ZENANLAR TARAPYNDAN OÝLANYP TAPYLAN ZATLAR
Öňräk üç-dört sany oglan bolup otyrkak birden bir mesele ýüze çykdy: Zenanlar dünýä belli açyşlar edip gördülermikä?! Hemmeler dymdy. Dogrusy biz olar baradaky maglumatlary bilmeýärdik. Şondan köp wagt geçmänkä meniň birnäçe maglumatlar elime düşdi. Zenanlaram dünýä belli açyşlar edip bilýärler eken. Geliň bilelikde öwreneliň!
***
1845-nji ýylda Periskop tehnologiýasyny Sara Meter atly zenan oýlap tapdy. Periskop ýerasty gämilerde bolup, ol gäminiň öňünde uly göwrümli bir päsgelçiligiň barlygyny we şoňa çenli aralygy ölçeýär.
***
Asman jisimleriniň koordinatasyny ölçeýän guraly zenan alym, filosof, astronom Gipatiýa Aleksandriskaýa tarapyndan biziň eramyzdan öň 370-nji ýylda oýlanyp tapyldy. Guralyň ady – Astrolýabiýa.
***
Etli konserwa 1873-nji ýylda rus zenany Nadežda Kožina tarapyndan oýlanyp tapyldy. Onuň bu üstünligi üçin Wenada geçirilen halkara sergide medal bilen sylaglandy. Bu oýlap tapyşyň ähmiýeti örän ulydy. Esasanam esgerler üçin.
***
Wezipesi ýönekeýje kätip bolan bir zenan 1892-nji ýylda ilkinji bolup gar arassalaýjy maşyn ýygnamagy başardy.
***
Gap ýuwujy maşyn ilkinji gezek 1886-nji ýylda Josefa Kokreýn tarapyndan oýlanyp tapyldy.
***
Býustgalter – 1889-nji ýylda Ermini Kadol atly zenan tarapyndan Parižde geçirilen uly sergä çykaryldy we şöhratlanmagy başardy.
***
Çaganyň arlygy ilkinji gezek Mariana Donawan tarapyndan hödürlendi we beýleki döwletlerde hem çaga arlygynyň ulanyp başlamagyna getirdi.
***
Maşynyň öňki aýnasyndaky gar-ýagyşy süpürüji (стеклоочиститель) hem 1903-nji ýylda Meri Anderson tarapyndan oýlanyp tapyldy.
***
Awtomobilleriň gulşiteli hem 1917-nji ýylda Dolores Jons atly zenan tarapyndan oýlanyp tapyldy.
***
Goraýjy geýim (бронежилеть) 1965-nji ýylda doktor Stefani Kwolek tarapyndan oýlanyp tapyldy.
***
Internet ulgamyny bir wagtyň özünde birnäçe adamyň peýdalanyp bilmegine mümkinçilik berýän WI FI ulgamy hem alym zenan Hedi Lammar tarapyndan 1941-nji ýylda oýlanyp tapyldy.
http://kitapcy.com/news/2018-11-12-3336
Zenanlar tarapyndan oýlanyp tapylan zatlar
-
Lagly
3 years ago
- Mary Kyuriniem yatdan cykarman
-
Gürgençli
3 years ago
- Kitapçyda dowamyny goýmadyk eserleriň kän şolary doly paýlaşyp onsoň göç göçseňem😐
-
wagt
3 years ago
- Kitapçyny saña ynandym :)
-
@Resul
3 years ago
- @wagt zenanlar bilen gidişyäñow
+
-
wagt
3 years ago
- Goyjak olaram, az owlak düzetmeli yerleri bar.
-
wagt
3 years ago
- Hiç kim b.nem gidişemok. Ynsan bolam ynsana jynsyna garamazdan hormat-sarpa goýmagy ündemek her kime parzdyr. Onda-da talyplar.com yaly edepsiz çagalaryñ ûyşen yerinde. )
-
wagt
3 years ago
- *bolan
-
Diospyros
3 years ago
- Zenanlar zordyr gorseň
-
.vkus.granata.
3 years ago
- Arlyk diýeniňe soň düşündimä, gözöňüme gundalýan arlyk geldi ilki, häzirki podguzniklere aýdýan ekeniňä
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Onda-da talyplar.com yaly edepsiz çagalaryñ ûyşen yerinde. )@wagt karoçi edepsiz çaga aslynda sen?
Hiç zat diýmeseň başyňada çykýa bu sen nälaý ?
Her kim hem ilki aýna garap soň gürlese gou bolardy
-
A93
3 years ago
- Gazetleň birinde okapdym
-
MARGARITA
3 years ago
- Gyzykly maglumatlar. Buýsandyryjy faktlar.
-
Feminist
3 years ago
- @wagt ,kop sag bol seyle mozwuklary cagalan kopculigine yetiryanin ucin!!!!lllkabir oglanlar gyzlaryn samsykdygyny we olaryn acys etmage ukybynyn yokduguny nygtayarlar.Seyle gurrundeslik oz durmusymda bolup gecdi.Onki dowurlerde gyz masgalanyn osmegi okamagy ucin sertler yokdy.Meselem kabir yurtlarda gyz dogulan wagty diriligine gomyardiler.Seyle situasiyalarda gy masgalanyn osmegi,acysh etmegi sizin pikirinizcede mumkinmi???
Gürgençli 3 years ago- Kitapçydan otpuska alyp bärik göçdüň öýdýän, Has eke?:)