Bir gün tokaýda bir adam ýekeje özi gaýgy-hasrata gark bolup otyr eken. Ähli haýwanlar ol adama ýakynlaşyp:
— Seni beýle gamgyn halda görmegi islämizok. Näme isleseň şony getireli, diýipdirler.
Adam: — Gözümiň gowy görmegini isleýän.
Guşlaryň biri: — Meniň görüş ukybymy alyp bilersiň.
Adam: — Güýçli bolmak isleýän.
Ýaguar: — Meň güýjümi al, güýçli bolarsyň.
Adam: — Dünýäniň syrlaryny bilmek isleýän.
Ýylan: —Saňa olary görkezerin.
Beýleki haýwanlaram dürli-dürli ukyplar beripdirler. Adam olaryň beren ähli "sowgatlaryndan" soňra, tokaýdan gaýdypdyr.
Şol ýerde duran baýguş beýleki haýwanlara:
— Adam indi köp zady bilýär we birnäçe zatlary etmäge ukyby bar.
Keýik: — Adam mätäç bolan zatlarynyň hemmesine eýe boldy. Indi gaýgy-gamdan uzak dursa gerek.
Baýguş: — Ýok. Adamyň içinde bir tegmil gördüm. Hiçwagt doýrup bolmajak açlyk ýaly çuň. Bu gara tegmil ony gaýgyly etmäge we mydam talap etmäge iterýär. Näçe berilse-de almaga we çöplemäge dowam etjekdir. Hat-da günlerde bir gün dünýä adama şeý diýýänçä: — "Dyndym (tükendim) saňa berere hiç zadym galmady"
Halki döredijiliginden
Adam hiç wagt dünýewi baýlyklardan doýmaýar. Materiýalizm we içki göreş
-
aynura
4 years ago
- @Perhat Sabirovv,zor ýazypsyň!
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Aynura, Minnetdar
-
Sabirowa_M
4 years ago
- Ozi doysada gozi doymayar)ya durmus bizi uytgetdi ya adam durmusy
-
aynura
4 years ago
- Durmuş adamy üýtgetmeýär,adam durmuşy üýtgedýär meniň pikirimçe...
-
MrOKaS
4 years ago
- Adam durmushy üýitgedýär durmusham adamy. Durmush adamlardan ybarat adamlaryn uyitgeyshine garap durmusham uyitgeyar kabir adamlar bolsa adamlara dal durmusha garap uyitgeyar sheylelikde Adam durmushy durmusham adamy uyitgedyar. Bu bir adam mysalynda dal butin adamzat mysalynda.
MrOKaS 4 years ago- Bäh dogrudanam adamlary gaty achgoz bolup gitdi Alla dogry ýoldan azaşdyrmasyn