Sözlerim ýetmez söýgim aýtmaga
Güýjim hem ýetmez yza gaýtmaga.
Şunça wagt garaşdym saňa ýetmäge,
Ýürekdäki söýgimi, saňa aýtmaga.


Wagtam ýetipdi belli bir çene,
Sen dolanyp gelermiň yzyňa ýene.
Şol öňki wagt, şol öňki sene,
Duşuşyga geldim, garaşýan ýene.


Diňe men garaşýan, gelersiň diýip,
Beren wadaňda durarsyň diýip,
Bu durmuşda ýeketäk men seni söýüp,
Garaşaryn ölünçäm, söýgiňi duýup.

Awtorlary:@Arzuwum we @Baylyyew
Bägül Baýramowa we Çerkez Baýlyýew

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir