Şokolad

Şokalady halamaýan ynsan ýok bolsa gerek. OI ýedi ýaşdan, ýetmiş ýaşa çenli adamlaryň halaýan iýmitidir. Ähli süýji önümler, şirinlikler ynsany ýadawlykdan saplap, lezzet paýlaýar. Gyzgyn çaýyñ gapdaly bilen içilýän şokoladlaryñ hem lezzeti başgaça bolýar. Belki-de, şokoladyň taýýarlanylyşy, görnüşleri, düzümi, taryhy sizi gyzyklandyrýan bolsa gerek. Şokoladyň ilki nirede öndürilendigi barada heniz anyk maglumat tapylanok. Bilermenler şokolad, ilkinji gezek Ispaniýada öndürilip başlanypdyr diýip çaklaýarlar. Şokolad "nauatl dilindechocolātl» sözünden gelip çykyp, «chocol» gyzgyn, «atl» suw diýmegi añladýar. Mälim bolşy yaly, gadym döwürlerde şokoladlary gaýnadyp suwuk görnüşdäki gyzgyn içgi hökmünde taýýarlapdyrlar. Şokolad kakao agajynyň dänesinden öndürilyär. Ilki bilen kakao dänejiklerine tagamynyň azda-kände üýtgemegi üçin käbir gerekli maddalar goşulyar. Çünki arassa kakao dänesi örän ajy guradylýar. Ony öý şertlerinde guratmak üçin gün şöhlesiniň düşyän ýerinde 1-2 hepde serip goýmaly. Soñra däneleriñ gabygyny arassalap olary gowurmaly. Gowrulan kakao dänelerinde şokoladyñ ysy bolyar. Soñra gowrulan kakao dänelerini döwmeli. Üwelen dänelere şokolad tagamyny we reñkinibermek üçin iki sany ergin goşulyar. Olar kakao ergini we mesgesidir. Kakao ergini şokolada hoşboy ys, gara we goñur reñk beryär. Kakao mesgesi bolsa şokolady ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrýar. Gadym döwürlerde şokoladlar şu usullar arkaly yasalypdyr. Bizin gündelik iýýän şokoladlarymyz şeker, süýt, wanilin yaly önümler bilen baýlaşdyrylandyr. Şeýle önümler şokoladyň tagamyny we ýokumlylygyny artdyrýar.
Häzirki döwürde şokoladyň birnäçe gör- nüşi öndürilýär. Olaryň içinde ak, gara we süýtli görnüşdäki şokoladlar has hem meşhurdyr. Süýtli şokolad, esasan Ýewropa ýurtlarynda uly islege eýedir. Bi- lermenleriň bellemeklerine görä, şokolad adamyň pikirleniş ukybyny ösdürmäge, lapykeçlikden açmaga, yadawlykdan saplanmagamyza, yatkeşligimizi ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär.
Häzirki döwürde şokolad önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Şokoladlar birek-birege iñ gowy sowgatlyk harytlar bolup hyzmat edyär. Şokoladlar energiýa çeşmesi bolup hem hyzmat edyär(ýagny söýgi gatnaşygynyň ýerini tutup biler).


Çeşme: Aşgabat gazeti.
Awtory: näbelli.
Ýetiren: IDEALLIDER

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir