BOÝUN ALMAK
Men sizi söýýärin, Mejnun bolýaryn,
Köýse-de bu zähmet biderek ýere,
Bu samsyk işimde, men bagtygara,
Aýagña baş goýup, boýun alýaryn!
Maña gelşikli däl, ýaşymam bir çen...
Akylly bolmagma wagt ýetipdir!
Her bir görnüşinden añýaryn weli,
Yşk hanjary ýüregime batypdyr:
Maña sensiz tukat, pallap otyryn,
Siz gelseñiz gamgyn-özüm duýýaryn,
Gaýrat ýok diýmegi göwne getirýän
ㅡPerişdäm, men sizi örän söýýärin!
Gelse gulagyma myhmanhanadan
Tykyrdadyp geýeniñde köwşüñi,
Ýürek böküp, sypjak bolýar synadan,
Birden ýitirýärin akyl-huşumy.
Siz gülseñiz ㅡ maña örän şatlykdyr,
Meñ üçin hesretdir ㅡ ýüz öwürseñiz.
Uzyn gün jepama ㅡ uly aklykdyr,
Eliñizi meñ elime berseñiz.
Özüñi perwaýys tutup hemişe,
Keşde çekip, başlan mahalyñ işe,
Saça timar berip, süzseñiz gözi,
Körpe çaga ýaly men çakdanaşa
Hezil edinýärin göremde sizi!..
Gitjek bolanñyzda gezmäge daşa,
Çisñinli howada, çytyk howada,
Size dözmän, edip agyr endişe,
Gam çekişim aýtmaýynmy men ýa-da?
Aýtmaýynmy siziñ gözden ýaş döküp
Ýa gizlin gürleşip oturanmyzy,
Ýa biziñ Opoçka seýrana çykyp,
Saz çalyp gijäni ötürenmizi?..
Haýpyñ gelsin, Alinam ㅡ meñ başpenam,
Söý diýmäge hakym ýok hiç mahalda.
Belki, ölmeseñiz meñ eden günäm,
Söýgiñize degýän däldir sähel-de,
Nazaryñyzyñ bardyr täsin gudraty!
Söýen boluñ, göwün açylsyn bir bat!
Wah, meni aldamak kyn däldir gaty!..Özüm hem meýletin aldanmaga şat.
Aleksandr Sergeýewiç PUŞKIN
Terjime eden: Çary AŞYR
______________
Boýun almak
-
aynura
4 years ago
- Very good...
-
Jeksparro
4 years ago
- @aynur???
-
aynura
4 years ago
- @Jeksparro???...
-
Jeksparro
4 years ago
- @aynura, haçan jañ etjek...
-
MrOKaS
4 years ago
- Boýnumyza almakdan ýaña boynumyz dowulere geldi emma bize boyun aldyranlar soyulyanini boyun almasa natmeli jenap Pushkin))
-
Jeksparro
4 years ago
- Şo soraga menem jogap tapamok @MrOkas...
yashalym 4 years ago- Gowy terjime edilipdirai manylyja