan basga-da, 3 gyz dogany bar, jemi 9 caga. Oglanlaryn icinde in kicisi bolanson ol; "Birneme lalik seredildim" diyip yatlayar. Yone men ona lalik seredilmandigini bilyan Cagalykda iglije bolanson, sportsmen doganlary, gaytom, ony berk tutyardylar. Altymyrat 1979-1980-nji yllarda oz agasy, sport mugallymy Orazberdinin yolbascylygynda wolleybol, basketbol oyunlaryna gyzyklanyp baslayar. Ine, su yerde stanga gotermeklige alup gelen bir waka bolup gecyar. Hawa, su gunki yaly yadymda, Altymyrat kakasynyn Kyrky guni dunya indi-diyip, Altymyradyn mekdep internatda 5-6-7-8-klaslayrnda okadan mugallymy Rahman Soeg gurrun beryar. Orazdurdy diysen dayaw, guycli adamdy. Ol pagta bazasynda isleyan dowurlerinde arkasyna yukli puntyn yokarsyna cykyardy. Nahar iyende dagy bir kase gowurdak bilen yarty tegelek nany ilki gundeler, onsanam yoldaslary bilenden iyisip oturandyr. Ol seyle bolmalamdy. Sebabi onyn gowresi ony talap edyardi. Altymyradynam name gowres-a ejesine, guyjem kakasyna cekipdir. Men Altymyradyn yasayan, dync alyan, garbanyan otaglaryna syn edyarin. Otaglaryn icinin yonekeyligi hayran galdyryar. Koneje masyn halylaryn birki sanysy ona-muna atylan.Goze ilip duran bir uytgesik zat ek. Yone,her adimde gozene durtulip duran basga bir zat bar. Olam cempionyn enislerinin sayady bolan zatlar; wympeller, kuboklar, altyn medallar. Altymyradyn dync alyan otagynda, diwarda asylan halynyn yuzundaki etginjeklerin dunya cempiony dien ady hem gossan,dunyaninu uc gezek cempiony, Ewropanyn bolsa uc gezek cempiony dien ada mynasyp bolanlygy baradaky altyn medallar lowurdasyp dyrlar. In barkisi, garbanyshanada-da Altymyradyn Ewropa cempionatyna gatnasanlygy baradaky boyna asylyan sekili gornukli erde asylgy,onun yanynda bolsa, Turkmenistan bilim ministrliginin gutlag haty bar. Altymyratdan gep aljak bolsan, sabyrly bolmaly. Sebabi ol geplemsek oglan dal. Dine soragyna jogap beryar. Yone sol jogapdan onun salykatlylygy, yonekeyligi, sadalygy, sonun bilen birlikde, akyllygy nese-malim bildiryar... Yaslaryn arasynda Amerikada gecirilen dunya yarysynda cempion bolan Altymyrat sol yylky 1989-njy yyl Gresiyada geciriljek dunya cempionatynda gatnasmaga hukuk gazanyar.Onler ozi yaly yaslaryn arasynda bolup owrensenson, indi, ulylaryn arasyna dusmegi ony birneme cekindiryar, utandyryar. Indi Kuznecow, Kasanow yaly dunya belli stangacylar bilen yarysmaly bolyardy. Olar Altymyrada kan bir yuz bermeyardiler, gownyetmezcilik edyardiler.Belki, sondan bolmagam mumkin, Belki, uc sportsmenin dine birinin gitmeli bolyandygyndan bolmagam mumkin, Altymyrat diysen tolgynyp baslayar. Netijede, turgenlesikde ayagynyn damary cekip, yoremekden hem galyar.Uzak gije yatyp biman oturyp geciryar. Gozunin onunde oz ili, agalary,butin halky; diyip durlar.Ine, onson erinden galyp bilmesenem oz borjuny erine etirmek ucin ayaga galmaly bolyar. Altymyradyn onunde Kuznecowdan,Kasanowdan one dusup, eke-tak ( Oz agramy boyunca) Afina gitmegi ucin 207 kilogram stangany gotermek wezipesi duryardy. Ol agramy iki gezek alyp bilmandi.Ucunji gezek gotermage baryarka, Kuznecow gapdalyndan cykyp: , diyip ona gyjalat beryar. Sol gyjalat ucin Altymyrat hazir Kuznecow minntdar. Sebabi ol gyjalata galmajak bolup ahli guyjuni jemleyar we ayagynyn agyrsyna doz gelip , sol agramda goteryar. Seydibem, Afina dusyar. Afinyda ol basga agramda cykys edyan Bakuwly Suleymanow bilen bile bolyar. Gijesine: diyip, Alymyrat pikirlenip cykyar. Ertesi ir bilen, gijeki pikirlerini paylasmak ucin Suleymanowyn yanyna baryar welin, ol jayynda yok. Ol> diyyarler. Altymyrat sol yarysa gatnasmak ucin ozunin 5 kilogram agramyny gacyrmaly ekeni. Belki, Suleymanowyn yaramaz herekedi tasir edendir, belki ,oz onundaki borjy, jogapkarciligi, galybersede oz abrayy, Watanyn abrayy tasir edendir- sol duygular Altymyradyn agramyny 5 kilogram kemeldilyar. Sonca agramy kemeltmek ucin ozuni gor, nace gezek buga tutmaly, az iymeli, icmeli. Sol gezek ol dunyanin cempiyony bolup, Watanmyzyn abrayny gorady.
Altymyrat Orazdurdyew- türkmeniň buýsanjy
-
Maxat
16 years ago
- ALTYMYRADYM
Turkmen topragynda dogdy bir yyldyz,
Ol yyldyz berdasly-Altymyradym.
Suglasyn jahana cogdy bir yyldyz,
Ol kowum- gardasly, Altymyradym.
Hezret Dawudy cagyryp josdun,
Jahan rekordyna rekortlargosdun.,
Mes iner dek kukrap,Jeyhun dek dasdyn,
Bahar kimin josly, Altymyradym.
Cagalykdan cyn zahmetde gaynady,
Palwanlaryn demir oynun oynady.
Doganlary talim berdi boynady,
Yaslykdan gordusli, Altymyradyn.
Uc altyn medalyn eesi sensin.
Turkmen sportunyn soesi sensin
Goja Kopetdagyn gayasy sensin.
Yumry-demir dosli, Altymyradym.
Jankoerlen biribary cagyrdy,
Palwan doganlaryn korpe sagirdi.
Alem- jahan agirtlerin agirdi,
Hak yaratmys guycli, Altymyradyn.
Biribaryn ady dilinde bardyr,
Rustem Zal gusagy bilinde bardyr.
Kasamsam kuwwaaty golunda bardyr,
Basy tylla tacli, Altymyradym.
-
Maxat
16 years ago
- 1nji goşgyn awtory - HAJY KAKALYEW.
2nji goşgyn awtory - Meret Malikow,sport weterany.
Awtordan:
Bu gosgyny we Ewropanyn uc gezek cempiony Altymyrat Orazdurdyewin ejesi Oguldurdy ejanin adyndan yazmagym, goy, bizin ol sada zenanyn adynyn onunde, omrunin onunde bas egdigimiz bolsun. Uly-uly enisleri gazanyan ogullar,goy,ilki bilen,Ena tagzym etsin.Basynyza doneyin,kulli turkmen eneleri!Siz hemise beyik hormata, beyik sarpa mynasypsynyz! Altymyrat, ensin mubarek bolsun, howri kop bolsun,Olimpiya oyunlarynda, dunya cempionatlarynda, beyleki belent derejeli yaryslarda dowamlary bolsun! -Iki gezek Germaniyada,bir gezegem Eyranda cykys etdim. Iki gezek Germaniya kommerciya yarysyna gidenimde (oz hasabymyza) dine sol yarsa gatnasandygym ucin 2005 dollar tolediler.Olam yarysa gidenimi- gelenimi yapdy, harjy pul boldy. Eyrana gidenimde, enija 6mun dollar bayrak goyulyar diydiler. Yogsa-da, bizin Turkmenistanly jurnalistlermiz sol yarysy Aziyan cempionaty diyibem atlandyryp cykdylar. Yok, ol Eyranly belli stangacynyn hormatynn gya guralan halkara turnir. Yarysa baranymyzdan son, 6 mun dollar diyilyanin yalandygyny bilim galdyk. Yarysyzygy gacdy. Sonda-da ikinji eri aldym. Sol erdenem, Tahrandan Moskwa, Moskwadanam Berline bilet alyp Germaniya bardym. Kommerceya turnirin gatnasyp,birinji er alybam Watanyma gaydyp geldim.Gynansamam, gazetler Altymyrat Eyranda Aziya cempionatynda ikinji er aldy diyip yalnys yazyp. Germaniyada birinji eralandygym barada asla yazmadylaram.Sport ugrundan yazyan jurnalistler turnir bilen cempionatyn bir tapawudyny bilayseler.
-Yanky habarlaryn hic birem cykmandy, yone > yalnyslardan hasal dal. Bize sportun specifikasyny, ayratynlyklaryny icgin owrenmegin gerekdigine dusunyarin.
diyip sportun jankoerleri mana duydurdylar. Menem > diydim. > -diydim ...
Hawa, su gurrundeslikden son Altymyrat dunya cempionatyna, Awstraliya gitdi. Sonda ol ozune Ukrainadan jan edin palwandan ustun cykdy. Indi ol dunyanin uc gezek cempiony, uc grzegem Ewropanyn cempiony. Turmenlerde, dine bir bizde dal, dunya derejesinde agirt uly enise ee bolan eke-tak gercek! Dogrusy, uc gezek bassyr dunya cempiony bolan adam dunyade bardyr oydemizok, baram bolsa, barmak basyp sanaymaly bolsa gerek.
Berekella, Altymyrat!
Sen, Garassyz ulkamizin abrayyny dunya derejesinde goterip bildin! Berekella!...
Kitap capa tayyarlanyp yorka, Yaponiyanyn Hirosimo saherinden ene-de bir satlykly habar geldi. 12-nji Aziya sport oyunlarynda Altymyrat Orazdurdyew 76-kilogram agramda cykys edip Altyn medala mynasyp bolupdyr. Biz onun seyle boljagyna ynanyardyk. Entek-entekler palwan ozunin guyjuni gorkezer diyip ynamly aytsa bolar.
-
Maxat
16 years ago
- suratlar
-
Maxat
16 years ago
- wideo
Melbourne Australia, 1993. yyl - Altyn Medal
202.5kg - dünya rekordy
http://www.youtube.com/watch?v=PUvrKSdXRrY
wideodan kadrlar
-
Maxat
16 years ago
- çeşmeler
http://iatp.edu.tm/altymyrat
Saparmyradow Saparmyrat
http://www.chidlovski.net/liftup/l_athleteResult.asp?a_id=509
-
Maxat
16 years ago
- Agajan aga(Aa) gürrün beryar http://tmolympiad.org
şol makaladan ýadymda galanlardan (altymyrat barada).
şol interwýuda altymyrat gürrüň berýär. makalaň ady «altymyradyň ahmyry».
garaz, altymyrada gowy iýip-içmek üçin sportkomitet iýmit talonyny berýär. altymyradyň ol agramlary götermegi üçin nähili gurply iýmelidigini özüňiz bilýäňiz. umuman, altymyrady teke bazarda ýerleşýän ozalky awtostansiýaň naharhanasyna talon berýäler. şonda ol pahyr aýdýar «men ulumsylyk edip diýemok, ýöne ol awtowokzalyň naharhanasynda näme we nähili iýip içeýin? çuberekmi? fitçimi?.....» barmaýar ol ýerik naharlanmaga altymyrat.
sportkomitetiň planam şoldy. ýagny, altymyradyň iýmedik naharlaryny iýildi edip ur puly jübä.... utanç. bir sportsmeniň çöregini kesmek. (başga bir dosty ony gowy restoranlarda naharlamagy boyun alýar).
ýene mysal.
awstraliýa olimpiada gitmeli bolýar. hiç kim aladasyny edenoklar. diňe dostlaryň jany sag bolsun. bir söwdegär dosty sponsorlyk edip awstraliýa ugradýar. awstraliýa uçmak üçin ilki dubaýa uçmaly bolýar. sportkomitetdäkiler «hemme zat gowy. dubaýda seni garşylarlar ol ýerdenem awstraliýa ugradarlar» diýýärler. altymyrat we dosty dubaýa gonýar. ne garşylaýan bar ne-de ugradýan. ne dil bilýärler, ne-de ýene bir zat...
iş pyrryk. iki bolup «indi yzymyza gaýtmaly bolduk. gel şu aeroportdaky dükanlary gezmeläli» diýip güýmenýäler. ýöne sportkomitet kömek etmese-de kömek etjek Allah bar. ine bir dükända bulara (eýesi bolmagam mümkin) bir arabystanda ýaşap ýören asly owganly türkmen täjiri duşýar (altymyradyň türkmençe gürrüňlerini diňläp ony tanaýar). umuman, ol özünden we beýlekilerden kömek toplap altymyrady awstraliýa samolýoda mündirip goýberýär.
awstraliýada aeroportdan taksili ýaryş geçýän ýere gelýäler. gelseler olimpiadaň orgkomitetine türkmenistandan ne faks gelipdir ne-de başga zat. «biz size garaşamyzokdyk» boljar altymyradyň eşden jogaby.... soňra, ýaryşa göýberilýär we ýalňyşmaýan bolsam altyn medal eýeleýär.
iň utançsyz ýeri gelýär gürrüňiň.
altymyrat aşgabat aeroportyna gonýar. altyn medal bilen. utanman türkmen sport komitetiniň adamlary ony garşylaýarlar. ibermediňiz, kynçylyk döretdiňiz, iýmitinden kesdiňiz, indem eli gülli garşy alýalar.
soň jaý berjek diýişleri. altymyradyňam ejesini obadan getirip jaýyny görkezjek boluşy. beren açarlarynyň gapyny açmaýyşy. bulaşyklyklar. erbet täsirler....
----
gadyry bilinmeli biri aramyzda barka onuň gadyryny biljek bolaly.
-
CeriumOxide
16 years ago
- Maxatjan sagja bol!!! Azap edip ýazanyň üçin.
Ýazgyňy okap gözüm ýaşaryp gitdilaý! Altymyrat aga! sakaçägäň abraýydy! ol döwürler çagajykdyk, emma Altymydardyň her ýeňişine begenýärdik, Altymyrat biziň çagalyk gahrymanymyzdy, "ulalaňda näme bolasyň gelýär" diýenlerinde "altymyrat ýaly boljak" diýerdik!
Säkarçage etrabyndan köp köp beýik adamlar çykdy, olaryň iň meşhury Ataköpek Mergen, ikinji ýerde bolsa Altymyrat Aga.
aradan çykanda gaty gynanypdyk. Onuň ýaly güýçli adam nädip ölýäraý diýip pikir ederdik! gahrymanymyzyň ýatan ýeri ýagty jaýy jennet bolsyn!!!
-
Maxat
16 years ago
- düzeldiş: yokarda 1nji,2nji we 3nji yazgylarda diydi,diyip,diyende yaly sözlerin önündaki aydylan sözler yazgylarda çykmandyr(uludyr/kiçidir belgisinin arasynda yazylany üçin), originalyny
http://iatp.edu.tm/altymyrat
http://iatp.edu.tm/altymyrat/Berekella%20%20%20Altymyrat.htm
adreslerinden okap bilersiniz
-
CeriumOxide
16 years ago
-
CeriumOxide
16 years ago
- The 25 Greatest Sports Conspiracy Theories of All-Time kitabynda Altymyrat barada!
1992-nji ýylda Barcelonada!
öňki sssr-den Estonia, Latwiýa we Litwaniýadan beýleki 12 ýurt SNG(GDA) ady bilen gatnaşýar. We olaryň trenneri Russiýadan Wasiliý Alekseýew!
Ýaryşmada Altymyrat öňde(favorite) görkezilýärdi emma ýaryşma 15 minut galanda Alekseýew Altymyradyň ýaryşa gatnaşmajakdygyny aýtýar, Rus ibragim Samedowyň ýeňiji bolmagyny isleýärdi, emma Altymyradyň ony ozdurjagyny bilýärdi.
Altymyrat, kümüş medala razydygyny, Samedowdan öňe geçmejekdigini aýtsada Alekseýew Altymyrdayň gatnaşmagyna rugsat bermeýär. We samedow belaň sapynam alyp bilenok. We SNG medalsyz yzyna gaýtýar!
-
Achilles
16 years ago
sakarçägäň abraýydy!
Säkarçage etrabyndan köp köp beýik adamlar çykdy,
serdar, shul gurrunleri goyalynlan indi, hayyst senden.
-
CeriumOxide
16 years ago
- achilles!
Turkiýanyň bolu şäherine gidip gördüňmi?!
Niresine seretseň izzet baysal bolup dur!
sakarçägelileriňem öwünmäge, buýsanmaga haky bar!
agam! ýok ýerden şer gözlemäňsene!
özem men sakarçägeli däl!!!
-
agza
16 years ago
- kino yaly durmus yasapdyr
az yone manyly durmus
hormat sonun yaly adamlara(altymyrat, gulbaba,nury halmammedow.....)
altymyradyn mysalynda owrenenere zat kan
aramyzda su wagt hem nace oz ugrunda(sport, ylym, medeniyet...) altymyrat bolup biljek bar yone uns berilmedikleri ucin, oz ugrunda isleman(sowdada...)basga yerlerde curap, koyup gityarler
zehinleri, arzuwlary gursaklarynda galya
yokardaky yazgylara:sagbolsun.
jan berene jay bermeli
-
CeriumOxide
16 years ago
- Bir Pursat!
-
kakabay
16 years ago
- max sagja yazgylaň üçün.köpden bäri gözlap yöränjimi tapyp yazypsyň.
serdar üstdäki goyan videony nädip alyp bolarka...
-
Maxat
16 years ago
- kakabay, 93nji yyla degişli 3sany wideo bar
Altymyrat - Clip görnişinde
Altymyrat - Silkme(Jerk) - 8min
Altymyrat - Goparma(Snatch) - 8.45min
-
garagum
16 years ago
- yazgylary, videolary goyanynyz üçin sagjabolun. Altymyrat Türkmenin, Turkmenistanyn buysanjy.
-
Maxat
16 years ago
- bellik: yokardaky videolar .flv formatyndadyr, eger açyp bilmeseniz, "flv player" download etmeli bolarsynyz, galan zatlary "google-a" soraň
şol wideolaryn youtube-daki yerleri,
eger youtube-a girip bilmeyan bolsanyzam(meselem turkiyedakiler)
http://www.ctunnel.com/ sahypasynda aşakda adres yazylyan yerik aşakdaky linkleri yazyp girip bilersiniz
http://www.youtube.com/watch?v=PUvrKSdXRrY
http://www.youtube.com/watch?v=hD4nt-fuxS0
http://www.youtube.com/watch?v=0cBPLnMEjbA
-
CeriumOxide
16 years ago
- Maxat Wideolar üçin sag bol!!
Kakabay!
şu ýerden indirip bilersiň
-
Achilles
16 years ago
- ceriumoxide!
bah, biz indi turkiyanin bolu shaherine gora hereket etmelimi? :)
barde dowam edip oturmaly, sen mana maxadik@hotmail.com'a mail atyp goybersene, men bir iki sany aytjak zadym bar sana.
-
Harmandali
16 years ago
Kuznecow gapdalyndan cykyp: , diyip ona gyjalat beryar.
Name diyip gyjalat beryaray?
bilen bile bolyar. Gijesine: diyip, Alymyrat pikirlenip cykyar.
Name diyip pikirlenya?! Yene-de yazmansynyz!
Ol> diyyarler.
Name diyyaleray?!
Menem > diydim. > -diydim ...
name diydim diyipdiray?! Name uchin olaryn bir zatlar diyyan yerlerini yazanyzogay?!
Birem bu birinji yazgyny yazan kim?! Kim yatlap gechipdir?!
Pahyrjygy yaman kosapdirlerlay nejisler. Name uchin hemme gowy adamlar, talantly adamlar durmushda kosenyaka, olara hemishe adalatsyzlyklar dushya.
Son shol yaramadyk wagty name uchin operaciya zat etmedilerka?! Men eshdishime gora onki Prezident 25 mun $ beripdiremmishin operaciyasyna?!
-
Maxat
16 years ago
- Indi Kuznecow, Kasanow yaly dunya belli stangacylar bilen yarysmaly bolyardy. Olar Altymyrada kan bir yuz bermeyardiler, gownyetmezcilik edyardiler.Belki, sondan bolmagam mumkin, Belki, uc sportsmenin dine birinin gitmeli bolyandygyndan bolmagam mumkin, Altymyrat diysen tolgynyp baslayar. Netijede, turgenlesikde ayagynyn damary cekip, yoremekden hem galyar.Uzak gije yatyp biman oturyp geciryar. Gozunin onunde oz ili, agalary,butin halky; "Altymyrat biz sana ynanyarys, ustunlige garasyarys" diyip durlar.Ine, onson erinden galyp bilmesenem oz borjuny erine etirmek ucin ayaga galmaly bolyar. Altymyradyn onunde Kuznecowdan,Kasanowdan one dusup, eke-tak ( Oz agramy boyunca) Afina gitmegi ucin 207 kilogram stangany gotermek wezipesi duryardy. Ol agramy iki gezek alyp bilmandi.Ucunji gezek gotermage baryarka,
Kuznecow gapdalyndan cykyp: "Sen-a Afina gitmersin ", diyip ona gyjalat beryar. Sol gyjalat ucin Altymyrat hazir Kuznecow minntdar. Sebabi ol gyjalata galmajak bolup ahli guyjuni jemleyar we ayagynyn agyrsyna doz gelip , sol agramda goteryar. Seydibem, Afina dusyar. Afinyda ol basga agramda cykys edyan Bakuwly Suleymanow bilen bile bolyar. Gijesine: "Ozum asgynlyk ceksemem,Suleymanow Soyuzymyzyn abrayyny dunya yuzinde gorar" diyip, Alymyrat pikirlenip cykyar. Ertesi ir bilen, gijeki pikirlerini paylasmak ucin Suleymanowyn yanyna baryar welin, ol jayynda yok. Ol" Turkia gitdi" diyyarler.
"Tayyarlygyn su yagdayda bolsa, sana cempion bolaymak kyn duser " diyip sportun jankoerleri mana duydurdylar. Menem "Turgenlesik gecmesemem, bir adalyk gotererin" diydim. "Galanynam name, gormeli-da? Agalarymyn, dayylarymyn yuzuni gyzartmajak bolaryn" -diydim ...
ötünç: men bulary başga saytdan copy-paste etdim şonda şol aydylanlar barde çykmandyr, kan detallaryna girmayin yene sorag bermezin yaly)), umuman yokarda yokarda yene yazdym
Birem bu birinji yazgyny yazan kim?! Kim yatlap gechipdir?!
Saparmyradow Saparmyrat - Mary, Sakarcage,Koc, Asgabad,dom 12, kw 3
-
Bet
16 years ago
- Dünyade turkmenin abrayny galdyran EKEtak adama uly sarpa goyyaryn, Beyle adam hıch vagt yatdan cykmaz,
Yöne ...........yöne si barda onam özüniz bilyaniz..........
-
Nehir
16 years ago
- Maxat, sagja bol dost! Deňsiz-taýsyz pälwan Altymyrat hakynda ýazanlaryň üçin! Men Altymyrat hakynda kän bilmeýärdim. Seň ýazgylaryň meň gözýetimimi giňeltdi. Sagja bol!
Sport komitetiniň haramzada ýolbaşçylaryny çeýnäýesim gelýär. Wah, şolary tutup, gamçy bilen mazalyja ýençsedim diýýän-ä? Içim-ä sowadardym. Gül ýaly oglany kösäpdirler. Deýýuslar! Altymyrat pälwan indi hiç haçan gaýdyp gelmez. Barka gadyryny bilmeli ekenler. Biz türkmenleriň nejis bir häsiýeti bar. Şol häsiýetu aradan aýyrsak, onda biz adam bolýas. Ol häsiýet: görüpçilik. Gynansagam, bu häsiýet bizde bar. Bahylçylygyň soňuna çykmaly. Ýogsa, biz hiç wagtam adam bolmaýas. ýok bolsun göripler!!!
-
CeriumOxide
16 years ago
Güýji bilen dünýä dolan
awtor: ATAMYRAT ŞAGULY/Türkmenistan zaman gazedi
Arada öýmüze Beýik Britaniýadan bir uly hat geldi. Ony Mançester şäherinde ýaşaýan arkadaşymyz Bähmen Akatabaýy ýollapdyr. Hatyň gapdalynda Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde çykýan “San-Santinil” gazeti-de bar. Gazetiň esli ýerini “Türkmenleri dünýä tanadan gerçek Altymyrat Orazdurdyýewiň ýaşan ömri bütin dünýä nusgadyr” atly makala tutup dur. Ony amerikaly žurnalist Žud Kamilloun ýazypdyr. Makalanyň ortasynda belli ştangaçynyň suraty ýerleşdirilipdir.
Makalada dünýäniň 3 gezek we Ýewropanyň hem 3 gezek çempiony, dünýä meşhur türkmen gerçegi Altymyrat Orazdurdyýewiň ömür ýoly yzarlanylýardy. Geliň, ol makalanyň käbir ýerleri bilen tanyş bolalyň.
“...Meniň türkmen ştangaçysy, dünýäniň we Ýewropanyň 3 gezek çempiony demir goşarly Altymyrat Orazdurdyýew hakynda şu gazetde ilkinji çap edilen makalamdan bäri 19 ýyl geçipdir. Ol makalanyň ady “Sowet ýolbarsynyň akyla sygmajak ýeňşi” ady bilen 1989-njy ýylyň 28-nji maýynda çap edilipdi. Görüp otursam, ol bendäniň aradan çykanyna-da eýýäm 12 ýyl geçipdir.
Hawa, arada meni Nýu-Ýorkuň dünýä belli “World Sports” klubyna çagyrdylar. Ol ýerde dünýäde yz goýan türgenleriň Hatyra güni geçirilýän eken. Hatyra agşamynda maňa Altymyrat Orazdurdyýew hakynda çykyş etmegi tabşyrdylar. Meniň nobatym ýetende, uly tolgunma bilen söze başladym.
Altymyrat Orazdurdyýew Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Ak ýap” obasynda 1969-njy ýylda maşgalanyň dokuzynjy çagasy bolup, sadaja bir öýde dünýä inýär. Daş-töweregi aňňat-aňňat gum depeli, gumaksyja ýolly, ekinzarlykly ol oba heniz iglije bolup dünýä inen, 5 ýaşyna çenli ejesini emen, ikinji synpdan tä altynjy synpa çenli mallaryna ot ýygan, az-kem ulalansoň kolhoz işine gidip, traktoryň tirkegindäki bedre şekilli guýguja azot guýýançy, soň çaýçy bolup işlän bu çepiksije oglan bilen adynyň bütin dünýä doljagyny heniz bilmeýärdi.
Altymyrat okuwyny Aşgabadyň ýöriteleşdirilen sport mekdebinde dowam edýär. Okuwy tamamlap, ol Watan gullugyna gidýär. Ol ýerde sport rotasynda ştanga göterýär. “Dinamo” klubunyň hatarynda ýaşlaryň arasynda Amerikada geçirilen çempionatynda 19 ýaşly ýigit 75 kilogram agramda çykyş edip, birinjiligi eýeländen soň gullukdan boşadylýar. Soňra ol Aşgabatdaky bedenterbiýe institutynda okaýar. Şeýdip, ol Gresiýada dünýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanýar we Afinyda dünýäniň çempiony bolup Watanyna dolanyp gelýär. Altymyradyň tälimçisi, 33 ýyllap bu ugurda işlän,70-den gowrak sport ussatlaryny taýýarlan Bruno Abramýan ol hakda “Altymyrat ştangany agramy ýok ýaly edip, ýeňil galdyryp bilýär, bu bolsa ajaýyp türgeniň mümkinçiliginiň entek çäksizdigini aňladýar”diýýär.
1991-nji ýylda Altymyrat Orazdurdyýew ulularyň arasynda dünýäniň çempiony diýen ada eýe bolýar. Şonda oňa Aşgabatdan jaý bilen maşyn sowgat edýärler.
Wagt geçip, Olimpiýa oýunlary ýetip gelýär. Ýöne Barselonada geçiriljek şol Olimpiada dünýäniň iň güýçli gerçegi Altymyrat Orazdurdyýew, GDA-nyň agyr atletikaçylar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi bolup işlän W.Alekseýewiç sport sowetiniň rugsadyny alman, eden-etdiligi we özüniň-de şol ýaryşdan soň ýolbaşçy bolup bilmejegine göz ýetirip, gara nebsi üçin namart hereketlere ýüz urmagy netijesinde, göz-görtele namartlyk bilen ýaryşdan galdyrylýar. Bu ýaramaz hereketler gerçek ýigidiň biline urlan ýaly edýär. Ýöne gujur-gaýrat, tutanýerlilik, yhlas, ynam sil deýin möwç urup akyp barýan ýigidi togtadyp bilmeýär.
1994-nji ýylda ol Awstriýada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşýar. Şunlukda, her egninde adam oturaýmaly, çiginleri naw ýaly türkmeniň gerçek ýigidi bolgariýaly Iwan Teodorowdan 37.5, ýaponiýaly Kozuhiro Nishimuradan 65 kilogram köp göterip, ýagny, agyr atletikanyň iki görnüşi boýunça 357,5 kilogramy göterip, dünýä çempiony bolýar.
Pikir edip görüň! Bu akyla sygjak zat däl, 357,5 kilo! Beýle agramy göterip biljek gerçek ýer ýüzünde başga ýokdy.
Altymyrat Orazdurdyýew dünýäniň üç gezek çempiony, üç gezegem Ýewropanyň çempionydyr.Ol dünýä derejesinde ägirt uly ýeňşe eýe bolan ýeke-täk gerçekdir. Bassyr üç gezek dünýä çempiony bolan adam dünýäde başga ýokdur.
1996-njy ýyl türkmenleriň adyny arşa göteren Altymyrat Orazdurdyýew pany bilen hoşlaşdy. Ony önüp-ösen obasyndaky, şol gumaksyja köçesinden il-halk egninde göterip gonamçylyga alyp gitdiler. Bary-ýogy ýaşan 27 ýaşynyň içinde il-halkynyň, ýurdunyň, abraýynyň agyr keşigini egninde göterip gelen gerçek ýigit ýeke sapar, diňe şol sapar eginlere agram berdi...
Türkmenleri dünyä tanadan gerçek Altymyrat Orazdurdyýewiň ömri bütin dünýä nusgadyr...”
“San-Santinil” gazetinde ýerleşdirilen makalanyň gysgaça mazmuny şeýle. Makalanyň soňunda Hatyra agşamyna gatnaşan müňlerçe adamlaryň çykyşy bir gulaga öwrülip käsi gözi ýaşly, käsi buýsançly başyny aşak egip diňländigi hem-de türkmen gerçeginiň hatyrasyna mähelläniň ör turup, dymyşlyk edendigi aýdylýar.
Makalany tolgunman okamak mümkin däldi. Onsoň türkmeniň gerçek ogly hakynda pikir edip, öň ol hakynda aýdylan publisist Annamuhammet Nepesowyň “Altymyrat”diýen kitabyny, meşhur mirasgär Ümür Eseniň “Gaýrat goýazy gelende”, halypa žurnalist Baýram Sähedowyň “Başyňy belent tut, Altymyrat!”, žunalistler Ylýas Amangeldiň “Altyn medalyň arka tarapy”, Annamyrat Akyýewiň “Çempion bolmak kyn düşäýmese” atly makalalaryny, şahyr Hajy Kakalyýewiň “Altyn alman gelme, balam”, Meret Mälikowyň “Altymyradym” atly goşgularyny birlaý gözden geçirdim. Bularyň hemmesi Altymyradyň şöhratly ýoly hakynda söhbet açýardy.
Hawa, şu günki ýaly ýadymda, 1992-nji ýylyň ýagyşly-ýagmyrly güýz günleriniň biridi. Telewideniýede işleýärdim. Bu gün - Salama sataşaýyn diýdim-diýp, Altymyrat ýanyma geldi. Şonda ýüz-gözleri nurana, giň dünýä garaýyşly ýigit bilen söhbet edip birnäçe wagt oturdyk. Oň bilen söhbet etmek gyzyklydy, çünki onda öwrenere zat kändi. Ýyllar hatar gurap geçdi. 1996-njy ýylda Magtymguly günlerini bellemäge Beýik Britaniýa gitdik. Ana, şol ýerde-de bütin dünýäni sarsdyran ajy habar eşitdik, Altymyrat neresse ýogalypdyr... Iňlis tele-radio ýaýlymlary bu ajy habara gynanç bildirip, birnäçe sapar gepleşik berdi. Onsoň uçup gelişimize göni ol ýerden onuň aýatyna gidipdik. Şonda heýkeltaraş Meret Öwez onuň heýkelini ýasamaga niýet edinýändigini mälim etdi. Aradan köp wagt geçmänem heýkel taýyn boldy.
Men aram-aram þol heýkeliň ýanyna baryp oturyp gaýdýaryn. Heýkelde Magtymgulynyň “Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum indi” diýen ýörelgesine uýup ýaşan kebzesinde sök seribermeli, baldyrlary juwazlyk ýaly, döşi birnäçe medally Altymyrat Orazdurdyýew ellerini ýaýyp agyr daşlary göterip dur. Ol pursat Ýewropanyň we Dünýäniň üç gezek çempionynyň ýeňiş jarnamasydy.
Ol pursat Türkmeniň äleme äşgär tanalmagynyň beýannamasydy.
-
kombat
16 years ago
- başga çempionlar az bolansoň, altymyrat has öňe çykýar. ýöne şoň baram bir gowy zat. bizdenem çempion çykjak ekeni diýip ynanmaga.
-
daKING
16 years ago
- Altymarat yaly adamlar 100yyldan 1gezek dogulyar.Ol shon yaly agyr shertlerde champion bolup bilipdir.Oňa diňe tüweleme diyaymek galyar.Yöne name üchin has gich gitmeli adamlar gaty ir aradan chykyar?
-
Goool
14 years ago
- altymyrat orazdurdyyew - beyik adam, beyik sportsmen! beyikler ölenok, ol biziñ yüregimizde yashayar!.. 27 yash - sheyle uly derejelere yetmek ücin örän kici yash, özem sheyle agyr shertlerde... Wahhh birje yetmeyan zady olimpiya cempiony däl, shol haramzada, nebisine hay diyip bilmeyan trenirsumagyñ altymarady yaryshdan galdyrmaga nadip yüregi etdikä?.. Ay borda her gezek barselona-92 olimpiadasy barada bir zat görsem, yada bir zat eshtsem altymyrat orazdurdyyew yadyma düshüp aagym tutyar...
Altymyrat aga - yatan yeriñ yagty bolsun!!! Jayyñ jennetden bolsun!!!
-
Goool
14 years ago
- Öyde bir diskim bardy tapamok shuwagt, altymyradyñ hem-de gulbabanyñ ömri barada cykarylan dokumentalny filmiñ diski bardy. Yaman gyzykly film. Mojet arañyzda görenleriñizem bardyr. filmiñ soñyny barselona-92 olimpiadasy baradaky yatlama bilen jemlapdirler, shonda altymyradyñ bu yaryshdan ayyrlandygy baradaky habary eshdip gözi yashly barselonañ köcelerinde yeke aylanyp yörshüni göreñde aagyñ tutup gidya...
-
Crash
14 years ago
- altymyrat orazdurdyyew ol menin gonshym diysemem bolya aramyzda 4 jay bar...
-
kalendar
14 years ago
- ýatan ýeriň ýagty bolsyn altymyrat aga
-
Bravo
14 years ago
- Aydylanlara menem goshulyan!
-
Koneurgenchli
11 years ago
- tuweleme tuweleme turkmeni dunya yuzune tanadypdyr munyn yaly palvan gerchekler adamlaryn anynda yureginde baky galyalar. .
-
gadymypaytagt
11 years ago
- yatann yeri yagty bolsun
-
Jemka91
11 years ago
- Mekanyng jennetden bolsun, $onca ûstûnligi(kyncylygy) gysga ömúre sygdyryp bilipsing...
Nähili wepat bolanlygy hakynda ýokarda maglumat ýok :( bilýän bolsangyz ýazaýyngda
-
phenomen2
11 years ago
- bir soz bilen aydan-da dirika "legenda" bolan adam...
Maxat 16 years ago- Alla sana kuwwat bersin,
Altymyrat!
Hawa Altymyrat, dine bir senin bokurdygyn dolup, gozlerin yas aylanandyr oytme, begenjimize bizin ahlimizin bokurdagymyz doldy.
Bu pursatda Sakarcage etrabynn dayhan birlesiginde yasayan mahriban hosarlaryn, dost- yarlary, butin Mary welayatyny, Turkmenistanyn ilaty senin begenjini gen paylasdy. Seyle satlykly pursatda, ilkinji nobatda, ata Watan yada dusjek ekeni !Nenen onsan bozulmajak....
Senin bu yenislerin bagsy- sazandalarym, sahyrlary josdylar. Sahyr Hajy Kakalyew Altymyrada bagyslap (Altyn alman gelme, balam) Turkmenistan gazeti (25/xi-1993 y) bir gosgy yazypdyr. Sport weterany Meret Malikow hem josupdyr ( gazeti 18-111-1994 y) Sol gosgulary hodurleyarin
Altyn Alman gelme, balam
Yarys sary ucar boldun,
Altymyrat alman gelme,balam!
Enis diyip gocer boldun,
Altyn alma gelme,balam!
Turkmen ilin-arkadagyn,
Asyl kokun,samcyragyn.
Hos bolsun senden,ylayym,
Altyn alman gelme,balam!
Sen yat erde,uzak ilde,
Menin munda gozum yolda,
Bu zatlar bardyr ykbalda,
Altyn alman gelme, balam!
Menin balam bir burgutdir.
Balam yaly ogul gytdyr.
Enenden sana sargytdyr,
Oguldurdydan sargytdyr,
Sargydym bek belle, balam,
Altyn alman gelme,balam!
Korpe guzym, konul badym,
Esit meni, yakyn-yadym,
Altyjanym-gowun sadym,
Altyn alman gelme, balam!