Hemmämiziň bilşimiz ýaly Türkmenistan ajaýyp form saýta mätäç.
Meniň üçin iň gowy türkmen form saýt Talyplar.com
Sebäpleri:
1-nji sebäp. Saýt 2007-den bäri diri 😃 Ýagny saýtda ýazan zatlaryň uzak wagtlap durýar.Elbetde başgada gaty gowy form saýtlar bar dizaýn we ş.m zatlary bu saýtdan iki esse gowy ýöne basym ýapylýar. Çalt ýapylýan gowy saýtlara zat ýazanyňdan uzak wagtlap ýapylmajak ýönekeý saýtlara mowzuk ýazanyň gowy meniň üçinä.
2-nji sebäp. Saýta köp telefonlardan ýeňiljek girip bolýar. Muny men barlap gördüm şu wagt satylýan prostoý kitaýski telefonlardan hem saýta girip tema açyp bolýar.Ýagny google girýän telefon bolsa şu saýtada girip bolýar
3-nji sebäp . Saýtyň admini saýty açypdyr we "Ýagşylyk et ,suwa at" diýen nakyla uýupdyr.Ýagny saýty açan adam men şu saýty açdym diýip öwnenip ýörenok ýada saýtda reklama etme diýip yrsarap ýörenok.
4-nji sebäp.Saýt ýeňil işleýär aňsatjak girip dürli temadaky mowzuklary okap bolýar.
Başgada sebäpler kän ýöne meniň üçin esasylary şular.Boldy besdir saýty gaty köp öwmäýin "Öwülen oglan öňe syçar" bolaýmasyn.
Iň gowy form saýt Talyplar.com (meniň üçin )
-
yashalym
4 years ago
- Agza kop bolsa-da agzalalyk bolar
-
Бабаниязов Дж
4 years ago
- Dogry gowy sayt
-
wagt
4 years ago
- "Türkmenistan ajaýyp form saýta mätäç..." :))
Ýazýan zatlaryñyza özüñiz bir düşünýäñizmi?
Milli Goşun žurnalynyñ saýty bar, serhetçileriñ saýty bar serhetabat-dowletabat diýp... başga-da gowy saýtlar az däl. Gysga metražly çeper okaýyşlar, klipler, ses ýazgylary, çeper eserler, makalalar, habarlar we ş.m.. hemme zatlar hem berilýär. Dizaýny-da dünýä standartyna laýyk.
pudaklaýyn edaralaryñ, ministrlikleriñ hem hemmesiniñ saýtlary bar, öz ugurlaryna degişli ähli ylmy edebiýatlary paýlaşýarlar.
Gazet-žurnallar hem gündelik metbugat.gov.tm saýty arkaly pdf wariantda paylaşylyp dur...
Başga nahili ajaýyplyk isleýäñ, hanogul? :))
Perhat Sabirovv 4 years ago- www.talyplar.com - Türkmenistandaky iň uly forum saýtdyr!