Salam dostlar. @zulfikarow atly agzamyz bir blogymda bizden gizlenýän materiklar barada aýdypdy. Onuň aýtmagyna görä, demirgazyk polýusda dört sany derýasy bolan bir materik bar. Suratda siz şol materigiň kartasyny görýärsiňiz. Bu kartadaky materik 19-njy asyrdan bärdäki kartalarda duş gelmeýär. Bu karta hakyky, ýöne bu karta düşündiriş berenlerinde ol demirgazyk polýusa ýakyn bir adadygyny we onuň ýalňyş çekilendigni aýdýarlar. Emma biz google maps saýty arkaly demirgazyk polýusy gözden geçirenimizde şübheli bir zolaga duş geldik. link: https://www.google.com/maps/@73.4593893,-179.9461529,9934m/data=!3m1!1e3
Bu zolak örän şübheli, nähilidir bir ada ýa bolmasa materik gizlenene meňzeýär.
Ondan başgada ,,Plazma aý" atly teoriýamyza görä aýdaky kraterler aslynda ýeriň kartasydyr. Link: http://talyplar.com/posts/30594. Plazma aý teoriýasyny öwreniji Stergios Studio 10 tarapyndan taýynlanan aýdaky ýer kartasynda hem bu materigi görse bolýar.

Täzelikler, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir