Ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenleri
Ykdysady neşir bolan “Forbes” žurnaly soňky 12 aýyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenleriniň sanawyny mälim etdi. Sanawda ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka 1-nji ýeri eýeledi. Ol soňky 12 aýyň dowamynda 37,4 million dollarlyk girdejä eýe bolupdyr. 22 ýaşly tennisçiniň gazanan girdejisi zenanlaryň arasynda rekorda deňdir. Ozalky rekord russiýaly Mariýa Şarapowa degişli bolup, ol 2015-nji ýylda 29,7 million dollarlyk girdeji toplapdy. Karýerasy boýunça Amerika Açyk we Awstraliýa Açykda çempion bolan Osaka geçen ýylky sanawda 24,3 million dollar bilen 2-nji orny eýeläpdi.
Şu ýylky sanawda amerikaly tennisçi, mundan öňki 4 ýylyň birinjisi Serena Williams 2-nji orna mynasyp boldy. Ol soňky 12 aýda 36 million dollar gazandy. 3-nji basgançakda Mariýa Şarapowa bolup, golaýda tennisi taşlan ýyldyz 29,7 million dollarlyk girdeji ýygnamagy başardy.
Ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenleri
-
wagt
4 years ago
- Bize name peydasy bar Şarapowanyñ gazanan pullaryndan?
-
wagt
4 years ago
- Iñ gowsy name u.n bizde şeyle reytingi yokary professesional sportsmenler yok diyp kelle döwsej gowy bolmazmy?
-
wagt
4 years ago
- Ýa-da internet okyjylaryna has peydaly, meselem düşünjesini giñeldip bilayjek, biraz oylandyrayjak, tasirini yetirip bilayjek gowurak makalalary paylaşsañyz?
-
wagt
4 years ago
- Yokuş görme welin, @12 ya-ha boş syýsy habarlar, ya-da şular yaly hemmelere tw-dyr beyleki habar beriş serişdeleri arkaly şeyle-de malim peydasyz habarlar.
-
wagt
4 years ago
- paylaşyanyñyz.
-
Jeksparro
4 years ago
- Ay näme türkmenlerem şular yaly derejelere yetip tijensin diyip açyandyr-da @wagt,! :-D
-
MrOKaS
4 years ago
- @Wagt natdinay dos bu maglumatlar size gyzyk bolmasada gyzykyan adamlar bardyr belki onsonam talyplara giryan 3,4 adamyn turkmenlerem shu dereja yetsin diyip tankydy mowzuk acany bilen name bizin turgenlerin goltugynyn gyllary oynarmyka
wagt 4 years ago- Boş gazet habarlary