Günorta Türkmenistanyň keramika
önümçiliginiň gadymdan gelýän däpleri bar.
Hut orta asyrlar döwründe, ýagny syrçalanmadyk keramikanyň ornuna ýokary derejeli
bezegli nagyş salnyp syrçalanan keramika
gelende çeper keramikaçylyk gülläp ösen
derejä ýetýär.
X — XI asyrlarda Merwde ülňülenen
we nagyşlanan keramika uly kämillige we
dürli görnüşlilige eýe bolupdyr. Olar küýze,
jam, käse ýaly dürli görnüşli we köp zada
niýetlenen gap-çanaklardyr. Şular ýaly keramikalary öndürmäge ýekebara önümçilik
bilen meşgul bolýan aýratyn bir küýzegärler
däl-de, eýsem, şäherde we iri obalarda giden bir mähelleleri eýeläp, mesgen tutan
ezber ussalar gatnaşypdyrlar. Orta asyr
şäherleri Merw, Amul, Abiwerd, Nusaý, Gürgenç we Dehistan tutuş Gündogara şöhraty
ýaň salan küýze önümçiliginiň iri merkezleri
bolupdyrlar.
1960-njy ýylda arheolog Gurban Adykow
Howuzhan gala (orta asyr Tilsitana şäheri)
ýadygärliginde geçiren arheologik barlaglarynyň ahyrynda üýtgeşik toýun küýze
tapypdyr. Tilsitana V — VI asyrlarda döräp
XV — XVI asyrlara çenli Beýik Ýüpek ýoly boýunça Merwden Sarahsa barýan kerwenleriň
barýan ýolunda üçünji iri duralga bolupdyr.
Şäher barada ilkinji bolup ýazan awtorlaryň biri bolan arap geografy ibn Hordadbehiň
eserlerinde Tilsitana we onuň ýerleşýän ýeri
barada jikme-jik maglumatlar saklanyp galypdyr. Ol Sarahsdan Najara galasyna çenli
3 farsah, Najara galasyndan Uşturmagaka
çenli 5 farsah, Uşturmagakadan Tilsitana çenli 6 farsah, Tilsitanadan Daňdanakana çenli
6 farsah, Daňdanakandan Ýanujira çenli 5 farsah, Ýanujirden Merwe çenli 5 farsahdygyny
(1 farsah — 6,25 km) görkezipdir.
Çal toýundan ýasalan küýze oňat bişirilen
kerpiçden gurlan gümmezli binadan tapylýar. Tilsitanadan tapylan şol küýze örän oňat
bişirilenligi, sypaýy işlenilmegi bilen tapawutlanýar. Onuň göwresi adamyň hereketlerini
görkezýän 8 sany sahna-suratlar bilen bezelen, olaryň altysy dürli-dürlüdir.
Ýokarda ady agzalan küýze 1960-njy
ýyldan bäri Sankt-Peterburgdaky Döwlet
Ermitažynyň diwarynyň birini bezeýär.
1972-nji ýylda ylmy işgär G. N. Balaşowa
G. Adykowyň Tilsitanadan tapylan tapyndysyny öwrenip, «XII — XIII asyryň epiki
sahnaly toýun küýzesi» atly kitabynda
Howuzhan galadan tapylan küýzedäki
sahnalary täzeden beýan etdi.
Beýan edilen sekiz sahnanyň birinde adaty meýlisiň parçasy, biri-birine bakyp duran iki
sany göwre ýerleşdirilen: çep tarapda — üç
bölekli täçli patyşa, sag tarapda — tagtada
oturan (bir aýagy ýygnalan, beýlekisi epilip
öňe uzadylan) gyz birmeňzeş görnüşde oturan edip görkezilen. Patyşa gyza haýsy-da
bolsa bir zady uzadýar, gyz hem ony almak
üçin elini uzadýar.
Şekilleriň ikisi hem baý egin-eşikde edip
görkezilen. Patyşanyň arkasynda duranlaryň
biriniň ellerinde küýze we käse bar. Beýleki
bir sahnada egni donly we nagyşly joraply
adam, ýarym epilen aýaklary bilen kesgijiň üstüne eglip dur; ol daşyň ýa-da agajyň ýüzüne
haýsy-da bolsa bir zatlaryň nagşyny salýar. Ol
Alymlaryň pikirine görä, ýerine ýetirilişi
we manysy boýunça iň gyzykly we özüne çekiji sahna edil öňki şekildäki ýaly dyzyna ýetip
duran donly we nagyşly joraply ýöräp barýan
adam bolup durýar. Onuň eginlerinde adatdan daşary agyr ýük — atyň üstünde oturan
zenan bar. Pälwan elleri bilen atyň aýaklaryny
gujaklaýar, atyň kellesi aşak sallanyp dur. Zenanyň owadan başgaby bar.
Nakgaş-keramikaçy ady rowaýata öwrülen pälwana we şol bir wagtyň özünde ezber
ussa bagyşlanan eposdan haýsy-da bolsa bir
sahnany beýan etmek isläpdir. Alymlaryň çaklamalaryna görä, ol Nyzamynyň «Hosrow we
Şirin» atly poemasynyň gahrymany, birnäçe
edermenlik görkezen ezber daş ýonujy ussa,
nakgaş we pälwan Perhat. Mälim bolşy ýaly,
Nyzamy «Hosrow we Şirin» poemasyny seljuk
soltany Togrul II-niň (1177-1194) tabşyrmagy
boýunça ýazypdyr. Poema 1181-nji ýylda
tamamlanypdyr we okyjylara XII asyryň ahyrynda mälim bolupdyr.
Poemanyň baş gahrymany sasany şazadasy Hosrow, ol soňra Eýranyň şalar-şasy Hosrow II Parwiz (590 — 628) bolýar. Ol Bardyly
şa gyzy ajaýyp Şirine aşyk bolýar. Şirin hem
Hosrowa aşyk bolýar. Binagär Perhat hem
Şirine aşyk bolýar. Perhadyň Şirine aşykdygyny bilip, Hosrow gabanyp başlaýar we ony
çagyrýar, ikisi dawalaşýarlar, emma Perhat
Şirin baradaky arzuwlaryndan el çekmeýär.
Şonda Hosrow Perhada Şiriniň şanyna Bisütün dagyny böwsüp ýol çekmegi teklip edýär.
Perhat şol işi ýerine ýetirmäge razylaşýar, ýöne bir şert bilen, ýagny Hosrow şondan soň
Şirinden el çekmeli.
Şirine bolan söýgüsi bilen ganatlanan Perhat dagy ýumurýar. Bu barada gürrüň Şiriniň
gulagyna ýetýär we ol şol ýere baryp, Perhadyň
eden işini görmäge gitmek kararyna gelýär
hem-de ata münüp, özüniň ýakyn adamlary
bilen Bisütün dagyna tarap çapyp gidýär.
Şirin Bisütün dagynyň eteginde Perhadyň ýanyna barýar, salamlaşýar we oňa süýtli
käsäni uzadýar. Haçan-da Şiriniň aty dagda
yza serpigende, Perhat ony aty bilen göterip
gala çenli eltýär we soňra işine dolanyp barýar. Sahnanyň hut şu bölegi — daş ýonujy
Perhadyň Şirini aty bilen göterip barşy Howuzhandan tapylan küýzede şekillendirilipdir.
Alymlaryň pikirine görä, tapylan küýze
Merwde öndürilipdir. «Hosrow we Şirin»
poemasyny beýan edýän sahna şekilli Tilsitanadan tapylan küýzäniň hut Merwde ýasalandygyny tassyklaýan ylmy maglumatlar bar.
Munuň özi, birwagtlar işjeň hereket eden
ýol, şeýle hem önümleri bütin dünýä meşhur
bolan Merwiň we Nişapuryň ezber ussalary
barada taryhy hakydany saklaýar.
Olga ADYKOWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa
institutynyň ylmy işgäri
Çeşme: Garagum
Taryhy ýadygarlik
-
Real.123.
3 years ago
- Hawa heniz taryhda owrenilmeli zat kopdir
-
LadaKalina.
3 years ago
- sagbol,mary biz ucin paytagytdyr
Sada... 3 years ago- Tuweleme gomulgi yatan hazynamsyn sen Marym.