Balak geýýän zenanlara yslamyñ hökümi
Balak geýýän arap ýa-da ajamy zenanlar şeýle diýýärler: ''Biz etekli köýnek geýsek araplaryñ (arap adamlaryñ uzyn etekli köýnek geýýänleri üçin) köýneklerine meñzeýär. Şonuñ üçin biz giñ balaklary geýmeli bolýarys''.
ㅡ Arap erkekleri entari geýýärler, etekli köýnekler geýenoklar. Bu üýtgemekligiñ sebäbi bolsa gerek.
Galyberse-de dinimiz yslam dini zenanlara balak geýmekligi ündänok. Ýöne her kimiñ islegine, erkine görä gezmäge haky bar, muña hiç zat diýemizok. Ýöne yslamyñ hökümi şeýle.
Bu hakda yslam çeşmeleriniñ ygtybarly hadyslary näme diýýär:
ㅡ Aýal eşigini geýen erkege, erkek eşigini geýan zenana nälet bolsun! [Hakim].
ㅡ Erkege meñzemäge çalyşan zenan, zenana meñzejek bolýan erkek bizden däldir (Muhammet s.a.w. ymmaty däldir)! [Ahmet].
ㅡ Heleý ýaly ýürege düşýän erkege, erkek ýaly ýürege düşýän, iññirdeýän zenana nälet bolsun! [Buhari].
Hezreti Äşeden (Alla ondan razy bolsun) ''Zenan (erkege mahsus) köwüşleri geýermi diýip soranlarynda, ol: ''Zenanlardan erkekleşýänlere Muhammet s.a.w. nälet okady'' diýip jogap beripdir.
Rawi, Ibnu Ebu Muleýke. Çeşme: Ebu Dawud. Liwas. 31/4099.
(ertir.com arhiwinden)
Balak geýýän zenanlara yslamyñ hökümi
-
wagt
4 years ago
- Bärde erkek bolyp aýala, aýal bolup erkege meñzejek bolýanlar barada aýdylýar.
-
Jeksparro
4 years ago
- '' Adamlañ geýýän balagy b.n name işiñ bar? '' diyen soragyña temada jogap berilgi oka yene bir sapar: '' Ýöne her kimiñ islegine, erkine görä gezmäge haky bar, muña hiç zat diýemizok. ''
-
Jeksparro
4 years ago
- ㅡ Aýal eşigini geýen erkege, erkek eşigini geýan zenana nälet bolsun! [Hakim]. - diyen hadysda erkek bolyp aýala, aýal bolup erkege meñzejek bolýanlar barada aydylanok!
-
wagt
4 years ago
- Aýallañ balagt erkekleriñä meñzejek bolup geýlenok, Töññe. Aýallañ balagynyñ özûne mahsuz biçüwi, tikilişi bar. Sen häzir erkekleriñkä meñzeş diýen aýal jinsi balagyny geýip biljekmi? Señ pikiriñçe näme tapawudy bar? Erkekleriñki bir ahyry ol? :))
-
wagt
4 years ago
- Dini hökûmler barada pikir yoredip bilersiñ, emma dini hokumler b.n iliñ gyz-gelniniñ eşigine hokum çykarmaga hakyñ yok. Her jemgyýetiñ her döwrüñ oz goteryan zady bar, gotermeyan zady bar. Bular yaly meselede molla müftüler geplese gowy bor, ikimiziñ hetdimiz dal
-
wagt
4 years ago
- Kelläñe tayak degen ýaly bir zat tapsañ başga adamy diñlasiñ gelenok. Balak diyilse name diñe etegine nagyş salnan tammanlary ayal balagydyr, olara başga hili balak geymeli daldir oydup yorşuñmi?
-
wagt
4 years ago
- Name u.n sen onda hazir telpekli donly gezeñok? Yewropadan aralaşan eşik biçûwinde gezyañ-a?
-
Jeksparro
4 years ago
- Ay men bilemok @wagt, bu soraglaryñy hol ertir.com arhivinde şu temany açandan soraymasañ! Yöne meñ özümä balak geyip yören gyzlary halamok! Isle dar bolsun giñ bolsun!
-
Jeksparro
4 years ago
- Yokarda yslam modasyny mahabatlandyryp yörenleriñ geyen balaklaryna seret, giñmi darmy görersiñ!
-
wagt
4 years ago
- Señ o yslam modasi diyyaniñ tûrklerde , bizde yok, nirde yaşap yoreniñi unutdyñ oydyan?
-
Jeksparro
4 years ago
- A näme bizde balak geymeyan, jinsi balak geymeyan gyz yokdur öydýäñmi!?
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Jeksparro, Elbetde hemmesam bar, Balak geýýànàm, Jinsi geýýànàm
-
sari
4 years ago
- @wagt we @Jeksparro ikiniz gaty bir-birinize dushunishmedinizda. @wagt siza temany yalnysh dushunip yalnysh komentariya berdiniz. @Jeksparro hem size garshylyk berdi.
Men pikrimche shul temada @Jeksparro dini kanunlarda yazylan zatlary yazdy we size yetirdi. Teman ichinde hem yazygly "islan adam islan eshigini geyip biler" diyip yazyar.
@wagt sizem temany doly okaman/dushunman godek shekilde @Jeksparro jogap beryaniz. "Tonni" zat diymage sizin hakynyz yok.
-
Yzganttm
4 years ago
- ayal ayal eshikde erkek erkek eshikde bolsa gelshigem bir zada degya
wagt 4 years ago- Adamlañ geýýän balagy b.n name işiñ bar? Aýal balak geýendä nä? Erkegiñ geýip ýören balagyny geýenog-a? Aýala mahsus balak geýýä. Ýagny mužskoý balak bar, ženskiý balak bar. Edil paltolaryñ, penjekleriñ iki dürlüsiniñ bolşy ýaly. Onsoñam ol geýilýär diýilen balakda açyk ýer ýok, hemme ýeri ýapyk. Galyberse-de islän adam islän eşigini geýer. Elbetde özüne gelişýän we öz jynsyna laýyk görnüşde. Yslamyñ hökümlerini ýalñyš ýorumlamañ.