Çagalykda örän elhenç ,gorkunç zatlary görüpdim.Ýaňy ýörjen -ýörjen bolup aýak üstüne galan wagtlarym elime ary balyndan boşan kiçijik bedrejigi alyp öýümizden uzaklaşyp gidipdirin .Men ol bedrejigi juda gowy görerdim hiç ýanymdan aýrasym gelmezdi.Şol wagt düýşimmi ýada huşum anyk bilemok emma meni palçykly turbalaryň üstünde arkanlygyna gidip barýardym .Özüm ýöramok meni näbelli bir güýç arkanlygyna göterip alyp barýardy ýöne men ony görmeýärdim.Şol palçykly çukuryň içinde adam boýy uzyn gurçuk şekilli jandarlar ellerini ýokaryk uzadyşyp meni özlerini çekip aljak bolýardylar .Olaryň elleri arkama degäýjek -degäýjek bolup geçýärdi.Olar şeýle bir gorkunçdy özlerem bir palçykly çukuryň içinde .Çukuryň içi otdan dolup daşyna çogup lowlap ýanyp durdy .Men şeýle bir gorkýardym we sesimiň ýetdiginden möňňürip aglaýardym .Ejemiň gürrüň bermegine görä şol wagt men obamyzyň ilersindäki çaga öwülýäsiniň içinde ekenim .Öwülýäniň içinden bolsa meni goňşy obadan ýagny Ajykärizden bir aýal tapyp meni öýüme getirip gidipdir .Alla ondan razy bolsun .Elbetde ol aýal bu wagt pany dünýe bilen hoşlaşdy.Ýatan ýeri ýagty , jaýy jennet bolsun . (soňy )


Gerçeknazar Amannazarow

Çeşme : eserler.weebly.com

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir