MEŞHUR ÝAZYJYLARYÑ WE AKYLDARLARYÑ AÝAL-GYZLAR HAKYNDA AÝDAN SÖZLERI
"On sany agzym, on sany dilim bolsa-da, aýallaryñ erkeklerden pul çilmek üçin edýän oýunlaryny sanap ýetişip bilmerin".
Owidiý
* * *
"Şemler bir sönensoñ, hemme aýallaram owadan..."
Plutarh
* * *
"Gabanjañ aýalyñ gahar-gazaba ýugrulan gargyşy adamy guduzlan itden has beter zaýalaýar".
Uilýam Şekspir
* * *
"Aýallaryñ gözýaşyndan has çalt kepeýän zat ýok".
Jon Uebster
* * *
"Ar-namysly zenanlaryñ köpüsi indelmänsoñ, üstünden barylman ýatan hazynalara meñzeýär".
Fransua de Laroşfuko
* * *
"Zenanlar mydama çakdan aşmaga meýilli, olar erkeklerden ýa has gowy, ýa-da has erbet".
Žan de Labruýer
* * *
"Zenan size ýüregini bermänem görsün, şonda onuñ teniniñ beýleki ýerlerinden özüñizi hiç haçanam halas edip bilmersiñiz".
Jon Wanbru
* * *
"Erkek bagtly durmuşdan lezzet alýar, aýal bolsa berýän bagtyndan".
Pýer Şoderlo de Laklo
* * *
"Urkaçy jandaryñ iñ uly ýalñyşy - adalat duýgusynyñ ýoklugydyr".
Artur Şopengauer
* * *
"Garaşsyzlyk deklarasiýasynda" öñe sürülýän pikirleriñ adamzadyñ ýarsy bilen hiç hili baglanyşygynyñ ýoklugy akyla sygjak zatmy?"
Harriýet Martino
* * *
"Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr".
Oskar Waýld
* * *
"Bir zenan öz ýaşytdaş erkeginden hemişe ýaş görünýändir".
Elizabet Barrett Brauning
* * *
"Zenan - Hudaýyñ ikinji ýalñyşlygydy".
Fridrih Nişse
* * *
"Garakçylar ýa puluñy alar ýa janyñy, aýallar onuñ ikisinem alar".
Semýuel Batler
* * *
"Hakyky ýaşyny aýdan aýala hiç haçan bil baglamañ. Ýaşyny dogry aýdan aýaldan her zada garaşyberiñ".
Oskar Waýld
* * *
"Otuz ýyllap zenan ruhy bilen gyzyklanandygyma garamazdan häzirki wagta çenli jogabyny tapmadyk bir soragym bar: Aýal näme isleýär?"
Zigmund Freýd
* * *
"Ne gözellik, ne-de dilewarlyk. Käbir aýallar seýkin basyp şeýle bir ýöreýärler welin, adamyñ aklyny başyndan uçurýarlar".
Redýard Kipling
* * *
"Owadan aýallary hyýaly güýji bolmadyk erkeklere berip görsek näder?"
Marsel Prust
* * *
"Hudaý erkegi ýaradanda onuñ ýeterlik derejede ýalñyz däldigini gördi we özüni hasam ýalñyz duýsun diýip oña bir taý ýaratdy".
Pol Waleri
* * *
"Köp zenan suratlandyrylyşy ýaly ýaş däl".
Maks Birbom
* * *
"Kyrk bäşinde owadan aýaldy, soñam uzak wagtlap şeýleligine galaýjak ýalydy".
Anita Brukner
* * *
"Erkek bilen bagtly ýaşajak bolsañ, oña köpräk düşünip azrak söýjek bolmaly. Aýal bilen bagtly ýaşajak bolsañ ony köpräk söýüp düşünmezlige çalyşmaly".
Elen Roulend
* * *
"Zenanlar rewolýusiýanam, rewolýusionerlerem ýigrenýär. Olar ýuwaş gylykly, bankda işleýän we nahar wagtyndan gijä galman öýe gelýän erkekleri gowy görýärler".
Genri Luis Menken
* * *
"Aýallar bilen erkekler iñ bolmanda bir meselede birleşýärler: Olaryñ ikisi-de aýallara ynanmaýar".
Genri Luis Menken
* * *
"Zenanlar ençeme asyrlardan bäri erkegi tebigy keşbinden iki esse uly görkezme güýjüne we jadysyna eýe aýna mysalydyr".
Wirjiniýa Wulf
* * *
"Aýallar erkekleriñ tersine - ilki söýýärler, soñ isleýärler".
Anri de Monterlan
* * *
"Aýal bolup dogulmaýar, aýal bolunýar".
Simona de Bowuar
* * *
"Aýal bilen diñe üç zady etmek mümkin: Ony söýüp bilersiñiz, onuñ zaryny çekip bilersiñiz, birem ony edebiýatlaşdyryp bilersiñiz".
Lorens Darrell
* * *
"Zenana menden beter bendiwan bardyr öýdemok: munuñ elimde birnäçe delili bar".
Alan Jeý Lerner
* * *
"Sudda ýüzbe-ýüz bolýançañyz bir aýaly hiçem tanap bilmersiñiz".
Norman Meýler
* * *
"Erkekleriñ derdi aýallarynkydan has köp. Olar hemme zatdan ötri aýallaryñ näzine çydamaly".
Fransuaza Sagan
* * *
"Aýal adamsynyñ ýygy-ýygydan atýan ýomaklaryna her sapar gülen bolup oña dönüklik edýär. Aýalyna garap: "Men sensiz nädip oñaryn?" diýýän erkegiñ bireýýäm işi gaýdandyr".
Žermen Grir
* * *
"Menden sorar bolsañ, azgyn heleýi diñlemäñ.
Aşygyna sözlänin suwa, şemala ýazmañ".
Gaý Waleriý Katull
* * *
"Aýallaryñ hemmesi iru-giç ejelerine meñzeýär. Bu olaryñ tragediýasydyr. Hiç bir erkek ejesine meñzemeýär. Bu hem onuñ tragediýasydyr".
Oskar Waýld
Toplan we terjime eden: Has TÜRKMEN.
http://kitapcy.com/news/2020-03-09-10738
Meşhur ýazyjylaryñ we akyldarlaryñ aýal-gyzlar hakynda aýdanlary
-
Diospyros
3 years ago
- Hudaý erkegi aslynda garalawjy ýaly ýasapdyr
Aýaly bolsa sünnalap taraşlap gussanman ýaşapdyr
Muny gören erkek adam agzyny açyp aňkarlyp galypdyr
We bu hakykat hazirki dowurde hem erkek adam owadan aýal gorse agzyny açyp gozini aýyrman aňkarlyp durýar (bu degişmedir gaty goraýmaň erkekler: )
-
yashalym
3 years ago
- Bolýa sen akylly alym ekenin inni ýazmany bes et osrak
-
wagt
3 years ago
- @yashalym, saña bir zat aýdaýyn: bärde akyllysyraýanam ýok, alymsyraýanam ýok. Ýaşlaryñ peýdalanyp, düşünjesini, gözýetimini giñeldip biläýjek gowy zatlaryny paýlaşýas. Bolany.
Seniñ we saña meñzeş biriniñ başga bir kişiniñ edyän gowy işine "bes et" diýmäge hakyñam yok, hukugyñam. Bul-a entek gowy zat eken, erbet zady yayradyanlara "bes et" diylende edyälermi? Şoñ ü.n bu gülkünç buýrugyñy yel çykýan ýeriñe dykyp goysañ gowy bolardy.
"Osrak" sözüñe berjek jogabym yok... Alma, nar, limon sirkelerini nahara yanap iymegi maslahat beryärin, şonda içiñ yeli kem-kemden aýrylar... )
-
@Resul
3 years ago
- Köpūsi dogry
-
Mecnun
3 years ago
- gaty hakykada yakyn sozler
-
yekejam.
3 years ago
- +++ kopusi dogry esasanam 1 bilen 4
-
yekejam.
3 years ago
- +++ kopusi dogry esasanam 1 bilen 4
-
A93
3 years ago
- Soňky on günlükde okan iň gowy postum. Terjime edene we ýetirene köp-köp minnetdar...
-
Razymy?
3 years ago
- Diospyros' shu yazanlaryñ jany barmy, okadynmy kitapda?
Hudaý erkegi aslynda garalawjy ýaly ýasapdyr
Aýaly bolsa sünnalap taraşlap gussanman ýaşapdyr
Diospyros 3 years ago- (Erkek bagtly durmuşdan lezzet alýar, aýal bolsa berýän bagtyndan".)
Şuňa jogap
Erkek aýalyň bişiren naharyndan lezzet alýar, aýal bolsa erkegiň berýän pulyndan