Adamyñ jyns organy

Adamynyñ jyns organyna ujyt diýilýär.
Ginekologik we seksopotologik ylmynyñ habar bermegine görä adamyñ iñ güýçli böleginiñ ''ikinji ýüregi'' diýlip erkeklik jyns mäzine aýdylýan hem bolsa erkek ujydynyñ hem esasy agzalarynyñ hatarynda goýýarlar.
Ujyt oñurgaly we oñurgasyz haýwanlarda, erkeklerinde, daşyna çykyp (sallanyp) duran ýagdaýda ýerleşen jyns organdyr. Ujyda başga dilde ''penis'' diýilýär. Penis sözi latynça ''guýruk'' diýmegi añladýar.
Siýdik kanaly we nem, döl akdyrýan kanallardan ybarat bolup, onuñ daş-töweregini gaplap alýan gan damarlara baý bolan jyns organdyr. Penisiñ ujynda ýerleşen siýdik çykaryjy diligiñ içinden döl birikmesiniñ hem damarjygy birleşdirilendir. Penis oýanan wagtlary damarlar gandan dyñzap dolýar we ulalyp gatamak bilen bolýar. Muña gatylyşma (reaksion - ereksion) diýilýär. Gatan ujyt içindäki dölüni daşary çykarmagyna döl dökmek (ejakulýasion) diýilýär.
Erkek adamynyñ jyns organy dogulanda pürçükli ujy mü££erip duran hamdan ybarat bolýar. Ony käte 5 ýaşda, kä-te ondan soñky wagtlarda sünnete ýatyrylyp, sünnetçi tarapyndan kesilýär.
Sünnete ýatyrmak däbini köp ýerlerde, ýer ýüzünde diýilen ýaly ulanýarlar, käbir halklarda bolsa bu ulanylmaýar. Sünnetsiz ujyt bilen girişilen jynsy gatnaşyklar keseli ýaýradyp bilýär.
Erkek adamyñ jyns organy hakynda giñişleýin maglumat beren Artyknur we Aşgabat Nohurowlaryñ ''Maşgala durmuşy'' atly ylmy işinde: ''Erkek adamyñ jyns anatomiýasy ikä içgilere we daşkylara bölünýär. Onuñ içkilerine ýumurtgalar, olaryñ ýanlyjyklary, döl lülejikleri, tohum haltajyklary, erkeklik mäzi, daşkylara - ujyt (penis) bilen inek (ýumurtga haltasy) girýär'' diýip habar berýär.
Erkekleriñ jynsy organlary işjeñ hereketi sperma we nem (meni) işläp çykarmak, jynsy gatnaşyklary wagtynda aýallyk jynshanasyna spermany goýbermek ýaly hyzmaty ýerine ýetirýär.
Penis (ujyt) jynsy gatnaşykda adamynyñ esasy ulanýan organydyr. Jynsy gatnaşykda adama ýetirýän lezzetli täsiri güýçlidir.
Ujyt üç bölekden ybarat. Garyn aşagynda ýerleşen diwary bilen birleşen birleşen köki, ujyt sapagy we penisib ujyndaky daşyna gök halka görnüşden ybarat bolan telpejik şekilli başjagazy (glans) bardyr. Ujydyñ başy, sünnet hamy ady berilen näzik deri dölegi bilen gaplangy bolýar. Uretranyñ, ýagny döl ýa-da nem, siýdik goýberýän kanaljyklaryñ agzy penisiñ ujyndadyr. Ujydyç başy näzik siñir ýaly ýylmanak mäzdir.
Ujydyñ sapy: slindr şeklinde bolup üç sany esasy esasy gülşitrjiklerden ybaratdyr. Bu üç sany organjyklar erkeklik jynsyýeti oýananda gan bilen dolan müñlerçe giñ damarlara eýedir. Penis gan bilen dolugyça gatylaşyp dikelýär.
Penisiñ derisi: reaksion wagtynda penisde emele getirjek üýtgeşmeleri ýerine ýetirmek üçin esasy hyzmaty ýerine ýetirýär. Spermany düzýän nem, erkegiñ orgazmy bolup geçende penis ujynyñ ýoly bilen akýar.
Ýumurtga haltasy (taşşak): Ýumurtga haltasy ujydyñ astynda ýerleşen asylgy halta meñzeş gowşak deri hozuñ daşky gabygyna meñzeş digirler bilen örtülen organdyr. Ýumurtga haltasynda birnäçe siñir we gan damarlary bar.
Şol digirlerdäki diwarjyklar sowugy we ýylylygy örän çalt duýýar. Şonuñ üçinem hammamda suwa düşülende ýa-da täret alynanda sowuk suwa ýuwunmazlyk gerekdir. Aslynda jyns organlar ýyly saklanmalydyr.
Ýumurtgalar: Bu daşky görnüşi boýunma zeýtun ululygyna meñzeş bolan organdyr.
Olar ýumurtga haltanyñ içinde iki sany bolup, özem biri ýokarda biri aşakda ýerleşýär. Ýumurtgalar erkegiñ seks gormony bolan testosteronyñ işläp çykarmagyndan we spermany taýýarlamaga ukyplydyr. Ýumurtgalaryñ boýy takmynan 4 sm, ini 3 gr/ smdan ybarat. Galyñlygy 2 sm, her biriniñ agramy 20-30 gramdyr.
Spermatozoid ㅡ adamyñ döl suwuklygynyñ içinde hereket edýän janly şepbik ak nemjagaz şekilindäki tenjagazlardyr. Olaryñ öz kellejigi, boýunjygy, uzynja-guýrugy hem bolýar. Spermatozoidiñ her biri zenanyñ öndüriji öýjügine ýerleşip, onuñ bardasyna kürsäp girip içinde ornaşýar. Ornaşansoñ onuñ guýrugy ýolunýar. Bu bolsa zenanyñ göwresinde çaga galandygyny añladýan ýagdaýdyr. Zenanyñ döli bilen erkegiñ döli 24 - 26 sagadyñ içinde duşuşyp köplenç 24-28-70 sagatlap janly ýagdaýda durýar. Erkek kişiniñ dölüniñ mukdary ortaça hasapda 3 millilitre barabardyr. Ondan soñ onuñ mukdary barha kemelýär. Her göýberilen dölde 180 - 360 million çemesi spermatozoid janjagazlary bar. Gyzda ýa-da zenanda, olaryñ göwresinde çaga galmagy üçin olaryñ ýekejesi jyns öýjügi bilen birleşmegi ýetikdir.
Eger döli bada-bat doñduryp, şol durşuna saklasañ, ençeme aýdan soñam aýal-maşgalanyñ emeli usulda göwreli etmek bolar. Ýumurtgalarda döl bilen gormon hem-de testosteron işlenilip çykarylýar.
Ýumurtganyñ arka tarapynda ýumurtganyñ ýanlyjagy ýerleşýär. Olaryñ boýy 5 - 6 sm galyñlygy 1 sm bolýar. Bu ýanlyjaklarda tiçler kemala gelip şol ýerde saklanýarlar.
Döl gormonjyklary gatañsy etden emele gelen berk, çeýe turbajyklardyr. Onuñ uzynlygy 35-50 sm-dir. Olar ýumurtgalardan çykyp ýokarlygyna gidýärler. Döl lülejikleri ýumurtgalary sallarlap saklaýarlar.
Tohum haltajygy ikidir - munuñ iç ýüzi sekret diýilýän suwuklygy işläp çykarýandyr. Bu suwuklygyñ esasy bölegini fruktuza emele getirýär. Fruktuza dölleri iýmitlendirýär, olaryñ hereketine hemaýat edýär. Şeýle hem bu suwuklyk döli suwaldyp onuñ mukdaryny artdyrýar. Tohum halta dolup, dyñzadygyça adamda jyns höwesi şonça-da artýar. Şu ýokardaky ýazylanlaryñ hemmesi ýokarda A. A. Nohurowlaryñ''Maşgala durmuşy'' atly kitabynda habar berilýändir.
Adamyñ jynsy agzasynyñ ululygy, işjeñligi, adamyñ üns merkezinde bolup erkek adamyñ özüne berýän bahasy jynsy isleg durmuşynyñ häsiýetnamasy oña juda bagly bolup durýar.
Ujyt haýsy ýaşdan ulanyp başlaýar? Erkeklik jyns agzasy takmynan 10-12 ýaşdan ösüp başlap, şol möhletden ýumurtgalyklar hem ulalyp, gasykda tüýler ösüp başlaýandyr. Ilkibaşdan ujyt uzynlygyna ulalsa-da, ol doly kemala geleninden soñ, ýogynlygyna hem ulalyp başlaýar.
Gowşan ýagdaýda uly erkek adamyñ ujydynyñ ortaça uzynlygy 5-den 12 sm barabardyr. Sowuk howa hem-de emosional dartgynlylyk ýagdaýlary ujydyñ uzynlygyny wagtlaýyn azaldyp bilýändir.
Ujudyñ asuda hem-de gönelen ýagdaýyndaky uzynlygynyñ görkezijileriñ arasynda hiç hili arabaglanşyk ýokdur. Gönelen ýagdaýynda adaty ýagdaý bilen deñeşdirilende onuñ uzynlygy 10 - 15 % aralygy ulalyp bilýändir.
Gönelen ýagdaýynda ujyt nähili uzynlyga eýe bolup biler!
Bu görkeziji her kimde dürli hili bolup bilýändir. Gönelen halda onuñ uzynlygy ortaça 12-14 sm-e deñ bolup biler. Barlaglaryñ görkezijisi ýaly, bu ýagdaýda bu agzañ iñ uzyny 30 sm-e, iñ gysgasy bolsa 1,5 s-me barabar bolupdyr.
Şu güne çenli ujydyñ ululygyna täsir edip biljek derman serişdeleri barada tassyklanan maglumat ýokdur. Hödürlenýän dürli derman serişdeleriniñ netijeliligi tassyklanmadyk bolup olary hödürlemek gazanç etmäniñ usuly bolup durýar.
Ujudy hirurgiki usullaryñ kömegi bilen ulaldyp bolýandyr. Ol maksat bilen baglaýjylar gasyk süñkünden ujyda geçirlip, ony 1 - 2 sm. uzaltmaga mümkinçilik döredilýändir. Netijäni berkitmek üçin operasiýadan soñ 6 aýlap ýörüte ekstender abalyny geýip gezmek maslahat berilýär. Ekstender abzalyñ bir tarapy ujyda geýdirlip, beýleki tarapy bolsa gasyk süñküne degip durandyr. Onuñ kömegi bilen günde 4 - 5 sagat geýlip gezilen ýagdaýynda, ujydy ýylda 0,5 - 1 sm-e çenli uzaldyp bolýandyr.
Ýaşyñ ulalmagy bilen ujyt kiçelýändir. Şonuñ ýaly-da, uzaga çekýän jynsy gowşaklykda hem onuñ kiçelmegi ýüze çykyp bilýändir.
Erkek adamyñ agramy artyp çanaklygynda ýagyñ ýygnanma mukdary ýokarlandygy saýyn, ujydyñ görünýän bölegi hem kiçelýändir. Beden agramy kada gelensoñ ujydyñ uzynlygy başdaky görkezijilere gaýdyp gelip biler.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir