Gülki barada bileýin diýseňiz, onda...

Italiýanyn Parma şäheriniň uniwersitetiniň neýrobiologlary
kelle beýnisinde daş-töwerekdäki adamlaryñ emosional ýagdaýyny duýmaga kömek edýän aýna neýronlaryň bardygyna
üns berdiler. Görlüp oturylsa, aýna neýronlar diñe bir başga
adamlaryň şatlygyny ýa-da gaýgysyny açyk-aýdyň görmäge
mümkinçlik bermän, eýsem özüň hem şeýle duýgulary başdan
geçirmegine itergi berýän eken. Soña görä, adam kimdir biri-
niň ýylgyranyny görende özi hem ýylgyranyny duýman galýar.
Munun hut şeýledigine şwed alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesi hem güwä geçýär.
+++++++++++++++++++++++++++++
Görlüp oturylsa ýylgyrmak gaşyňy çytmakdan añsat eken. Adam
yüzüni gamaşdyryp, gaşyny çytanda bedende has köp güýç sarp edilyär.
+++++++++++++++++++++++++++++
El gysyşmak(salamlaşmak), gujaklaşmak, tagzym etmek, el çarpmak dürli ýurtlaryň däp-dessurlarynda dürli mana eýe bolup durýar. Çyn yürekden cykýan ýylgyryş bolsa bütin dünýäde ýekeje manyny adamyň bagtlydygyny añladýar.
+++++++++++++++++++++++++++++
Adam ylgyranda ýüz myşsalarynyň 5-den 53-e çenlisi şol bir
wagtda herekete gelýär.
+++++++++++++++++++++++++++++
Çaga özüni alyp baryş we gepleýiş endiklerini daş-töwerekdäki
adamlara syn etmek we öýkünmek arkaly öwrenýär. Yylgyrmak
ukyby bolsa käbir alymlaryñ pikirine görä, dogabitdi häsiýete
eýe bolup durýar. Görmekden doga mahrum çagalaryň hem ýyl-
gyryp bilmegi muña güwä geçýär.
+++++++++++++++++++++++++++++
19 hili ýylgyryş bar. Olar 2 sany uly topara bölünýär. Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş peýda bolanda ýüzüň iki tarapynda hem myşsalaryň köp sanlysy herekete gelýär. Adam ýöne sypaýçylykly ýa-da ýalandan ýylgyranda hereketlenýän myşsalaryń
sany azalýar.
+++++++++++++++++++++++++++++
Aýallar, gelin-gyzlar erkeklere seredeniňde, gyzjagazlar oglanjyklara garanyñda köp ýylgyryýarlar.
+++++++++++++++++++++++++++++
Ýylgyryş adamyň ömrüni uzaldýar. Amerikaly alymlaryň 10 ýyl-dan gowrak dowam eden barlagynyň netijesi muña güwä geçýär. Olar ýylgyryp ýa-da çytylyp surata düşen türgenleriň ömrüniň dowamlylygyny öwrendiler. Görlüp oturylsa, ýylgyryp surata düşen oýunçylar 80-den hem köp ýaşapdyr. Beýleki oýunçylaryň
ömri olaryňka seredeniñde 10 ýyl töweregi gysga bolupdyr.
+++++++++++++++++++++++++++++
Kimdir biri bilen telefonda gürleşmek isleyärsinizmi? Onda trubkany eliňize alan dessiñize ýylgyryň. Gürrüňdeşiñiz bilen ýylgyryp gepleşiň. Munuñ özi sesiñiziñi mylaýym, pessaý, ýa-
kymly cykmagyna itergi berip, söhbetdeşiňizde hoşmeýillilikli
jogap täsirini döreder.
+++++++++++++++++++++++++++++
Gaty gaharyňyz gelende hiç kime görkezmän, birnäçe gezek ýylgyryň. 1 minutlap dowam edyän ýylgyryş maşky, adamyň emosional ýagdaýyny gowulandyrýar.
+++++++++++++++++++++++++++++
Çyn yürekden cykýan hakyky ýylgyryş daş-töwerekdäki adamlarda dostlukly garaýyşlary döredýär. Kimdir birine ýaranmak üçin ýalandan ýylgyrýan adamlara hiç kim ynanmaýar.

Awtory: Görkezilmedik.
Aşgabat gazetinden.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir