Gündogar ýurtlarynyň biri. Köçede günortanyň
jöwzasyndan goranyp, jaýyň kölegesinde garry derwüş ýatyr. Onuň eşikleri salsal. Ol huşsuz ýaly gözlerini süzüp, oýalyukulydygyny aňdyrmaýardy.
Edil şol wagt köçäniň ugry bilen emeldarlaryny yzyna tirkäp, şäher häkimi geçip barýar eken. Ol
bezemen geýnip, nökerleriniň arasy bilen dabaraly
ädim urýardy.
Köçäniň ugrundaky adamlar alňasaklyk bilen ýerlerinden turup, çekinjeňlik bilen häkime tagzym edýärdiler.
Gamçysyny bulaýlap barýan garawulbaşy derwüşiň bolup ýatyşyny görüp, oňa tarap okduryldyda,
haýbat bilen gygyrdy:
— Köçäň ugrunda bolup ýatyşyň näteňet? Kimiň
gelýänini göreňokmy, bihaýa? Häziriň özünde ýeriňden turda, baş eg!
Derwüş gözlerini owkalaşdyryp, asudalyk bilen jogap berdi:
— Men diňe özümden beýik adamlaryň öňünde
baş egýän.
Bu sözleri eşiden şäher häkimi geň galdy, soňra gahar bilen:
— Aý, betbagt derwüş, men, näme, senden beýik
dälmi? — diýip sorady.
— Elbetde, beýik däl.
— O nähili beýle?
— Bu bir ýönekeýje zat. Eger sen häzirkiňden ýokary wezipe alsaň, kim bolarsyň?
— Welaýat häkimi — diýip, häkim aýdan.
— Onsoň kim?
— Onsoň wezir.
— Soň näme?
— Aý, betbagt, soň baş wezir bolarynda.
— Ýeri, ondan soň, soň kim?
— Adamyň aňry çägi şol. Biziň hemmämiz patyşa
gulluk edýäs — diýip, häkim aýdan.
— Ähä. Onda patyşadan ýokarda kim bar?
— Hiç kim!
— Men şol «hiç kimdä»! Sen, gowusy, heläk bolup
durmada, öz ýoluň bilen gidiber — diýip, derwüş ýadawlykdan ýaňa ümezläp duran gözlerini ýumdy.
Çeşme: dunya edebiyaty
Terjime: RüstemGURBANNEPESOW
Awetik ISAAKÝAN,
ermeni ýazyjysy
Men şol hiç kimdä
-
hickim77
3 years ago
- Hiçkim ))))
-
murat yousef
3 years ago
- dogry aydypdyr!!!
-
*Hemedany
3 years ago
- Bizem hiclikden gelip hiclige barýas!
-
Real.123.
3 years ago
- @Hemedany dogry
-
Real.123.
3 years ago
- Yakup 98 sagbol
Ahmedik_97 3 years ago- Bet manyly@YAKUP98