Ýarym ýalaňaç däli kowalanynda...(Bolmadyk waka)



Ýaňybir dükandan gerek zatlarymy alyp gapydan çykdym. Ýene kellämde "Hemmezady aldymmykam, çörek aldym, ýumurtga aldym, şokalad bar..." diýen pikirleri kellämde aýlap gelýärkäm, aňyrrakda bir adamyň "Aaaa" diýip bogazyna sygdygyndan gygyran sesini eşidip zöwwe-yzyma seretsem ,ine aňyrdan ak aýal-eşikde gara nokat-nokat uzyn köýnekli bir adam üsdüme ylgady. Onuň näme niýetde üsdüme gaýdanyny pikirlenmän elim paketli menem ondan gaçyp başladym(A siz näderdiňiz). Olam yzymdan ylgaýar. Men ylgap barşyma "Bä nämboldyka bu dälä, soňky wagtlar näme iş etdim, kime ýamanlyk etdim, öldürjek bolýamyka, pyçaga ýada pistoleda ýok elinde, belki arkasyna daňylgydyr" diýip ylgapbarşyma pikirler kellämde aýlap, ahyry "Gel inni ýadamaýyn, urşmagada güýç gerek ahyry, ola ýadandyr, menem doly ysgyndan gaçmankam muň bilen urşaýyn" diýip birden durup, yzyma öwrülip elimdäki goşly pakedimi gapdalda goýup uruşmaga stoýkada taýyn bolup "Gäzir golaýlasyn ýelmärin bir ýumruk" diýip ýumrugym bilen nyşana almaga başladym. Geldi ol däli haş-haşlap demi-demine ýetmän. Golaýlanynda agzyndan tüýküligi-hyllygy akýany göründi. Men "Häzir çala bir hereket, ýumraryn" diýip garaşypdurdum. Ol däli ýuwaşlyk, emaý bilen elini uzatmaga başlady. Men "Balewoýa taýyn, eliň gaňyrdyp döwülerýaly ederin" diýip ynha-ynha oň elini gaňyrmaga synanşdymamweli ol däli egnime kakyp "Sen eşşi, inni seň kowalamak gezegiň" diýip çalt yzyna öwrülip ylgap gidiberdi. Men nä aglajagymam, güljegimem, gynanjagymam, begenjegimem bilmän 10minutdagy şokda doňup duruberdim. Ol däli yzyna seretmän ylgap gözden ýitdi. 1 aýdagy özüme gelipbilmedimä "Wah şol däli "Bukuldum" oýnamasa bolýa" diýip...


Awtor: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygy bolmazdan başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Sport, IDEALLIDER tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir