Salam dostlar! Aranyzda okuwa tayyrlanyanynyz az bolmasa gerek.Ozumde bar bolan maglumatlara gora taryh dersindaki soraglary yorite soragnama edip boldum.Sholaryn azyragyny yazyp goyaryn,word formatyny bolsa tekstin ashagynda ssylka edip goyaryn doly maglumaty.Yuklap owrenip biliminizi osdirmage sahelce bolsada yardam berer dp umyt edyan!

1-nji synag sowalnamasy

1. Mongol basybalyşlarynyň türkmen jemgyýetine, medeniýetine we durmuşyna ýetiren zyýany.
1219-njy ýylda Çingiz han 200 müňlük atly goşuny bilen Merkezi Aziýa tarap ýola düşýär. Mongollara söwda kerwenleri ýol görkezipdirler we Çingiz han ilki bilen Otrar galasyny gabaýar. Syrderýanyň kenaryndaky bu gala 6 aýlap gabawda saklanandan soň, zabt edilip alynýar.
1220-nji ýylyň fewral aýynda Çingiz hanyň goşuny Buharany gabapdyr. Galadaky 12 müň goşunyň serkerdeleri we şäher häkimi boýun egip, galanyň derwezesini açypdyrlar. Buharany doly talap, ýumrup we otlap bolanlaryndan soň, Çingiz han Mawerannahryň paýtagty Samarkanda tarap ýola düşýär.
Ýurduň eýesi Muhammet şa gorkudan ýaňa akylyny ýitiren ýaly bolýar. Muhammet şanyň 400 müňe golaý goşuny ýurduň dürli ýerlerine dargadylypdyr. Ol goşun ýygnamak bahanasy bilen Owganystana, ondan aňryk Gürgene gaçypdyr. Çingiz han Muhammet şany tutup getirmek üçin özüniň baş serkerdeleri Jebe we Subudaýy 30 müň atly bilen kowga iberipdir. Muhammet şa Hazar deňziniň çetki adalarynyň birinde gizlenýär we şol ýerde 1220-nji ýylda dünýäden ötýär. Baştutansyz galan ýurdy mongollar rehimsizlik bilen basgylapdyrlar.
Çingiz hanyň Merkezi Aziýany basyp almagy, şäherleri tozduryp, ýer bilen ýegsan etmegi, ilaty rehimsiz gyrmagy şol zamanda ýaşan adamlaryň aňynda öçmejek yz galdyrypdyr. Dünýäniň iň baý şäherleri Gürgenç, Mary, onlarça oba-kentler çölüstanlyga we gabrystanlyga öwrülip galypdyr.
Weýran bolan şäherleri dikeltjek bolup hiç kim synanyşyp hem bilmändir. Bazarlar boşap, metjit-medreseler haraba öwrülip galypdyr. Mongollaryň Merkezi Aziýada eden etmişlerini gözi bilen gören Ibn Esir şeýle ýazypdyr: “Eger kim-de biri Allatagala adamzady ýaradaly bäri dünýäde şuňa meňzeş zat bolan däldir diýse, şonuňky dogry bolar. Belki, adamzat nesli ahyrzamana çenli şu wakalara deň geljek zady görmezem. Bu tatarlaryň hiç kime rehimi, haýpy gelmedi, aýallary, erkekleri, çagajyklary gyrdylar, hamyla aýallaryň garnyny silkip, göwresindäki çagasyna çenli öldürdiler.”
Mongol basybalyjylary türkmen halkyna diňe bir adam we maddy ýitgileri getirmän, eýsem agyr ruhy ýitgileri hem getiripdir. XIII asyrdan başlap, tä XX asyra çenli Türkmenistanyň çäginde ýaşan türkmen taýpalary, tireleri bir bitewi garaşsyz döwleti döretmek arzuwy bilen ýaşapdyrlar.

2. Türkmenistanda industrializasiýanyň amala aşyrylmagy

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ileri tutulýan we örän çalt depginler bilen ösdürilýän pudak nebit-gaz senagaty pudagydyr.
Nebit we gaz toplumyny ösdürmek işine daşary ýurt kompaniýalary, maýa goýujylary giňden çekilýär. Nebit-gazly ýerleri bilelikde gözlemäge we özleşdirmäge bäsleşik yglan edilýär we her gezek bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenip, bilelikdäki kärhanalary döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmäge dünýä belli “Ekson” (ABŞ), “Petronas” (Malaýziýa), “Itoçu Korporeýşn” (Ýaponiýa) we başga-da onlarça kompaniýalar gatnaşýarlar.
2006-njy ýylda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz geçirijsini gurmak baradaky ylalaşyga gol çekildi. Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy 2009-njy ýylda tamamlanyp, türkmen gazy Hytaýa tarap goýberilip başlady. Gaz geçiriji boýunça her ýyl Hytaý 30 mlrd kub m türkmen gazyny alar.
Türkmenistanyň XVII Halk Maslahatynda (2006) nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy kabul edildi. Maksatnama laýyklykda Türkmenistanyň günbataryndaky ozalky nebit-gaz ýataklarynda has aşakky gatlaklary burawlamak, Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek, Türkmenistanyň gündogarynda Ýolöten, Murgap, Bokurdak sebitlerinde we beýleki ýerlerde nebit-gaz känlerini işe girizmek göz öňünde tutulypdy. Soňky ýyllarda Amyderýanyň sag kenarynda, Ýolötende nebit çykarylyp başlandy. Ozalky işläp gelýän ýataklary dikeltmek we täzelerini işe girizmek işleri alnyp barylýar.

3. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy.

Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji ýyllaryndan dünýä bileleşiginiň syýasy we hojalyk işlerine barha işjeň gatnaşyp, halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň 185 ýurduň goldamagynda kabul edilen Rezolýusiýasyna laýyklykda, bu halkara guramasynyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistana Bitaraplyk hukuk derejesi berildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä bileleşiginiň ykrar edýändigini beýan etmek bilen, ähli döwletleri ony hormatlamaga we goldamaga çagyrdy. Şu geçen döwürde Türkmenistan BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda halkara işlerinde uly üstünlikler gazandy.
Munuň şeýledigine biziň döwletimiziň Baştutanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna iki gezek saýlanylmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň açylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň tarapyndan Aşgabatda “Ýewropa öýi” açyldy we ol Ýewropa Bileleşiginiň ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we ösdürmegiň özboluşly köprüsine öwrüldi.
Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk ediji hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji we 64-nji sessiýalarynyň işine ýolbaşçylyk etdi. Şonda hormatlanýan Prezidentimiz belent münberden uly taryhy söz sözledi we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan ençeme başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Häzir Türkmenistan halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolup durýar. Soňky döwürlerde Türkmenistanyň BMG, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldilýär. Şeýle hem biziň ýurdumyzyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNISEF, ilat gaznasy (ÝUNEPA), ýaly guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirilýär.
Türkmenistan Çagalary gaznasy (ÝUNISEF) bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen enäniň, çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, wagyz etmek, bu babatda milli kanunçylygy halkara talaplarynyň derejesine ýetirmek boýunça hyzmatdalyk gatnaşyklary dowam edýär.

2-nji synag sowalnamasy

1. Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň döremegi we olaryň nesil daragty
1128-nji ýylda Horezmşalar döwletiniň tagtyna çykan Gyzyl Arslan Atsyzyň (1128-1156) hökümdarlyk eden ýyllaryny iki döwre bölmek bolýar. Onuň birinjisi 1128-1135-nji ýyllar bolup, bu döwürde Atsyz Soltan Sanjara ak ýürekden wepaly hyzmat edýär.Bahylçylyk edýän emirler, serdarlar Atsyzy Soltan Sanjara ýamanlap başlapdyrlar. 1135-nji ýylda gaznaly soltany Bahram şanyň garşysyna ýörişden soň, Soltan Sanjar goşuny bilen Balha gelýär. Balhda Atsyz soltandan rugsat sorap, Horezme dolanýar.
Atsyz Horezme gelenden soň, Soltanyň Horezmdäki adamlarynyň mal-mülklerini ellerinden alýar. Soltan Sanjar 1138-nji ýylyň noýabrynda Horezmde Atsyzyň goşunyny ýeňlişe sezewar edýär. Soltan Sanjar Horezmiň hökümdary edip agasynyň ogly Süleýman şany belleýär. Soltan Horasana gidenden, Atsyz Hrezme gelip, Süleýman şany ülkeden çykaryp kowýar. Ol 1140-njy ýylda Soltan Sanjaryň tabynlygyndaky Buharany basyp alýar. 1141-nji ýylda Maryny eýeleýär we soltanyň döwlet hazynasyny alýar. 1142-nji ýylda bolsa Nişapury eýeleýär. Öz adyna hutba okadýar we zikge kakdyrýar.
Katwan söweşinde ýeňlip yzyna dolanan Soltan Sanjar 1143-nji ýylda Horezme ikinji gezek ýöriş edýär. Gazaply söweş gidýän wagty, Atsyz ýene-de soltana töwella edýär. Soltan Marydan alnyp gaýdylan hazynalarynyň ählisini alyp, Atsyzy bagyşlap, yzyna dolanýar.
Soltan Sanjar 1147-nji ýylda üçünji gezek Horezme ýöriş edýär. Adamlaryň uly töwellalary netijesinde, soltan ýene-de Atsyzy bagyşlaýar. Ýaraşykdan soň, Atsyz soltanyň garşysyna çykmaýar.
Soltan Sanjar ýesir düşen wagty Atsyz oguzlara hat ýazyp, soltany bendilikden boşatmaga çagyrmak bilen çäklenmän, 1156-njy ýylda ogly Ilarslany ýanyna alyp, ägirt uly goşun bilen Şähristana gelýär. Ýöne 1156-njy ýylda Soltan Sanjar bendilikden gaçýar. Atsyz soltana hat iberip, özüniň tabynlygyny bildirýär. Emma 1156-njy ýylyň iýul aýynda Atsyz 61 ýaşynda, ysmaz keseli bilen keselläp aradan çykýar. Şeýlelikde, soltan Atsyz Horezmiň özbaşdaklygyny gazanyp dünýäden ötýär. 1157-nji ýylda bolsa beýik Soltan Sanjar aradan çykýar. Türkmen halkynyň taryhynda uly yz goýan Seljuklaryň zamanasy tamamlanýar. Köneürgenç türkmen döwleti barha kuwwatlanyp başlaýar.

2. Nedir şa we onuň türkmenlere garşy göreşi

Nedirguly 1688-nji ýylda Kelat galasynyň eteginde ýaşaýan, deri eýlemek bilen meşgul bolýan adamyň maşgalasynda doglupdyr. Ol ýaş wagty ejesi bilen ýesir edilip Hywa äkidilipdir. Birnäçe ýyldan soň Nedir ýesirlikden boşap, obasyna dolanyp gelýär. Ýanyna ýigitlerini toplap, Abiwerdiň häkimi Baba Aly begiň gullugynda durýar. Tiz wagtdan onuň gyzyna öýlenipdir we giýewsi hökmünde Etegi edara edip başlapdyr.
Nedir boýun egmedik türkmenleriň üstüne talaňçylyga başlapdyr. Ol diňe bir goňşy ýaşaýan türkmenlere garşy däl, eýsem Etekdäki, Ahaldaky, Tejndäki, Marydaky, Balkandaky oturýan türkmenleriň hemmesiniň üsütne telim gezek talaňçylykly çozuş edýär. Şeýlelikde, 1724-nji ýyldan başlap Nedir Horasanyň demirgazyk bölegine bir özi häkimlik edip başlapdyr.
1726-njy ýylda Nedir sefewi şalarynyň iň soňky patyşasy bolan Tahmasp II gullugyna girip, goşunbaşy wezipesine bellenilýär. Nedir özüniň esasy bäsdeşi Maşadyň dikmesi Mälik Mahmydy öldürýär, bütin Horasany öz eline alýar. Maryda ýaşan türkmenler Nedire boýun egmändirler. Nedir ňz inisi Ybraýymy Mara ugradyp, türkmenlere temmi bermegi, Soltanbendi ýykyp, ilaty göçürmegi tabşyrýar.
1729-1730-njy ýyllarda Nedir Eýrandan owganlary kowup çykarýar we Yspyhany şa Tahmaspa gaýtaryp berýär. Ol Horasanyň, Mazendaranyň, Ýezdiň, Kermanyň we Seýistanyň, ýagny bütin Gündogar Eýranyň häkimi bolýar.
1731-nji ýylda şa Tahmasp ölýar, onuň deregine tagta ýaşajyk şazada Apbas III çykýar. Nedir şonuň adyndan ýurdy edara edýär. Emma 3-4 ýyldan Apbas hem ölýar. Indi Nediriň öňünde şa tagtyny eýelemek üçin hiç hili päsgelçilik galmaýar.
1736-njy ýylyň ýanwar aýynda şa tagtyna geçmek üçin Nedir Mugan sähralygynda uly gurultaý çagyrypdyr. Gurultaýda Nedir Eýranyň şasy diýlip yglan edilýär.

3. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň daşary syýasaty

Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredip başlady. Şol syýasatyň maksady ösen döwletleriň we daşary ýurt kompaniýalarynyň maliýe we tehniki mümkinçiliklerini Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny özleşdirmäge iki tarapa hem peýdaly şertlerde peýdalanmakdan ybaratdyr. 2007-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa resmi sapary mahalynda iki döwletiň arasynda Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky ylalaşygy aýratyn orun tutýar. Uzynlygy 7 müň kilometrlik bu gaz geçirijisiniň gurluşygy 2009-njy ýylda tamamlandy. Bu gaz geçiriji Türkmenistandan Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa her ýylda 30 mlrd kub m gaz geçirmäge mümkinçilik berýär.
2011-nji ýylyň başyna çenli Türkmenistan dünýäniň 129 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy boldy. Aşgabatda halkara guramalrynyň we birleşikleriniň wekilhanalarynyň 18-den köprägi işleýär. Türkmenistan 80-den gowrak döwlet bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň Russiýa, ABŞ, GFR, Fransiýa, Awstriýa, Ukraina, Belgiýa, Türkiýe, Eýran, Hytaý, Hindistan, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Päkistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Owganystan, Azerbeýjan ýaly onlarça döwletlerde saparda bolup, ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi hem-de sebit we ýurt ähmiýetli ylalaşyklara gol çekdi.
Türkmenistan özüniň halkara borçlaryna ygrarlylygy, onuň milli kanunçylygynda, ilkinji nobatda Konstitusiýasynda berkidilendir. Türkmenistan ýadro, himiki, bakteriologiki we köpçülikleýin heläkçilige getirýän ýaraglaryň, beýleki bar blan we täze görnüşleriniň hem-de olary öndürmegiň tehnologiýalaryna eýe bolmak, olary öndürmekden, saklamakdan, daşamakdan ýüz öwürýändigini yglan etdi. BMG-niň BA 2006-njy ýylyň 6-njy dekabrynda we 2009-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda kabul edilen Rezolýusiýalaryna görä, Merkezi Aziýada Ýadro ýaragyndan azat zolak baradaky Şertnama sebit we global derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine, şeýle hem terrorçylyga garşy göreşmegiň öňüni almakda goldaw beriji hökmünde ykrar edildi.
Word gornusini su salgydan alyp bilersiniz: upload.in.ua/xYM9yW8SaK

Bilim, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir