Bir himiýa mugallymy, professor özüniň ýiti zehinine we ukyp-başarnygyna görä, Nobel baýragy bilen
sylaglanýar. Günleriň bir güni ol sapak okatmaga baranynda, bir talyby ondan:
— Hormatly professor, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda üç müňden gowrak ylym adamy barka, Nobel
baýragyny näme üçin size mynasyp gördüler? Sizi
beýlekilerden tapawutlandyrýan aýratynlyk nämede?
— diýip sorapdyr.
Soragy diňlän professor bu üýtgeşik sowala:
— Hawa, dogrusyny aýtmaly bolsa, şu zatlar üçin
men ejeme hoşal bolmaly. Sebäbi ejem men okuwçykam, başgalaryň ejeleriniň soraýan zatlaryny menden
üýtgeşik edip sorardy — diýýär. — Başgalaryň ejesi:
«Oglum, gyzym, aýt hany, mugallymyň beren soraglaryna gowy jogap berip bildiňizmi?» diýip soraýan
bolsa, meniň ejem: «Sen bu gün mugallymyňa nähili
sorag berdiň?» diýip sorardy. Ine, meniň beýlekilerden tapawutly tarapym. Şondan soň men hemişe-de
soramagy we bilmedik zatlarymy sorap öwrenmegi
endik edindim. Häzir hem özümi gyzyklandyrýan islendik meseläni sorap öwrenýärin we ýene-de dowam
ederin — diýip jogap beripdir.
Chesme:Edebiyat we Sungat gazeti.!
TAPAWUT.../Tymsal/ #talypçy
-
A93
3 years ago
- Gowy ekeni
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Berekella🙂👍
-
Гость
3 years ago
- Ustunlige yetmegmize komek etjek,yetemizson bize guwanjak dine ejemizdir.ejelernizin gadyrny bilin doslar doganlar iniler we agalar.Yeke sozune zar bolmankanyz.
-
Shatlyk.
3 years ago
- @Lagly sps
-
Shatlyk.
3 years ago
- 👍👍👍
Lagly 3 years ago- +++++