Seks gatnaşyga bolan islegiñ peselmeginiñ sebäpleri
Adamyñ durmuşynda ýüze çykýan ýagdaýlar, beden we ruhy saglygynda dörän aýratynlyklar onuñ jynsy isleginiñ hyýalynyñ üýtgemegine itergi berip biler. Jynsy islegiñ (libido) üýtgemegi onuñ peselmegi ýa-da ýokarlanmagy görnüşinde döräp dürli sebäpleri öz içine alyp bilýändir.
1. Jynsy islegleriñ peselmeginiñ sebäpleri. Jynsy islegiñ peselmegi seksual talaplaryñ peselmegi ýa-da düýbünden ýitirilmegi, jynsy gatnaşyklardan gaça durmak ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär. Dürli endokrin bozulmalary netijesinde ereklik gormonlary bolan testosteronyñ derejesiniñ peselmegi, bedeniñ dowamly keselleri (ýürek keselleri, nerw ulgamynyñ keselleri), dowamly stress hem-de ruhy gamgynlyk ýagdaýyny başdan geçirmek, käbir derman serişdelerini (meselem: gan basyşyny peseldýän, ukusyzlyga garşy ulanylýan dermanlar) ulanylmagy garşydaş jynsa bolan gyzyklanmany peseldip biler. Aýallarda göwreliligiñ öñüni alyş gormonal serişdeleriñ kabul edilmegi, göwrelilik döwri hem jynsy islegi peseldip bilýändir. Ýeri gelende aýtsak aýallarda jynsy islegiñ üýtgemegine aýbaşy halkasynyñ döwürleri öz täsirini ýetirýändir. Jynsy islege bolan höwes aýallarda halkanyñ ortasyna çenli saklanyp, aýbaşynyñ öñüsyrasynda gowşaýandyr. Ýokarda bellenen sebäplerden başga-da, jübütleriñ arasyndaky düşünişmezlikler, seksual kynçylyklar, maşgalada döräýän dartgynly ýagdaýlar, kadasyz iş günleri, dowamly ýadawlylyk, agyr fiziki iş ýaly sebäpler hem jynsy gatnaşyklara bolan höwesi peseldip biler. Seksual gatnaşyklara bolan hyjuwly zenanyñ (erkegiñ hem) daşky görnüşiniñ özüne çekiji bolmazlygy gatnaşyklarda bildirilýän ''sowuklyk'' erkek tarapyndan bildirilýän gödeklik, biparhlylyk ''höwesi peseldip'' bilýändir.
Bulardan başga-da erkegiñ ujudynyñ galkynmagyna nämeler öz ýaramaz täsirini ýetirip bilýär? Ýanaşyk işi geçiriljek pursatynda işigiñ gulplanylman galan ýagdaýynda adam birden ony duýup hopugsa, mundan başga-da erkek adam ärsiz zenan bilen ýanaşyk pursatynda onuñ göwreli bolmagyndan gorkup tolgunsa ýa-da şol zenanda ýokanç kesel bolaýmasyn diýip howsala düşse, şeýle hem ol iş ýerine ýetiriljek pursatynda gaýgy-gussa bolsa, ujudyñ işlemegine päsgel berip biler.
Eger är aýalyñ arasynda dawa-jenjel bolup, aýaly-ärine paýyş sözler bilen topulup dursa: ''Sendenem bir erkek bolarmy?'' diýip kemsidip dursa, şeýle hem onuñ üstünden göwniýetmezçilik bilen gülse ýa-da düşekde özüni sowuk-sala alyp barsa, äriniñ ütünden hojaýynlyk etjek bolup dursa ýa-da erkek adam aýalyna başga biri bilen gezýändir öýdüp müñkür bolsa, ondan başga-da biri-birinden, uzak wagtlap öýkeleşip gezse, ýanaşyk işiniñ arasyna wagt salynsa, birek-birekden irilen ýagdaýda, onsoñam erkek adam erkeklik zoruny görkezjek bolup artykmaç güýjüni sarp edip, sana kowalaşylanda ujyt gurpdan gaçyp biler.
''Täze küýzäñ suwy sowuk'' diýip kowalaşyberseñem, tolgunmak esasynda kähalatlarda ujyt ýatyp biler. Bu babatda käbir adamlara olaryñ häsiýetleri zyýan berýär. Çünki, olaryñ birnäçeleri gaýgyçyl bolup ''Nähili bolup geçerkä, oñararmykam, birden iş birip bilmän durubersem ol näme diýerkä?'' diýip, gaýga batýar (Aşgabat, Artyknur Nohurowlar. Maşgala Durmuşy. Türkmenistan neş. 1992. sah-7-8).
Seksologlaryñ bellemegine görä, kähalatlarda jynsy gatnaşyklary uzak wagtlap geçirip bilmezlik (okuw ýa-da iş saparlary we başga sebäpler) şertleriñ täsir etmegi hem jynsy islegi wagtlaýyn peseldip, olaryñ kadalaşmagy seksual bozulmalaryñ aradan aýrylmagyna sebäp bolup bilýändir.
2. Dörän ýagdaýdan çykalga: Beden kesellerini (ylaýta-da endokrin bozulmalary öz wagtynda bejerme, maşgala gatnaşyklaryny söýgi, özara düşünişme hem-de sylag bildirme duýgularyna esaslanyp gurma, öýüñ daşky bosagasynda hemme işdäki kynçylyklary ''döküp'' öýe girmek, wagtynda ýeterlik dynç almak, seksual gatnaşyklaryñyza täzelikleri girizip, biri-biriñize ünsli, mährem bolmak bu çynlakaý kynçylygy ýeñip geçmäge kömek edip biler.
Androlog lukmanyñ maslahatlaryndan soñ, erkeklere testosteronyñ serişdelerini bermek hem peýdaly netijeleri berýär.
3. Jynsy islegiñ ýokarlanmagynyñ sebäpleri: Amerikan alymlarynyñ bellemegine görä, erkek adam bir gije-gündiziñ dowamynda 124 gezek jynsy gatnaşyklary barada pikir edýär. Şeýle islegiñ mukdar taýdan görkezijisi hemme erkeklere degişli edilmese hem, jynsy islegiñ kadadan çykýan ýokarlanma ýagdaýy kesgitlenende, adamyñ beden aýratynlyklary, dini terbiýesi, durmuş ýörelgesi göz öñüne tutulmalydyr. Lukmançylykda erkeklerde döreýän jynsy hyjuwynyñ ýokarlanmagy ''satiriazis'' diýip atlandyrylsa aýallarda bu ýagdaý ''nimfomania'' ady bilen bellidir. Köplenç ýagdaýda, jynsy islegiñ güýjemegi öz seksual mümkinçiliklerine ynamy bolmadyk ýa-da kembaha garaýan adamlarda ýüze çykyp, bu häsiýet şol mümkinçilikleri hemişe barlap durmaga zerurlyk döredýär.
Jynsy hyjuwyñ ýokarlanmagy öz seksual talaplaryny kadaly kanagatlandyryp bilmeýän adamlarda (tussagda oturanlar, deñizçiler, uzak ekspedisiýa gidýänler) hem döräp, jynsy islegi basyp ýatyrmaga synanşygy köp halatlarda seksual islegiñ has güýjemegine hem-de ondan masturbasiýanyñ kömegi bilen dynylmagyna getirip biler. Seksual islegiñ güýjemegi käbir ruhy kesellerde (meselem: şizofreniýa), beýniniñ täze döremelerinde, gormonal bozulmalarda, neşe serişdeleri (kokain, beñ) kömürturşy gaz bilen zäherlenmeler netijesinde ýüze çykyp bilýändir. Öz hereketleriñize gözegçilik ediñ! Şeýle kynçylykda, dyñzap duran seksual güýji gowşatmak üçin işjeñligiñ başga görnüşlerini saýlap almak peýdaly bolar. Özüñizi gyzyklandyrýan iş bilen gümra boljak boluñ. Işiñize üns beriñ, mümkin bolsa artyk iş sagatlaryny alyp işläñ. Tans ediñ, surat çekiñ, sport bilen meşgullanyñ. Gündelik durmuşyñyzyñ her pursatynda peýdaly iş bilen, gümra bolmaga çalyşyñ, şonda size seks gatnaşyklar barada pikir ýöretmäge wagt galmaýar. Şu günki gün telewizor DVD, Sputnik antennalaryñ kanallarynyñ käbiri bize ýarym-ýalañaç aýallaryñ we erkekleriñ bedenini synlamaga mümkinçilik döredýär. Şeýle gyjyndyryjylardan özüñizi gorañ. Halk lukmançylygynda huşly gunçanyñ, narpyzyñ gaýnatmalarynyñ bu maksat üçin ulanylýandygy barada maglumatlar bardyr. Şeýle-de bu maksatlar üçin lukmanlar käşiriñ, şugunduryñ, petruşkanyñ, ysmanagyñ, kokos miwesiniñ şiresiniñ kabul edilmegini maslahat berýärler. Bir günüñ dowamynda 1,5 litrden az bolmadyk suwuklygy kabul etmek ündelýär. Siz diñe bir aşa bildirýän seksual hyjuwyñyzy gowşatman, bedeniñizi hem witaminler bilen baýlaşdyrarsyñyz.
www.saglyk.org
Seks gatnaşyga bolan islegiñ peselmeginiñ sebäpleri
-
wagt
5 years ago
- saglyk.org-da öñem bar bolsa yayradyp yormek namä gerekkä? Gyzyklanyan, kime gerek bolsa şol sayta giraymeli bolar-da?? :-))
-
wagt
5 years ago
- Özüñ ýazýan bolsañ, onda başga gürrüñ. Islän yerimde goyjak diyp bilerdiñ.
-
Jeksparro
5 years ago
- @wagt, ol señ meseläñ däl-dä gynansak-da! Şu wagt saglyk.orga girip bolanok. Vpn ya-da browzerdan giriläymese!
Iliñ yazan zadyny kitapdan kopyalap sen goyyan dälsiñ hamala!
-
Jeksparro
5 years ago
- @wagt men sen yaly kopyalap goyyan zatlarymy ''Internet maglumatlary esasynda tayyarlandy'' diyip goyamok. Peydalanan internet sahypamyñ salgysyny goyyandyryn. Belki peydasy deger diyip goyyandyryn saña bildiryän zady yokdura!
-
wagt
5 years ago
- Ay wayeyy. :)
-
wagt
5 years ago
- Kitapdan däl, men baryp awtorlarynyñ ozunden alyan, ya-da ozleri gmailime ugradyarlar. )
-
wagt
5 years ago
- Peydalanmak (tayyarlamak) b.n kopyalamagyñ tapawudyny bulaşdyrýañ, gadyrdan. ))
-
wagt
5 years ago
- Gynansak-da, (men-ä gynanamok, özüñ bil gynansañam begenseñem) sen ýönekeý göçüriji ýa-da kopýalaýjy. Paýlaşyan zadyñ hijisinde-de özüñ ýok, öz sözüñ ýok. Ýa bolmasa öz pikiriñ, öz sözüñ b.n ýazyp biljek zadyñ ýok (bilýän bu seniñ günäñem däl, zehin her kime birhili berilýär, ýöne iñ ýamany näme, bilýäñmi: iñ ýamany öz bilim derejäñi bilmezlik) ;))
Dogry kitapçyda-da az maglumat kopýalanok. Ýöne kopýalanan zatlar eýesininiñ özünden alynýar, ýa özleri ugradýar, ýa-da özleri agza bolup goýýarlar. Hem beyleki saytlañ goyan zadyny şo durşuna goydurmajak bolyan, eger goyulsa-da sayty we linkini gorkezmegi talap edyan. Emma señ aýdyşyñ ýally "Int.maglumatlaryndan taýýarlandy" diýilip goýulýanlar, olar belli bir saytdan dal, dürli daşary yurt saútlaryndan, dûrli dokumental telewizion gepleşiklerden, gazet-žurnallardan edilen belliklerden öz taýýarlayan maglumatlarym, eden terjimelerim. (Name u.n onda meduza baradaky we ş.m. kabir materiallary ogurlap goyyañ onda alan çeşmäñ görkezmän? saglyk.org saýtmyş-da biziñ kitapçy.ga saytymyz sayt dälmi?) Has giñeldip, oz adymy-da goýup bilýän, yone gerekli hasap etmämsoñ, wagt çakliligi sebapli şeyle goymagymy yeterlik hasaplayan. Heran haçan bolanda-da yuzum utanjak yazgylar dal we olary wagty gelende toplap elektron kitap edip hem goyarys. (Bilyan, saytda üçinji jahan urşy baradaky palçylan atyan pallary we ş.m adamlary hopukduryjy zatlary goyma diyenime öykelan bolyañ, name edeyin, oykelan ozuñ goyan ozuñ, oykañi yazar yorersiñ-da ozuñ)
Başga düşündirişiñ geregi ýok bolsa gerek, injik? Bilyan indem şerebäñi pûrkûp yazar başlarsyñ mundan soñ. Janyñ sag bolsun. Jogapsyz galar barybir :-))

- Palçylar hakda yazanymy dallay beyleki zatlar hakda-da yazamda-da pozyadyñ. Hemişe bahana-da señki!?
Perhat Sabirovv 5 years ago- Minnetdar. Sena oñarýañ dos gowy temalar açyp