Magtymguly:
Bir çüýrük hoz bilen jahan jöwherin,
Ol ne humarbazdyr utup durupdyr.
Çüýrük saman eltip jahan bazarna,
Göwhere barabar satyp durupdyr.
Çözgüdi:
Ol humarbaz-mekir çarhy pelekdir,
Oýnany oýunda utup durupdyr.
Kimi gyzykdyrsa dünýä malyna,
Nebis üçin imanyn satyp durupdyr.
Magtymguly:
Ne düşekdir aña basan ýaramaz,
Ne keştidir, bderýa batar, ýörimez.
Ne enedir, ölmez, ýitmez garrymaz,
Öz balasyn özi ýuwtup durupdyr.
Çözgüdi:
Galplyk ýola gadam basan ýarymaz,
Ömür saly batsa, gaýdyp ýörimez.
Ene ýerdir ölmez, ýitmez garramaz,
Öz balasyn, özi ýuwtup durupdyr.
Magtymguly:
Ne çyragdyr günsiz ýeri ýarydar,
Ne gözgidir, dury suwdan arydyr.
Ne sakydyr, pyýalasyn ýörider,
Dadanyñ bogazyn tutup durupdyr.
Çözgüdi:
Aý şuglasy günsüz ýeri ýarydyr,
Çaga kalby dury suwdan arydyr.
Ajal saky, pyýalasyn ýörider,
Dadanyñ bogazyn tutup durupdyr.
Magtymguly:
Dostlar, bir mysaldyr tilime gelen,
Zehin etse biler akyly bolan.
Jahan ýüzün tutmuş bir gudrat ýylan,
Guýrugy başyndan ötüp durupdyr.
Çözgüdi:
Bir müçe bolmaly ol gudrat ýylan,
On iki ýyl diýer hasabyn bilen.
Iñ soñky ýyl geçip, alnyna gelen
Guýrugy başyndan ötüp durupdyr.
Magtymguly:
Ne mahlukdyr, ne erkekdir, ne dişi
Bir gözi dym akdyr, bir gözi çaşy.
Reñki garaladyr, on iki başy,
Ýeri gögi birden tutup durupdyr.
Çözgüdi:
Gündir, dogsa çykar arşyñ üstüne,
Ýaşar wagty iner ýeriñ astyna.
Ýakyp-ýandyr her ne gelse destine,
Dannamaý, dahana atyp durupdyr.
Magtymguly:
Magtymguly magrur bolma bu söze,
Hiç böýle janawar ilmemiş göze.
Ýene bir gudrat bar, ýedi kelpeze,
Şol beýik ýylany ýuwtup durupdyr.
Çözgüdi:
Aryf gerek düşünmegä bu söze,
Ussadyñ ýazgany synagdyr bize.
Hefte ýedi gündür-ýedi kelpeze,
Müçäni bir ýandan ýuwtup durupdyr.
Magtymgulynyň "Durupdyr" goşgusyna Çözgüt
-
Gurban93
6 years ago
- Annadurdy Molla Şahyr çözgüdi ýazan
-
Jeksparro
6 years ago
- Şol Annadurdy Molla şahyryñ kitabynyñ ady ''Magtymguly Syrym çohdur'' bolmaly öydýän...
-
Perhat Sabirovv
6 years ago
- Jeksparro menem şeylemikä diýýän
Panturkist 6 years ago- Çözgüdi ýazan kim?