Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini gorap saklamaklyk zerurlygy aýdyňdyr. Şonuň üçin ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýekeje görnüşiniň hem ýitip gitmegine ýol berilmeli däldir. Şu maksatlar üçin köp ýurtlarda Gyzyl kitap döredildi. Türkmenistanda ilkinji gyzyl kitap türkmen we rus dillerinde 1985-nji ýylda 15000 nusgalyk bolup çapdan çykdy. Soňra 1997-nji ýylyň mart aýynyň 25-ine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy “Türkmenistanyň Gyzyl kitaby hakynda düzgünnamany” tassyklady we 1999-njy ýylda Gyzyl kitabyň ikinji neşiri çap edildi. Gyzyl kitabyň 2-nji neşirine ösümlikleriň 109 we haýwanlaryň 152 görnüşi girizildi.
Gyzyl kitap – tebigat barada özümizi çuňňur oýlandyrýan we howsalalandyrýan duýduryşdyr. Ol döwlet we jemgyýetçilik guramalaryna, şonuň ýaly hem köp sanly tebigaty söýüjilere ýitip ýok bolup gitmek howpy abanýan haýwan we ösümlik görnüşleri barada habar berýär. Gyzyl kitabyň uly ylmy-tejribelik ähmiýetinden başga-da, terbiýeçilik ähmiýeti bar. Bu kitap arkaly adamlar seýrek we ýitip ýok bolup barýan haýwan hem-de ösümlik görnüşlerine aýawly garamaklygyň gerekdigine düşünýärler.
Türkmenistanyň Gyzyl Kitaby
-
#Bandit
3 years ago
- Sha_gyzy sagbol
-
Sha_gyzy
3 years ago
- boliaa
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Gyzyklyja@YAKUP98
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- Bet+++++
-
#Bandit
3 years ago
- Guljemal sagbol cnm :)))
-
#Bandit
3 years ago
- Guljemal sagbol cnm :)))
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- Незачто!
-
Sha_gyzy
3 years ago
- mm soygulimiya sizler
-
#Bandit
3 years ago
- Sha_gyzy yok soygili dal
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- towa diy Sha_gyzy soygili dal
Sha_gyzy 3 years ago- +++++++++++++++++++