Seljukly we Osmanly döwletiniň taryhy baradaky köp seriýaly türk filmi köpleriň söýgüsini gazandy. Telewideniýede berilip ýören wagty kän gyzygmandyryn. Ýöne şu günler şol filmi görüp başladym. Gyzykly edip çykarypdyrlar, taryh bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna bilemok. Ýöne döwrümize gabat getirjek bolandyrlarda, Ertogrulyň esasy maslahatçysy aýaly bilen ejesi edipdirler. Kän türkmende gabat gelinmän, käbir klassyklammyzda aýalynyň maslahaty ýazgarylýaram. Aýal haklary diýip garşy çykmasynlar diýip döwrümize gabatlap sazlaýandyrlarda.
Biziň telewideniýämizem terjime edip görkezse gow-a bolardy. Öz taryhymyz hakynda eken. Çawdarlar diýýän taýpasy biziň Çowdurlammyz öýdýän.
Bu seriýal hakynda kimiň näme aýtjak goýjagy bar bolsa paýlaşyp biler.
"Direliş: Ertogrul" filmi barada.
-
yashalym
4 years ago
- Su kinony hezil dp gaty owyaler yone menà gyzygyp bilemok gadymyrak kino yalyda birhili
-
yashalym
4 years ago
- Bashdan gorup bashlamasam gyzygyp bilemoga men
-
yashalym
4 years ago
- Bashdan gorup bashlamasam gyzygyp bilemoga men
-
yashalym
4 years ago
- Cukur hezildi
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Şu kinony ýalňyşmasam ZorTv diýen telekanaldan berýär öýdýän
-
messibet
4 years ago
- Türksatda 42˚-da BEYAZ HD, TRT1, TRT, 360 HD kanallary şu günlerde-de berip dur. Prokatlarda rusça öwrülenem satylyp dur. Gyrgyz, gazak kanallaram berip dur. Seriýal diýilýäniň başyndan görmeseňem gyzygyp gidýän ekeniň. Menem başyndan görmedim.
-
Jeksparro
4 years ago
- Taryh bilen baglanyşykly yöne çeper öwüşgünler berilen. Görogly Eposda Görogly öz ayalynyñ maslahatyna eyeryar köp yerde.
Çawdarlar şo Çowdurlar bolyar...
-
wagt
4 years ago
- Biziñ klassyklarymyzda ne aýalyñ, ne aýalyñ maslahatynyñ ýazgarylan ýeri bardyr. Muny haýsy düşünje bilen aýdýarkalar? Klassyklar diñe ýaramaz aýaly ýazgarýandyr, ýazgarýan bolsa. Türkmen taryhynyñ hiç bir döwründe aýal-gyzlara kembaha garamandyr, gaýtam hudaý derejesine göterip, apalapdyr, söýüpdir:
http://kitapcy.com/news/2020-03-19-10912
http://kitapcy.com/news/2018-12-24-4152
http://kitapcy.com/news/2018-09-10-2388
http://kitapcy.com/news/2018-10-05-2744
http://kitapcy.com/news/2019-05-10-6840
http://kitapcy.com/news/2020-03-09-10741
http://kitapcy.com/news/2020-03-07-10713
http://kitapcy.com/news/2020-03-07-10716
http://kitapcy.com/news/2020-07-10-8084
http://kitapcy.com/news/2018-06-27-758
http://kitapcy.com/news/2019-02-09-5139
http://kitapcy.com/news/2020-07-03-9348
http://kitapcy.com/news/2020-03-28-11031
http://kitapcy.com/news/2020-05-29-11595
http://kitapcy.com/news/2019-11-25-9345
http://kitapcy.com/news/2019-11-25-9339
http://kitapcy.com/news/2020-03-08-10727
http://kitapcy.com/news/2020-03-19-10908
http://kitapcy.com/news/2020-06-18-11805
http://kitapcy.com/news/2019-10-17-8585
http://kitapcy.com/news/2019-10-17-8624
http://kitapcy.com/news/2020-01-22-10269
http://kitapcy.com/news/2020-05-28-11571
http://kitapcy.com/news/2019-02-17-5287
http://kitapcy.com/news/2020-07-09-9139
http://kitapcy.com/news/2018-12-19-4046
http://kitapcy.com/news/2020-05-01-11421
http://kitapcy.com/news/2020-02-18-10577
-
wagt
4 years ago
- Eger bizde aýaly erkekden pes görmek garaýşy kimde dowam edyän bolsa, bu irki orta asyrlarda araplaryñ gelmegi b.n, soñra diniñ düýp mazmunyna düşünmeyan fanatik yslamçylaryñ propogandasy b.n dörän zat.
Soñam ors geldi aýal-gyzlara deñlik berjek diýip görgülileriñ milli egin-eşigini özümize sypyrdyp, kombinezon geydirip traktor sürdürdiler, türkmeniñ oyuniñ törüniñ bezegi bolan zenanlarymyzy meydanlarda gara yaga buladylar, zaherli himikatlar sepilen pagta meydanlarynda pagta ýygdyrdylar....
-
messibet
4 years ago
- @wagt goýan ssylkalaňňa girmedim welin aşakda Magtymguly Pyragyň "Aňlamaz" şygryndan bir bent goýjak.
"Belet başlar dogry ýoly çen bile,
Akyl adam söz başlamaz
«men» bile,
Namart otyr, geňeş eýlär zen bile,
Goç ýigitler zen geňeşin aňlamaz."
-
messibet
4 years ago
- Indiki diýjegiň bu goşgy Magtymgulyňky däl, başga kişiň goşgusyny Magtymgula ýanapdyrlar diýmeseň bolar.
-
messibet
4 years ago
- Pyragy şygrynda şeýle diýibem aýal maşgalany peseldipdir diýýändirin öýdüp duşünäýme. Hersiniň öz ýeri bar. Söweş erkekleň meselesi, aýal adamyň (köpçülik manyda aýdýan, häzir Harmandäli diýäýme) öz ýeri bar. Aýalyň işinem erkekler oňarmaz.
-
messibet
4 years ago
- Aýaly erkekden asla pes görýän däldirin. @wagt sen biri bilen disskussiýa girseň hökman birzat diýýäňde pylanylardan ekeniň diýip "möhüriňi" basaýýaňaý. Fanatik Yslamçy diýäýdiňow 🤔
-
messibet
4 years ago
- "Gala" spektaklyny gördüňmi? Galaň geljekki ykbaly çözülip otyrka ahun, işanlar, beg serkerdeler, hanlar sazandalar bardyr welin maslahatda ýekeje aýal maşgalada gatnaşýan däldir. Ýene-de aýdýan, aýal maşgalany peseltdikleri däl ol. Ol maslahat aýal maşgalalaň ýeri däl.
Taryhdada Ärtogrul beg beýdip ejesi bilen aýalyny tirkäp gezendir öýdemok. Bu döwürde lgbt diýdi, ýene diýdi seriýaly protest etmesinler, hemme düşünjedäkiler (lezbiýan, geý, transgender....) görsün diýlip çykarylan bolmaly diýjek boldum, ýoookarda.
-
wagt
4 years ago
- Men jemgyýetde dowam edýän we başga halklaryñ üsti bilen aralaşyp, indem aýrylyp gidibermeýän zyýanly düşünjeler barada aýtdym. Ne siz b.n diskussiýa girmek pikirim bar, ne-de size haýsydyr bir ýarlykdyr möhüri dakmak.. (häzire çenlem "sen pylanylardan ekeniñ" diýip kimdir birini aýyplan ýerimiñ bolandygyny hiç serime aýlap bilmedim, eger siziñ pikiriñizçe şoña meñzeşräk bir zatlar baram bolsa, diýen sözümiñ bir tutarygy, bir esasy bardyr, bilmän, tanaman adama zat diýenim ýadyma düşenok). Biziñ islendigimizde ýaramaz urp-adatlardan, garaýyşlardan alýan negatiw täsirlerimiz netijesinde döreýän ýalñyş pikirler bolup biler we munuñ ü.n hiç kimiñ hiç kimi aýyplamagyna hajat ýok.. munuñ üçin hiç kimiñ kemsinme duýgusyny götermegi-de hökman zat däl. Her kimiñ pikiri, sözi - öz boýnundaky ýarlygy, öz ýüzi, öz aýnasy. Şol nusgadan seretjek bolsak, onda şu taýyk "geý, lezbiýan, transgender" ýaly näletlenenen jandarlaryñ adynyñ agzalmagynyñ näme manysy barka?..
Aý bolýa, janyñ sag bolsun. Serialy tomaşa etmegiñi dowam et, oñarýañ. Özüm-ä taryhymyza janköýerlik edýän ýaşlarymyzy görsem, oglum bolan ýaly begenýärin. Bu serial hem azda-kände şoña sebäp bolýan düýpli we gymmatly iş.
-
Jeksparro
4 years ago
- @messibet sen türkmeniñ taryhynyñ döwletsiz geçen eyyamlaryndaky wagtlardaky XVIII, XIX, XX asyrlardaky arap medeniýeti bilen bagry badaşan türkmenleriñ añ düşünjesindäki wagtky taryhy gürrüñ berjek bolyañ!
Osman türkmen döwletiniñ soltany Süleyman şanyñ ayaly Hürrem soltanyñ edenlerini yada sal.
Horesmşalary türkmenleriñ soltany Muhammet Şanyñ ejesi Türkan hatynyñ aydanlaryna gulak asyşyny yadyña sal.
Ärtogrulyñ döwrüne degişli maglumatlarda onuñ heleyine, ya ejesine gulak asyp olañ yzlaryna düşüp yöreni belli dal, yöne seriyala türkmeniñ geçmişi, taryhy-dessany öwüşginler siñdirilen.
Yagny Sak-skifler döwründe ayallar gyzlar sak erkekleri bilen birlikde maslahat edipdirler. Gerek yerinde olar bilen deñ durup duşman bilen urşupdyrlar. Gerek yerinde sak türkmenleri heleylerini dört tekerli ata tirkelen arabalarda äkidipdirler.
Hatda Gadymy eyyamy gorky astynda saklan Amazonka atly Zenanlaryñ mifiki yurdunyñ hem bolandygy, ol hem hut şu türkmen sährasynda bolup geçendigino Geredot Taryh kitabynda aydyar.
Bu hakda Öwez Gündogdyýewiñ ''Amazonkalar hyýalmy ýa hakykat'' diyen makalasyny okañda düşünersiñ!
-
wagt
4 years ago
- Salyhatlyrak ýazyp bileñokmy teswiriñi, Jek. Goh-galmagal b.n kürsäp girýäñ orta. Linkleriñ arasynda Ö.Gündogdyýewiñ makalasam, skifleriñ döwri baradaky, umuman türkmen taryhynyñ hemme döwründe zenanlaryñ jemgyýetde tutýan orny baradaky makalalaram bar.
@Messibetiñ şu ýerde bir ýalñyşlygy bar: döwürlere umumy göz b.n seredýär, baha berýär. "Gala" spektaklyndan mysal getirýär (režissýory K.Aşyrow) "Gala spektaklynyñ döwri bilen başga döwürleri garyşdyrýar, edil häzirki döwür bilen "Gala" spektaklynyñ wakalarynyñ geçýän döwrüni (XIX asyr) deñeşdirip bilmeýşimiz ýaly, umumy baha berip bilmeýşimiz ýaly yslamdan öñki, yslamdan soñky, irki orta asyrlar, giçki orta asyr, soñky XVIII-XIX asyrlar, ondan soñky XX we häzirki XXI asyrdaky jemgyýetimizde zenanyñ ornuna umumy baha berip bilmeris. Hersi aýry-aýry döwür, her aýry döwrüñem şol wagtky şertine görä, mahsus düşünjesi, urp-adatlary, ýörelgeleri bar.
@Messibet sözüñ başynda Magtymgulydan bur bendi galkan edinip, bizi "men-menlikde" aýyplapsyñ (eger ýalñyşmaýan bolsam). Men diñe şeýle pikirleriñ ýokundylarynyñ hemmämizde bardygyny we şonuñam ýalñyşdygyny aýtjak boldum we muña-da özgeleriñ ýazan makalalarynyñ linklerini mysal getirip goýdum. Isle oka, isle okama, isle gir, isle girme. Ol öz işiñ. Ýöne maña ýüzlenip ýazan teswirleriñde aýyplamagy-da, möhürlemegi-de, "men-menligiñ" ysyny-da ýeterlik derejede görmek mümkin. ("Gala" spektaklynyny gördüñmi?" soragyñdan... Men ýene bir gezek nygtaýan: häzire çenli tanamayan adamyma bilyanlerimi mazamlajak bolan yerimem yok, ony bilimsizlikde, nadanlykda aýyplan ýerimem yok. Hemme zady hemme biler. Siziñem, biziñem bilmeyan zatlarymyz kan, bilyanlerimiz bolsa deñizden bir damja mysaly, bu hemmeler babatda şeyle dogry dalmi?) Yone "Gala" spektaklyny gorduñmi diyen soragyña çynym bilen gulkim tutdy.
"Alsañ nesihat, almasañ pesihat", oñarsañyz tanamayan adamyzyña haysydyr bir zady okandygyñy we okamadyklaryñam şony okasa gorse gowy boljakdygyny aytsañ ayt, emma hamana ol okamadyk gormedik yaly "okadyñmy, gorduñmi!" diymañ, eger ol siziñ diyyaniñizi okan bolsa ozuñiz utanarsyñyz.
-
messibet
4 years ago
- Göwne degişmek üçin ýazmadym. Gelşiksiz gören jogaplam üçin ötünç soraýan. Niýetimde äsgermezçilik edip, özümi ýokary görkezmeklik ýokdy. Ýalňyş düşnüşme boldy. Göwün etmäweriň 👍
-
wagt
4 years ago
- Ok. )) ine, munyñ bolýa..
messibet 4 years ago- Görogly eposyny gyzygyp okapdym. Şulara berseň Göroglymyzam bet kino edip çykaryp bererler.