11. Eger sen kimdir birine ýardam bermekçi bolsaň, oňa pul bermegin! Sen onuň kalbynda tamakinçilik duýgusyny we ýaltalyk oýararsyň. Eger sen oňa bir iş ynanyp, ol ony ýerine ýetirenden soň hakyny töleseň, onda seniň bu adama uly ýardam etdigiň bolar.
12. Wagty sarpaly tut! Ähli ýitirilen zadyň öwezini dolup bolar. Emma wagtyň öwezini-de dolup bolmaz, yzyna-da dolap bolmaz.
13. Hiç haçan birine hile bilen duzak gurma! Bu duzaga seniň özüň düşmegiň hem ahmal.
14. Kimdir birinden üstün çykmak üçin ol adamyň aýbyny gözlemegin! Aýp gözlemek ejiz adamyň we namardyň işidir.
15. Adamyň umydyny elinden almagyn. Megerem, umyt onuň ýeke-täk baýlygydyr.
16. Jedelleşmek gahar-gazabyň ilkinji basgançagydyr.
17. Adamlar bilen ýagşy gatnaşykda bolgun. Sebäbi uly-uly üstünlikler hem ýagşy gatnaşyklar bilen gazanylýandyr.
18. Kanun ýagşy bilen ýamanyň, haýyr bilen şeriň terezisidir.
19. Kynçylyga düşene ýardam goluňy uzat. Keç ykbal ýolunda çukurlar kändir. Sen hem şol çukurlaryň birine düşäýseň, saňa-da kimdir biri ýardam goluny uzadar.
20. Ähli derdiň dermany bolşy kimin, ähli kyn meseläniň hem çözgüdi bardyr.
Internet sahypalaryndan toplap paýlaşan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüňize ýaran bolsa kommentariýada pikiriňizi ýazyň.
11.01.2021 9:40
Manyly Sözler #2 (11.01.2021ý) Täzelerinden...
-
LadaKalina.
3 years ago
- ++++14++++
-
Dowlet Ashyrow
3 years ago
- Gowy ekeni perhat
-
FanB...
3 years ago
- Sau Perhadik. Konfefensya gyzykly gecdi
-
FanB...
3 years ago
- *r
-
Dowranow
3 years ago
- +++++
Men_ve_Sen 3 years ago- gaty manyly Perhat)) mlds++