Hezreti alynyň sahylygy.
Günleriň bir güni Hezreti Aly Metjitde mahaly, asmanda bir gökje kepderi görünip Metjidiň penjiresinden(aýnasyndan, äpişgesinden) içeri girýär we hudaý tarapyn adamýaly dil açýar:
- Eý Allahyň şir-goragçy-penakäri, sen beýiksiň. Yzymdan laçyn gelýär kowalap. Halas et, gutar meni, çagalarym bar, ýaşasym gelýär! - diýip sen-men ýok Hezreti Alynyň arkasyna ylgap geçip, donunuň ýanynda bukulýar. Metjidiň içine müşk-anbaryň ysy ýaýraýar, Hezreti Aly bu ysa aýratyn üns berýär. Şol wagt dessine(bahymjak, tiz, derrew) laçyn peýda bolýar. Ol hem kepderi kimin dillenip:
- Allahyň ýerdäki goragçysy, şiri, Hezreti Aly, saňa ýalkymly salam bolsun. Men bu ýere öz oljamy(awumy) gözläp geldim. Gördüm şu ýere girdi. Aly! Bergil meň nesibe-paýymy. Ol meň rysgalymdyr. Sen ony alyp bukmaga hakyň ýok. Meň rysgalymy Alla berýär, sendäl! - diýen. Howada müşküň ysy hasda güýçlenýär. Ahwalaty oýlap otyran Hezreti Aly, egindeşi Gammara bakyp:
- Hanjarymy(pyçak, gyýak) alypgel!!! - diýdi. Gammar derrew buýrugy ýerine ýetirip hanjary getirip, Hezreti Ala uzatdy. Hezreti Aly hanjary gyýnyndan(hanjaryň daşyndaky gabyndan) çykaryp öz aýagynyň, jylkasyndan(topukluk=daban-ökjeden ýokarky ýerdäki togalak süňk-bölegi) bilen dyzyň aralygyndaky süňkiň arka tarapyndaky et bölegi) kepderiň göwresi ýaly eti kesmek niýet bilen zarb(urgy, tisginmek, silkinmek) urmak üçin elini ýokary galdyran pursady, laçyn Hezreti Alynyň goşaryndan tutup saklady we:
- Allahyň Şiri Hezreti Aly! Dur, saklan, beýtme, bu et, ýagny adam eti bize haramdyr. Biz seniň Allahyň şiridigiňe şek-şübhe(ynamsyzlyk) edip Allahdan seni barlamak üçin rugsat aldyk. Allah senihem söýýär we ynanýar, biz hem ynandyk. Gelip biziň barlagymyz hem şu boldy. Hakykatdan hem seniň akyl we sahylyk derejäň aňrysy görnenok eken. - diýip, ýaňky gökje kepderi bilen laçyn, bilelikde iki perişdä öwrülüp nur saçyp asmana galdylar we gözden gaýyp boldular. Geň galan Gammar:
- Aly! Bularyň perişdedigini nädip bildiňiz??? - diýip soran. Hezreti Alyhem:
- Dil açanlaryndan däl, sebäbi jany howp astyna düşüp, çagalarynyň aç ölmegine gözi ýeten ähli jandar dil açmasada gözleri bilen düşündirip biler. Müşk-anbaryň ýaýran ysyndan, sebäbi beýle müşkler-anbarlar ýer ýüzünde tapdyrmaz! - diýip jogap beripdir. Emma Hezreti Aly saklanylmadyk bolsa öz teninden bölek eti kesip Laçyna berjek ekeni.
Awtory: Halk arasyndan toplan IDEALLIDER.
Hezreti alynyň sahylygy.
-
hickim77
4 years ago
- Hezrat Ali diýip aýdymam ba şuň, hemra rejepow aýtýa
-
Khanture
4 years ago
- Meniň mowzuklarma kim nahili pikirde?
-
hickim77
4 years ago
- @Kahnture sen mowzuklaň (komplimisiýa teoriýalary) ýoklaý. Şolary okap pikirlenip otyrýadym welin....
-
hickim77
4 years ago
- @Hanture menä seni goldaýan!!!
-
Khanture
4 years ago
- Khanture yazgyn ussune bas bara, name pikir edyang onson?
-
Khanture
4 years ago
- Yer togalak dalde tekiz, muna name diyyanz?
-
Ahmedik_97
4 years ago
- menin soraglarym akyly kemin soraglarymy onda?
-
Khanture
4 years ago
- Ahmet yok bilesigelijinin soragy
-
Ahmedik_97
4 years ago
- akyly kem adam sheyle soraglary tayyarlap bilermi sizin pikirinizche?!
-
Khanture
4 years ago
- elbetde tayyarlap bilez akly kem adam soragam berip bilmz
-
Khanture
4 years ago
- z da r
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- Khanture! Seň goýýan mowzuklaryňy adyny okap kelläme "Mowzuk goýup adamlary ilki uly ösüşlere ýetirjek bolmaly, ýok Khanture agza beýle mowzuklar goýup, kosmosa dodekalýon ýagtylyk ýyly aralyga ýetirjek bolýar" diýen pikirler döredi. Diýjek bolýanym göwnüme bolmasa sen adamlaryň barysyny pedagog etjek bolýaň. Höwesliler okasyn garşylygymýok. Gowy mowzuklar. Men bolsa pedagog bakalawr bolasymgelenok🙂👍
-
Khanture
4 years ago
- hmm
-
hickim77
4 years ago
- @Hanture elektirk kesilmesinden soňkylary görmändirin izwini
-
Khanture
4 years ago
- Men oran syrly we tasin mowzuklar açjagma soz beryan menin bloglarmy yzarlang
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- Khanture, ýer şaryny zordan bilýäs. Mowzugyň bilen başga galaktikalara aýlap getirjek bolsaň gowsy bärde galanymyz ýagşy. Gyzyklanyp okaýan, höweslenipdäl. Nähilem bolsa hökman mowzuklaryňy okaryn👍
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Bayram, menkinem gyzyklylygy senkiden pes bolmasa gerek)))
-
Ahmedik_97
4 years ago
- ideallider menem edil sen yaly..
-
Ahmedik_97
4 years ago
- 24.12.2020 13:12
-
Ahmedik_97
4 years ago
- yone mana akyly kem diyyaler)))
-
Khanture
4 years ago
- men sizi basga galaktika alp gidiblem sebabi galaktika, kosmos, kosmosda ýaşaýş, başga pplanetallar yok, bolar modern erteki
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Bayram yagtygy hasaplap gordunmi?
-
Ahmedik_97
4 years ago
- bu aydyanlaryna name diyjegimi bilemok...
-
Khanture
4 years ago
- yok,Sen gowsy Morley barada oren onuntejribesi yerin aylanmayanny subut edya
-
Ahmedik_97
4 years ago
- dogrusy, bu aydyanlaryn yalnyshmyka diyyan...
-
Ahmedik_97
4 years ago
- 13:20
-
Khanture
4 years ago
- yalnys dal, yer tekiz 360 gradusa aylanda gör samalýotda gor tejribe et
-
Ahmedik_97
4 years ago
- sen Charles Darvinin ayaly Emma bilen gechiren tejribesini okap gordunizmi? birgiden ylmy ishleri barmysh. tapsam shony okaymaly diyyan
-
Khanture
4 years ago
- Yok okamadm,
Khanture 4 years ago- Yene bar bolsa goyuber, sps.