Salam talyplañ agzybir agzalary. Şugunler iş köpräk bolonsoñ kän girip bilemok. Eger-de geçen gezekki psihologiýa blogumuzda Dežawýu, Žamewýu, we Preskewýu duýgulary barada materiýaly jemlän bolsak, onda bu gezekki sanymyzda agzalaryñ tekliplerini nazara alyp ol psihologik duýgularyñ sebäpleri barada agzap geçeris ! (Eger-de kim-de kim bu duýgularyñ asyl özenini bilmeýän bolsa, geçen gezekki psihologiýa blogumuza girip giñişleýin maglumatlar bilen tanyşyp bilersiñiz, bu gezekki materiýal diñe sebäpleri barada bolor)

1. Dežawýu - bu duýgynyñ döremeginiñ sebäbi dürli alymlañ çaklamalaryna göra beýni näsazlyklary netijesinde döreýän duýgydyr. Angliýadaky "Lids" uniwersitetiniñ psihology Kris Muleniñ aýtmagyna görä, Dežawýu beýniniñ käbir bölümleriniñ ýalñyş işlemegi netijesinde, ýagny beýniniñ neýron sistemasynda adam añyna kabul edilýän täze maglumatlar bilen ýatlamalaryñ arasyndaky garyşygyñ ýüze çykmagy netijesinde döreýär, we az wagtlyk birinji gezek gören adamymyzy, ýa-da birinji gezek gören ýerlerimizi öñem gören ýaly duýgulary başdan geçirýäris. Umuman aýdanymyzda Dežawýu beýni bölümleriniñ näsazlygy netijesinde emele gelýän psihologik duýgydyr.

2. Žamewýu - munuñ sebäbini geçen gezekki blogumuzzada aýdypdyk, hemme adamda ýüze çykanok, diñe epilepsiýa bilen kesellän adamlarda, ýagny beýni pristup beren adamlarda ýüze çykýar diýip. Pristupdan soñ beýniniñ añ akyl huş bölüminde häzirki bolup gecýän hadysalar bilen, bolup geçen uzak wagtlaýyn hadysalaryñ arasy bozulýar. Netijede size öñ tanyş adamlar, tanyş däl ýaly. Gören ýerleriñizi öñ görmedik ýaly duýgylary başdan geçirýärsiniz.

3. Preskewýu - "Dilimiñ ujunda" ýagny anyk bilýän zadyñyzyñ gysga wagtlaýyn ýatdan çykmagy. Bu duýgynyñ döremeginiñ bir näçe sebäpleri bolup biler.
1) Beýnidaki maglumatyñ bloklanmagy, ýagny aýtjak bolup duran zadyñ, aýtjak wagtyñ beýnä başga maglumat gelip, öñki aýtjak maglumatyñyzy bloklaýa we aýtjak zadyñyzy wagtlaýyn beýniniñ neýron sistemasynyñ añ bölüminden maglumaty wagtlaýyn togtadýar.
2) Uly ýaşdaky adamlaryñ ýaşy gidişdigiçe beýniniñ añ, akyl, huş, ýatkeşlik bölümindäki maglumatlaryñ köpelmegi netijesinde, kynçylyk döreýär we gysga wagtlaýyn ýatdan çykmagy emele gelýär.
3) Ýatdan çykarylan sözüñ ýa-da adyñ beýleki sözlerden, ýa-da atlardan az ulanylmagy.
Preskewýunyñ sebäbi barada awstraliýaly psiholog Zigmund Freýd hem gysgaça aýdyp geçipdir. Onuñ aýtmagyna görä gysga wagtlaýyn ýatdan çykarylýan sözler ýa-da atlar nämedir bir erwet hadysalar ýa-da haýsydyr bir howsalaly ýagdaýlar bilen bagly bolup biler. Ýagny, adam hemişe durmuşunda bolup geçen erwet hadysalary tiz unutjak bolýar we o barada hiç haçan ýatlamajak bolýar, diýip Freýd belläp geçýär.
Çeşmeler: www.ostepathy.net.
www.brianapps.ru
www.psychologies.ru
Psihologik materiýaly toplan: Dogrudawalla

Bilim, Dogrudawalla tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir