ALLAHA YNANMAÝANLARYÑ KURANY OKAMANDYGYNA WE SORAGLAMANDYGYNA DEGIŞLI DELILLER: PYGAMBER AÝY IKÄ BÖLDÜMI?

Bu makalany ýazmagyma sebäp bolan islamiforumlar.net internet sahypasynda 2019-njy ýylyñ 27-nji Awgustynda Düýş Ýorujy (Rüya Tabircisi) tarapyndan açylan mowzugy terjime edip size ýetirmekden ybaratdy. Birem, ýetirjek bolýan makalam şu ýerde, ýagny talyplar.comda kä wagt gelip psihologiýañy barlap gidýän, Allaha we onuñ gudratlaryna ynanmaýan @Panturkist, atly agza jogap hökmündedir.
Ateistler şeýle diýýärler: ''Kuran okadym, soñam Ateist boldum (Allaha we onuñ gudratlaryna ynanmaýan kişi).
Aslynda olaryñ pikirlerini gollan, üns beren we dogry hasaplan her bir musulman hemme zadyñ ''anygyna ýetdim'' diýip Ateist (dinsiz) bolup biler. Biz sorag-jogaplary alyşdyk we Ateist bolduk diýip şeý diýýär: ''Muhammet Aýy 2-ä bölmedi. Çünki Kuranda Muhammede keramat berilmändigi aýdylýar.
Aýatlara göz aýlalyñ: Bizi keramatlary görkezmekden alyp goýan zat, öñküleriñ bulary ýalan hasaplamagydyr. Soñ Semut kowmuna, açyk mugjyza hökmünde urkaçy düýäni çykardyk, emma oña (ynanman) erbetlik etdiler. A biz bolsak keramatlary diñe gorkuzyp aklyna aýlandyrmak üçin ugradarys (Isra 59).
Ateistler bu ýerde Pygambere mugjyza berilmändigini aýdýarlar. Kamar süresiniñ 1-2 aýatlary: ''Wagt ýakynlaşdy we Aý ýaryldy. Olar bir mugjyza görseler şo bada ýüz öwrüp ''Bu öñden gelýän jadygöýçilikdir!'' diýerler. Pygamberiñ aýy ýarma hadysasy ýalan hasap etmez. Çünki Kamar süresinde Aýyñ (darka) ýarylandygy aýdylmaz. Onda şol aýatyñ Pygambere ugradylan mugjyzadygyny nireden bilýäris?
Çünki Kamar 2-de mugjyza hakynda aýdylýar we olaryñ ýüz öwürip ''jady'' diýip arkaýyn aýdyp bilýärler.
Bu hem Aýyñ bölünme mugjyzasynyñ hakykatdygyna bagly açyk delildir. Olar mugjyzany göz göre ynanyp iñkär edip ''jady'' diýipdirler, olaryñ beý diýmeleri bolgusyzlyk.
Beýle zat bolup bilmez? Kapyrlardan käbirleri ''Muhammediñ pygamberligini perişdeler gelip aýtsalarda ynanmarys'' diýipdirler. Hatda muny ''Ebu Jehiliñ'' özi hem diýipdir, diñe ol däl Pygamberiñ käbir garyndaşlary hem şeý diýipdirler.
Şoñ üçinem olaryñ pygamberiñ mugjyzasyna garşy ''jady'' diýip ýuwmarlamaklary adaty zat.
Aýratynam Pygamberiñ mugjyzasyny gören musulmanlar begenipdirler.
Yslamyñ hakdygyna öñkülerindenem beter söýgüleri artypdyr.
Ateist:
ㅡ Bolýar, ýöne, Aýy ýarmak, örän mantyksyz. Ylym muny kabul edenok!? Bu keramat hakyky däl!
Musulman:
ㅡ Gül ýaly hem bolýar!
Ylym ''Aýy ýarmak'' wakasyny kabul edendir.
Subutnamamy???
- NASA, aýyñ üstünde ýaryk, jaýrygyñ bardygyny ýetirdi. Bu hem Hezreti Muhammediñ mugjyzasynyñ ylmy delilidir.
Aýratynam şeý diýdiler: ''Bu ýarygyñ nädip emele gelendigi hakynda çaklamamyz ýok''
Ateistㅡ Kuranda agzalyp geçilen diýýärsiñiz, Kuranda agzalmagy Muhammediñ Aýy ýarandygyna delil bolup bilermi?
Musulmanㅡ Elbetde delil. Ýöne, Pygamber Aýy bölende ony synlaýan mähelle köp bolupdyr, aralarynda musulmanlaram bolupdyr.
Pygamber bu mugjyzany 52 ýaşyndaka görkezipdir.
Eger Pygamberiñ ýanynda hiç kim bolmasady ýalan diýilerdi.

Taýýarlan: @Jeksparro


Internet maglumaty esasynda taýýarlandy:
Bellik:

https://www.islamiforumlar.net/konu/ateistlerin-kuran-okumadigina-ve-sorgulamadigina-dair-deliller-peygamber-ayi-ikiye-boldu-mu.43055/

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir