Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrüni binýat eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow " Türkmen halkynyň ençeme alymlary,şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy.Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular" diýip jaýdar belleýär.Şol alymlaryň biri-de Muhammet Gaýmaz Türkmendir.
Dowamy teswirlerde...
Çawy äleme ýaýran alym
-
Waharman
4 years ago
- Ymam Zehebi lakamy bilen tanalan Muhammet Gaýmaz 1264-nji ýylda Damask şäherinde dogulýar.Onuň ata-babasy zergär bolupdyr.Şonuň üçin olara zehebiler diýipdirler.Arap dilinde " zeheb"-" altyn" diýmekligi aňladypdyr.
-
Waharman
4 years ago
- Ymam Zehebi tebigy tarapdan aýratyn zehinli,ýatkeş bolupdyr. 18 ýaşyna ýetenden soň ol hadys ylmy bilen meşgullanyp ugrapdyr.Öz döwrüniň beýik alymlary onuň akyl-paýhasynyň näderejede beýikdigine gözi ýetse-de,şol ýaşynda oňa hadys ylmynyň eýgertjekdigine ynanmandyrlar.Ol öz döwrüniň uly alymy bolan Hapyz ibn Asakyr,Hapyz Ýunini ýalylaryň elinde sapak alýar.Damaskda Omar ibn Kuwasyň,Müsürde Abrakuhynyň, Iskenderiýede Abdylhasan Gyrafynyň,Mekgede Töwriziniň,Halapda Seňňer Zeýniniň we beýlekileriň mähellesine gatnaşmagy onuň ylmy düşünjesini çuňlaşdyrypdyr.Oňa döwrüniň esasy ylymlary bolan tefsir,akyda we hukuk, şeýle-de taryh ylymlaryny kemsiz öwrenmek başardypdyr.Alym beýik ussatlardan,alymlardan sapak alandygyny " Tezkire"- " Ýatlama" kitabynda beýan edipdir.
-
Waharman
4 years ago
- Ymam Zehebi ýiti zehini we seýrek duşýan ýatkeşligi bilen tanalypdyr.Hapyz ibn Hajar atly belli alym " Men ýatkeşlikde Zehebiniň derejesine ýetmek niýeti bilen Zemzem suwuny içdim" diýip ýatlar ekeni.
-
Waharman
4 years ago
- Taryhçylaryň ýazmagyna görä,Ymam Zehebi dürli ugurlara degişli 200-den gowrak ylmy kitap ýazypdyr.Olaryň ählisi hem bütin jemgyýet,adamzat üçin örän peýdaly,wajyp eserler hasaplanypdyr.
-
Waharman
4 years ago
- Otuz ýaşynda,has takygy 1294-nji ýylda Muhammet Gaýmaz haj parzyny berjaý etmek maksady bilen Mekgä we Medinä barýar.Ol ýerde galyp hadys ylmynyň ussatlaryndan ylym öwrenýär.Şunlukda onuň ylmy durmuşy Damaskyň golaýyndaky Kufr Batna diýen obada başlanýar.Ol 1303-nji ýylda bu obanyň metjidiniň hatyby bolup işe başlaýar.Ady bütin yklyma dolan alym 1318-nji ýylda bolsa Damaskyň Hadys öýi atly ylmy ojagyna ýolbaşçylyk edýär.
-
Waharman
4 years ago
- Beýik alymyň " Yslam taryhy" atly kitaby onuň musulman dünýäsine nazarýeti bolmak bilen diňe şol döwrüň däl-de,häzirkizaman dünýä alymlarynyň aýratyn hormatyna mynasyp bolupdyr.
-
Waharman
4 years ago
- Muhammet Gaýmaz Türkmeniň örän gymmatly hasap edilýän eserleriniň biri-de " Pygamber tebipçiligi" atly kitabydyr.Bu eser halkymyzyň geçmişde döreden ajaýyp edebi-ruhy gymmatlyklarynyň biridir.Eser tebipçilik ugrunda adamzadyň gazanan gymmatlyklaryny we tejribelerini özünde jemleýär.Kitapda dermanlar we emler,olaryň häsiýetleri we adamyň saglygyna edýän täsirleri ,dogry iýmitlenmegiň ähmiýeti hakynda Allanyň kitabyna we pygamberiň sünnetine salgylanyp gürrüň berilýär.Kitabyň Gurhana we sünnete baglanşyklydygy üçin,ol yslam tebipçiliginiň iň ygtybarly gollanmasy hasaplanypdyr.
-
Waharman
4 years ago
- Alym bu eserini lukmançylygyň kadalary,onuň ylmy-nazary we amaly-tejribe taraplary hakynda," Dermanlar we iýmitler hakynda",şeýle-de "Dertleriň bejerilişi hakynda" diýen üç ugra bölüpdir.Alym özüniň her bir sözüni delillendirmek üçin köp halatda Muhammet Pygamber Sallallohy Aleýhi Wesellemiň hadysyna we mukaddes Gurhana salgylanypdyr.Bu eser iki dünýäniň Serweri ,din yslamyň göwher ýyldyzy Muhammet Mustapanyň aýdan,öwreden we durmuşda ulanan emleri,peýdalanan detmanlary dogrusyndadyr.Hut şonuň üçin hem eseriň ady " Pygamber tebipçiligi" bolup galypdyr.
-
Waharman
4 years ago
- Muhammet Gaýmaz Türkmen 1348-nji ýylyň fewral aýynyň 3-üne 84 ýaşynda aradan çykypdyr.Özüniň ajaýyp eserleri bilen diňe bir Gündogarda däl,bütin dünýäde meşhurlyk gazanan Muhammet Gaýmaz Türkmeniň edebi mirasy Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe öwşün atýar.
-
Waharman
4 years ago
- Atamyrat Şagulyýew.
Soňy.
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- Tewsir kop eken jedelli temadyr diyip girdim ...
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Menem:)
Perhat Sabirovv 4 years ago- Garaşýas