ATEISTIÑ DÜŞÜNMEDIK ZATLARYNYÑ BIRI: ALLATAGALANYÑ BARDYGY SUBUT EDILDIMI?
Ateistleriñ esasy berýän soraglarynyñ biri hem şu bolsa gerek!
Dogrudanam Allatagalanyñ bardygy subut edilenmi?
Başdan aýdyp başlasak Allatagalanyñ barlygyny subut etmek añsatdyr.
Ýagny ateistleriñ aýdyşlary ýaly Akyly, ýada bulgura guýulan süýdiñ içindäki peýniri häzirki tehnologiýa ulgamlarynyñ üsti bilen, akyl-pikir, bilim bilen duýmak bilen bilip bolýar. Eýsem Allatagalanyñ bardygyny görkezýän şeýle tehnologiýa barmyka? Biziñ bilşimizçe ýok!
Ýöne ateistiñ aýdyşy ýaly Akyl-pikir, bilim bilen, duýmak bilen bilip bolýar...
Ýok zady subut etjek bolmak iñ soñam biderek zatdyr. Bar zady subut edip bolýar.
Bir alma jynsynyñ ýer ýüzünde bardygyny açyklamak üçin bir adam bir almany görkezmek bilen añsatlyk bilen subut edip biler.
Almanyñ ýokdugyny aýdýan bolsa, ýa bütin alma baglaryny kesip ýok etmegi gerekdir ýa-da bütin ýer ýüzüni garyş-garyş aýlanyp hiç bir ýerde ýeketäk almanyñ tapylmandygyny görkezmegi gerekdir. Şonuñ ýaly hem Allahyñ barlygyny aýdýan adam, muny subut etmek üçin Allahyñ barlygyny görkezýän dört sany esasy subutnamany görkezmegi ýeterlikdir.
Allahyñ barlygyny açykma görkezýän esasy subutnama şulardan ybaratdyr: Kuran, Pygamberler, Älem we Adam...
Allanyñ ýokdugyny açyklaýan adamyñ, muny subut etmek üçin, Allahyñ barlygyny görkezýän dört sany esasy subutnamany aradan aýyrmak gerekdir ýa-da bütin Älemi garyş-garyş aýlanyp hiç bir ýerde Bir Ýaradyjynyñ tapylmandygyny görkezmegi gerekdir (Gün sistemasyndan çykmak üçin ýagtylygyñ tizligi bilen 75 ýyl gerek)
Ikinjiden her bir gutarnyklyk bir sebäbe baglydyr. Hiç bir zat öz-özünden ýokdan bar bolmaz. Bir öý eýesiz bolýarmy? Bir iññe ussasyz bolýarmy? Bir harp ýazyjysyz ýazylýarmy? Bir kanun häkimsiz çykarylýarmy? Bir senet senetkärsiz bolmaz. Bir şekil suratkeşsiz bolýarmy?
Şu Älem eýesiz bolup bilermi? Eýesi Alladyr.
Daş töweregimizdäki hemme zatlar, Allahyñ gözel atlaryny görkezýän senet eseridir. Bütin ylymyñ şahalaryda bu senet eserlerini düşündirýän dildir.
Kuran ýaly Älem we Ynsan kitaplaryny okamak wajypdyr we sogapdyr.
Üçünjiden - Her barlyk we tebigat haýsydyr bir adamyñ esasy güýji bilen başaryp bilmeýşi ýaly aýratynlyklara we gözelliklere eýedir. Hemme zat soñky derejede nakgaşlanyp ýaradylypdyr...
Hüjreden ynsan ýüzüne, güllerden ýyldyzlara çenli her bir barlyk, özüne üýtgeşik şekil, reñk we ş.m. aýratynlyklary bilen orginal täk-täk senet şaeserleridir.
Barmak yzlary we gözüñ gurluşy biri-birinden üýtgeşikdir. Bu Allahyñ soñsuz ylmyny, eradasyny we gudratyny görkezýär.
Täze dogan bir bäbejige täze ýüz, göz, barmak yzy, çyzmak üçin, hiç birini unutmazlyk we garyp-gatyşdyrmazlyk gerekdir.
Bu häzirki tehnologiýa DNK-synyñ ýasap biljek zadymydyr?
Bir elimizi ýa-da gözümizi baýlyga çalyşarysmy?
Oksigen, suw we ş.m-ler ýaşamak ýaly gymmatlydyr.
Her bir döredilýän zat köpsanlydyr.
Ynsan, derman, haýwan, ýyldyzlar...
Allahyñ nygmatlary sanamak bilen gutaryp bolanok...
Hemme zat gysga wagtyñ içinde taýýarlanylýar. Bir hepde-de bahar gözellikleri we barlyklar daş töweregimizi gaplap alýar. Hemme zat çäkli, wagtynda, ätiýaja uýgun we wagtlaýyn ýasalýar.
Çaga (ýawrylaryñ) dürli-dürli isleýän zatlary bardyr. Her bir adamyñ her dürli häsiýetleri, biriniñ baý bolmagy, biriniñ garyp bolmagy, biriniñ zehinli, biriniñ zehinsiz bolmagy, biriniñ aýal, biriniñ erkek bolup galmagy kimiñ gudrat kanunyka?
Näme üçin hemmämiz zehinli, hemmämiz baý bolup däl-de kemterräk dogabitdiligimiz bar?
Onsoñam gysga wagtyñ içinde edilen işlerde senet we ygtybar bolmaz. Gözümiziñ görüp duran Älemdäki her barlykda aýry bir senet eseri we ygtybar görülýär.
Bu bolsa ylmy eradasy we çäksiz güýji bolan bir barlygy görkezýär.
Sözümizi meşhur fizik Werner Heisenbergiñ şu sözleri bilen jemlemegi makul bildik: Dünýewi ylym, bulgurdan içilen ilkinji ýuwdum adamy ateist eder, ýöne bulguryñ düýbünde sizi ýaradan biri bardyr''...
https://www.meleklermekani.com/threads/allahin-var-oldugunun-ispati.54316/
Ateistiñ düşünmedik zatlarynyñ biri: Allatagalanyñ bardygy subut edildimi
-
ETIKA
4 years ago
- Shony goyayda onna @panturkist
-
Panturkist
4 years ago
- @ETIKA, meñ mowzuklaryma seretseñ taparsyñ.
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @ETIKA, http://talyplar.com/posts/25121
-
Jeksparro
4 years ago
- @Perhat, şo tayda meñ yazan teswirimem bir okagyn...
Panturkist 4 years ago- Bir mowzugym bardy, Carl Sagan-yň "Garažymdaky aždarha" atly hekaýasy. Her gezek hudaýyň barlygynyň subutnamasy diýip başlaýarlar welin şol hekaýa ýadyma düşýär ))