Salamaleýkimler! Ine, Şu gün saýtymyzy aktiw ulanýan agzalarymyz bilen söhbetdeşlik temasyny açmagy saýtymyzyň myhmanlary bilen makul bildik. Agzalar, her bir berlen soraga doly, dürs hemem serýozno jogap berersiñiz diýip umyt etýäs.
Myhmanlarymyzyň gyzyklanýan agzalary:
@Panturkist, @MrOkaS, @Jeksparro, @12, @Rakuten, @messibet, @yashalym, @Arslanalayev @sari...
1. Adyñyz.
2. Doglan ýylyñyz we ýaşaýan ýeriñiz.
3. Nirede we näçenji kursda okaýañyz.
4.Dostluga garaýşyñyz.
5.Gündelik wagtyñyzyň näçe %-ini internete sarp etýäñiz.
6.Söýgä ynanýaňyzmy.
7.Bagt diýip näme düşünýärsiňiz.
8.Türkmen gyzy nähili häsiýetde bolmaly(siziň pikiriňizçe).
9.Öz durmuşyňyzda 1 zady üýtgetmäge rugsat berseler nämäni üýtgederdiňiz.
10.Iň şatlykly günüňiz haýsy gün boldy.
11.Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryňyz haýsy.
12.Adamda iň ýigrenýän 3 häsiýetiň haýsylar.
13.Siz meniñ ýerime bolan bolsañyz näme iş ederdiňiz.
14.Maşgalaňyzdakylar sizi öýerjek diýen karara gelseler näme diýerdiňiz.
15.1 dilegçi sizden sadaka dilese berermidiňiz.
16.Okuwda näçelik baha alýardyňyz.
17.Durmuşda iň kyn zat näme siziň pikiriňizçe.
18.Adamlaryň haýsy herektini bagyşlap bilmeýäňiz.
19.Türkmen sözüni eşideniňizde aklyňyza gelýän ilkinji zat näme.
20. Düýş ýorgutlaryna ynanýaňyzmy.
21.3ýyllap 1adada ýaşamaly diýse, ýanyňyza iň ýakyn adamyňyzdan kimi alardyňyz.
22.Halaşýan gyzyňyzy parkda başga oglan bilen görseňiz näme edersiňiz.
23.Surata düşmäni halaýaňyzmy.
24.Siz Prezident bolan bolsaňyz ilkinji näme ederdiňiz.
25. Agzalara aýtjak jemleýji sözüňiz

Taýýarlan - Perhat Sabirovv

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir