Oraza niýet edip tutmaga başlandan soň, ony tamamlamak mükellefe borçdur. Şonuň üçin meşrug bir sebäp bolmasa, başlanan orazany bozmak günädir. Çünki, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr: «Sebäpsiz remezandan bir gün oraza tutmadyk kişi başga günlerde ömürboýy oraza tutsa-da, şol günüň borjuny doly ödäp bilmez», (Ibn Maje, Darimi, Ahmet b. Hanbel).

Orazanyň manysy: Allahyň razylygy üçin naharlanmak, lezzet we keýp almak ýaly işdä we şehwet duýgusyny kanagatlandyrýan zatlardan nebsi mahrum etmekdir. Bu gadaganlygy bozýan her bir amal, hereket orazanyň many we maksadyna tersdir. Iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak orazany bozýan zatlardyr. Bularyň käbiri kaza, käbiri bolsa hem kaza, hem keffarreti zerur edýär.

Kazany zerur edýän ýagdaýlar
Kaza – hiç tutulmadyk farz ýa-da tutulmaga başlanyp, soň bozulan orazanyň gününe deň agyz beklemekdir.

Hanefi alymlary iýmitlenmek ýa-da bejermek maksady bolmadyk zatlar iýlip-içilen ýagdaýynda, orazanyň bozulýandygyny we diňe kazany zerur edýändigini belläpdirler. Bular ynsanyň özüniň meýil etmedik zatlarydyr. Meselem, orazaly kişi bişmedik miwe, tüwi, mäş, dary ýa-da ýag, çig hamyr, un, toprak ýa-da palçyk iýse, daş, demir, gurşun, çigit, daşy gabykly pisse, badam ýaly bir tohumy ýuwutsa, bu ýagdaý oňa kaza orazasyny tutmagy zerur edýär.

Gar, ýagyş damjasy agza düşen ýagdaýynda bilip ýuwdulsa, oraza bozulýar. Ýöne biygtyýar ýuwdulsa, oraza bozulmaýar.

Gusmak bilgeşleýin edilmedik ýagdaýynda orazany bozmaýar. Emma bilgeşleýin edilen ýagdaýynda, diňe agyz dolusy gusmak orazany bozýar.

Gusmak barada esaslanylýan hadysy şerif şudur: «Orazaly kişä gusmak zerurlygy dörände özüne erk edip bilmese, onda kaza gerek däldir. Eger öz islegi bilen gussa, oňa kaza tutmak zerurdur», (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibn Maje).

Unudyp bir zat iýip-içmek orazany bozmaýar. Pygamberimiz orazalydygyny unudyp iýip-içeniň orazasyny dowam etmelidigini, ony Allahyň iýidirip-içirýändigini aýdypdyr, (Buhary, Müslim). Ýöne ýalňyşlyk bilen iýip-içmek orazany bozýar. Meselem: Bir kişi orazalydygyny bilip, bilgeşleýin däl-de, ýalňyşlyk bilen iýip-içse, taharet kylanda bogazyndan aşak suw gidirse, ýa-da suwda ýüzýärkä suw ýuwutsa orazasy bozulýar. Beýle ýagdaýda diňe kaza tutulýar. Ýöne bu ýagdaýda orazalydygyň ýadyňa düşmese, onda oraza bozulmaýar.

Orazalydygyňy unudyp iýip-içeniňden soň: «Orazam bozuldy» diýip iýmegiňi dowam etdirmek, ýa-da gije niýetlenmän gündiz niýetleneniňden soň, gündiz edilen niýet kabul bolmaz diýen düşünje bilen iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak orazany bozýar.

Eger oraza güýji ýetýän biri ýalňyşlyk bilen iýip-içmekçi bolsa, oňa derrew orazalydygy ýatladylmaly, ýatlatmazlyk tahrimen mekruhdyr. Eger bu kişi garry ýa-da ejiz biri bolsa, hiç zat diýmezlik jaýyz görülýär.

Jynsy şehweti meşrug däl ýollar arkaly kanagatlandyrmak orazany bozýar we kazany zerur edýär. Meselem: bir erkegiň aýalyny, ýa-da aýalyň ärini öpmegi, sypalamagy, gujaklamagy, el tutuşmak netijesinde, ýa-da el bilen jynsy şehweti kanagatlandyryp erkekden meni, aýaldan nem çykmagy orazany bozýar.

Remezanyň başyndan soňuna çenli çaşan ýagdaýdaky kişi soňra özüne gelende onuň kaza tutmagy gerek däldir. Munda ittifak bardyr.

Dälirän, akyly üýtgän adam remezanyň dowamynda özüne gelip sagalsa, öňki günlerini kaza etmelidir.

Fejriň dogandygyna şübhe edýän kişi üçin iň fazyletlisi iýip-içmegi goýmakdyr. Ýöne iýip-içmegi goýmasa-da dürsdür. Fejirden soňra iýip-içendigi anyk bolsa, onda ol kazasyny tutmalydyr. Çünki, şol wagt gije dowam edýär. Orazaly kişi Günüň ýaşanyna şübhe etse, iftar etmegi halal bolmaz. Iftar edip hakyky ýagdaýy bilmese, kaza orazasyny tutmalydyr. Ýöne Gün ýaşmazyndan öň iftar edendigi mälim bolsa, kazadan daşgary, keffaret orazasyny hem tutmalydyr. Çünki, şol wagt gündiz dowam edýäp. Şol sebäpli ätiýaç üçin: fejriň dogmagyndan öň oraza başlamak we agzaçary gijikdirmek iň laýygydyr.

Agzyna sähelçe gusuk gelen, ýa-da gybat edenden soň,gan aldyranyňdan soň, ýa-da şehwet bilen öpüşeniňden soň, ýa-da ihtilam bolandan soň orazasy bozulandyr öýdüp iýip-içen diňe kaza tutmalydyr.

Derman ulanmak we sanjym etdirmek
Agyzdan kabul edilýän dürli görnüşdäki dermanlar orazany bozýar. Çünki, olar iýmitlendirji häsiýete eýedir.
Klizma etdirmek, burnuňa, gulagyňa derman, ýag damdyrmak orazany bozýar. Bu ýagdaýda kaza tutmak zerurdyr. Ýöne gulaga giren suw orazany bozmaýar.
Göze damdyrylan derman bogazyňda duýulsa-da orazany bozmaýar.
Bedene urlan iňňe agyzdan kabul edilen dermanlar ýaly orazany bozýar. Çünki, bu orazalynyň öz razylygy bilen edilişi ýaly, beden üçin hem peýdalydyr. Bu ýagdaýda kaza tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda sanjymy agzaçardan soň etdirmek has laýygydyr.
Ynsanyň derisinden içine syzan zatlar orazany bozmaz. Şonuň üçin bedene çalnan ýag ýa-da ýuwnanyňda sowuklygy bedeniňe ornaýan suw orazany bozmaýar.
Demgysma keseliniň garşysyna tozan şekilinde ulanylýan dermanlar (ingalýasiýa) orazany bozmaýar.
Bedene gan goýbermek derman beren ýaly orazany bozýar. Ýöne gan aldyrmak orazany bozmaýar. Şonuň üçin «Bedenden çykýan zatlar tahareti bozýar, bedene girýän zatlar bolsa orazany» diýen söz kada öwrülipdir.
Dişiňi sogurtmak hem orazany bozmaýar. Ýöne gan we dermandan hiç bir zat ýuwutmaly däldir.

Kaza bilen baglanyşykly käbir meseleler
Hassalyk, ýolagçylyk, haýz, nifas we ş.m. uzur sebäpli remezan aýy tutulmadyk oraza hökman kaza edilmelidir. Şeýle hem keffaret, nezir, ýa-da başlanyp, soň bozulan nafile orazasy hem kaza edilmelidir.

Hanefi mezhebinde kaza üçin belli bir wagt görkezilmändir. Remezan orazasynyň kazasyny agyz beklemek gadagan bolmadyk günlerden başga islendik gün kaza etmek bolýar. Orazasy kaza galan kişi muny kaza etmän, soňky remezana barsa, remezan orazasyny kaza orazasyndan öň tutmaly. Çünki, kaza üçin wagt köpdür.

Ymam Şafyga görä, remezana degişli kaza orazasyny beýleki remezan gelmezinden öň tutmaly. Öňki remezan orazasyny tutulman ikinji remezana gelen kişi, hem kaza, hem her gün üçin bir fidýe bermelidir. Çünki, kaza edilmeli wagt gutarýar. Kazany wagtyndan soňa goýmak bolsa, bu mezhebe görä, amal edilmegi zerur bolan bir ybadaty soňa goýan ýalydyr.

Bir kişi fejr dogandan soň kaza orazasyna niýet etse, oraza kaza ýerine geçmeýär, nafile orazasy bolýar. Çünki, niýet gijeden edilmelidir. Bu orazany-da bozjak bolsa, onuň üçin hem aýratyn, täzeden kaza tutmalydyr.

Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin oraza tutmak hem edil namaz ýalydyr. Güýji ýetjek çagalara oraza tutmak emr edilmelidir. Tutmasa kaza etmegi gerek däldir.

Orazany bozmaýan zatlar
Unudyp bir zat iýip-içmek ýa-da jynsy gatnaşykda bolmak orazany bozmaz. Bu meselede farz, wajyp we nafile orazanyň arasynda tapawut ýokdur. Çünki, unutmak we ýalňyşmak sebäpli edilen işler bagyşlanypdyr.

Agzyňa suw alyp çaýkanyňdan soň, agyzda galan nemiň tüýkülik bilen ýuwdulmagy orazany bozmaýar.

Ynsanyň burnundan agzyna gelen suwuklygy ýuwutmagy hem orazany bozmaýar.

Iýilmegi adaty bolmadyk we saklanmak hem mümkin bolmadyk bir zadyň içiňe gitmegi orazany bozmaýar. Şonuň üçin derman hökmünde dişe goýlan karanfiliň (gwozdika) tagamy tüýkülik bilen bogaza gitse, howada dargan tüsse, tozan, üwelýän ýa-da ýenjilýän bir zadyň tozany orazany bozmaýar. Uçup barýan siňegiň burna ýa-da bogazyňa gitmegi hem şeýledir.

Eger dişleriň arasynda galan nahar galyndysy nohut ululygyndan kiçi bolsa oraza bozulmaýar.

Agyz dolusy gakylyk gelen ýagdaýynda oraza bozulmaýar.

Dişleriň arasyndan çykan gan bogaza gidip, aşgazana ýetmejek mukdarda az bolsa, orazany bozmaýar. Tüýkülik köp, gan az bolan ýagdaýynda hem höküm üýtgemeýär. Ýöne gan tüýkülik bilen deň ýa-da artyk bolup, tagamy duýulsa, ýuwdulanda oraza bozulýar.

Gözýaş, ýa-da der bir-iki damja ýaly az mukdarda agza girse, orazany bozmaz. Ýöne tagamy agyzda doly duýuljak derejede köp bolup, orazalydygyň ýadyňdaka ýuwdulsa, oraza bozulýar.

Kazany hem keffareti zerur edýän hallar
Farz bolan remezan orazasyna niýet edenden soň iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak, şeýle hem çilim we şoňa meňzeş bir zady ýakyp tüssesini sormak, nas atmak, çig et, iç ýag, az mukdarda duz iýmek ýaly, keýp we lezzet berýän adaty zatlary iýip-içmek, amal etmek kaza hem-de keffaret orazasyny tutmagy zerur edýär.

Iýmit hasaplanmaýan, beden üçin ýaramly bolmadyk, asly myrdar bolup, ýigrenilen zadyň öz razylygyň bilen bilgeşleýin iýlip-içilmegi ýa-da bir dermanyň agyzdan ýa-da başga bir ýeriňden alynmagy sebäpli keffaret gerek däldir.

Keffaret oraza tutmazlygyň däl-de, tutulan orazanyň bilgeşleýin bozulmagynyň jezasydyr. Şonuň üçin remezany şerifde oraza tutmaga hiç niýet etmedik biri tutmadyk günlerini diňe kaza edýär. Ýöne «niýet etmeseň keffaret gerek däl eken» diýen düşünje bilen remezan orazasyny tutmazlyk diniň esasy farzlaryndan biri bolan remezan orazasyny äsgermezçilik etmekdir. Bu uly günädir.

Remezan orazasyndan başga hiç bir oraza bozulany üçin keffaret gerek däldir.

Bir kişi bir remezan içinde ýa-da birnäçe remezanda sebäpsiz birnäçe gezek bilgeşleýin orazasyny bozan bolsa, bular üçin diňe bir keffaret ýeterlikdir. Sahyh görüş budur. Ýöne keffaret edeniňden soň, täzeden orazany şol bir görnüşde bilgeşleýin bozan kişi, munuň üçin aýratyn keffaret orazasyny tutmalydyr.

Remezan orazasy bilgeşleýin bozulan wagty, haýz ýa-da nifas ýaly oraza tutmagy gadagan ýa-da mubah edýän bir ýagdaý ýüze çyksa, keffaret aýrylýar we diňe kaza borjy galýar. Oraza tutmaga päsgel berýän kesel dörän ýagdaýynda hem höküm şeýledir. Ýöne orazany bozanyňdan soň öz islegiň bilen, ýa-da zor bilen syýahata çykmak, ýa-da özüňe zor salyp kesel bolmak keffareti aýyrmaýar.

Remezan orazasynyň keffareti üç görnüşde ýerine ýetirilýär:
1. Iki aý yzly-yzyna oraza tutmak
Ara remezan aýy düşse ýa-da oraza tutmak haram saýylýan gün düşse, keffaret orazasyna täzeden başlamalydyr. Ýolagçylyk remezan orazasynyň edasyny gijikdirmäge sebäp bolýar. Ýöne keffaret orazasyny tutýan sapara çyksa-da, orazasyny dowam etdirmelidir. Haýz we nifas bolan aýalyň keffareti bozulmaýar. Ol bu günleri geçenden soň dowam etmelidir.

2. Altmyş garyby ertirine, agşamyna doýurmak.
Garrylyk we hemişe hassalyk sebäpli keffaret orazasyny tutmaga güýç ýetirip bilmedik kişi fidýe bermelidir. Fidýe bir fitre mukdarydyr. Bu bir kişini ertirine, agşamyna doýurmakdyr.Naharyň saýlama tagamlar bolmagy hökman däldir. Şeýle hem altmyş garybyň ýerine bir garyby altmyş gün doýurmak hem dürsdür. Orazanyň keffareti üçin bir fitre mukdary sadaka bermelidir. Ýöne bir garyba bir günde jemläp beriljek altmyş fitre mukdary diňe bir günüň ornuny tutýar. Şonuň üçin her gün bir garyba bir fitre mukdary berilýär. Oraza keffaretini arassa musulman adamlara bermek has fazyletlidir. Ymam Ebu Ýusufa görä, keffaret mukdary gaýry müslime berilmeýär. Oraza tutmaga bedeniniň güýji ýetmeýän, garyby doýurmaga-da gurby çatmaýan kişiden keffaret jezasy aýrylýar. Bu kişä diňe Allahdan afuw we magfyret dilemek galýar.

3. Gul azat etmek (bu häzirki döwürde öz güýjüni ýitiripdir).

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir