Döwletjan Ýagşymyradow ACA-nyň sanawynyň birinji ornunda
Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow garyşyk söweş sungat bolan ACA-nyň ýeňil agramdaky türgenleriniň sanawynda birinji orny eýelýär. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berdi.

31 ýaşly ildeşimiziň ACA-nyň häzirki çempionydygyny ýatladýarys. Sanawda ikinji orny russiýaly Muslim Magomedow, üçünji orny onuň watandaşy Alekseý Butorin eýeleýär.

ACA (Absolute Championship Ahmat) Ýewropada iň çalt ösýän we dünýädäki meşhurlygy has beýgelýän ýaryşlaryň biridir. Häzir onuň tutluşyklarynyň geografiýasy Russiýanyň 10 şäherinden daşary hem Beýik Britaniýa, Polşa, Gruziýa we Täjigistana çenli baryp ýetdi.

ACA-nyň iň soňky tutluşygy şu ýylyň 24-nji iýulynda geçirildi we onda Magomed Ismailow watandaşy Aleksandr Ýemelýanenkony tehniki nakaut bilen ýeňdi.

ACA 108 tutluşygyny 8-nji awgustda geçirmek meýilleşdirilýär

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir