Adam organizmasynda nähili işleýänligi barada iň az bilinýän organlardan biri beýindir. Men bu barada öwrenen maglumatlarymy size ýazasym geldi. Sebäbi bulary bilmegi bir zat öwrenmek üçin gaty peýdaly görýän. Hipkamp we öwrenmek: Beýin iç-içe 3 bölümden ybaratdyr. Hipokamp (hippocampus) orta beýindedir we muňa beýniň ýazyjysy diýmek mümkin. Hipokamp, maglumatlaryň adam beýnine doly ýerleşip ýerleşmejegine has takygy maglumatlaryň ne dereje güýçi ýatda galjagyny sazlaýan bölümdür. Bu hipokamp diýip atlandyrýan bölümümüzde sinapsisler (nerwleriň bir-biri bilen habarlaşýan nokatlary) ýokary çastotaly (frequency) elektrikli signallar bilen gozgalanda sinaptiki baglar güýçlenýär. Beýnimize gelen ähli maglumat elektrikli signaldyr we ol maglumat biziň üçin näçe möhüm bolsa onda ol signal şonça güýçli bolýar we onuň ýadymyzda galyşy bolsa şol güýçlilik derejesine baglydyr. Bizi hiç gyzyklandyrmaýan, möhüm bolmadyk maglumatlaryň bolsa çastotasy gaty pes bolýar we şol sebäpli hipokamp hereketlenmeýär we güýçsüz sinaptiki baglar emele gelýänligi sebäpli beýnimiziň harddiskine (korteks)ýazylmaýar. Dowamyny jogap şeklinde ýazjak. Sebäbi uzyn bolsa okamana ýaltalyk etmekligimiz mümkin.
Adam beýniniň işleýşi barada gyzyklandyňyzmy?
-
shahyr
17 years ago
- Beyniň loblary ve öwrenmek:
Beýinde sag lob we çep lob diýip iki lob bar. Çep lob gürlemek, matematika işleri, sanlar we analiz ýaly temalarda has ökde we logiki, göni baglanşyklar bilen işleýär.
A beýniň sag loby bolsa hyýal etmek, reňkler, dimension, aýdym-saz ýaly funksiýalar işledilýär. Sag lob adamyň artistic tarapayny bilen gyzyklanyp maglumatlary şekil we hyýal güýji bilen işleýär.
-
shahyr
17 years ago
- Sag lob duýgylar we hyýallaryň täsirindedir. Zatlary fotografiki ýagny bütinleýin öwrenýär. Bu sebäpli maglumatlary nobaty bilen işleýän çep loba seredende sag lob öwrenmekde has ukyplydyr we çaltdyr. Mundan başgada adamda bolýan döredijilik, adatdan daşarylyk ýaly zatlar hem sag lobyň funksiýalarydyr. Diňeje çep loby kämilleşen adamlaryň has döredijilikli, has öndümli işläp bilmeklikleri üçin sag lobyny-da kämilleşdirmekleri gereklidir. Çep loby bilen öwrenen temalar we formulalaryny ulanyp täze täze zatlar çykaryp bilmegi üçin sag lobyny-da gowy ulanmagy başarmalydyr.
-
shahyr
17 years ago
- Beýniň iki lobynyň hem birbirini bütinleýän funksiýalary bar. İki lobyň hem arasynda korpus kallosum diýip atlandyrylýan güýçli nerw tory bar. Bu nerw tory 2 lobyň arasynda maglumat geçişini sazlaýan köpridir.
-
shahyr
17 years ago
- Bir ýerde okadym:
Beýniniň sag loby operasiýa edilen birinde bolup biljek ýagdaýlardan käbirleri:
Gövresiniň çep tarapyny ulanyp bilmeýär. Joşmak, tolgunmak ýaly duýgulary gürläninde sözlemlerinden tapmak mümkin bolmaýar. Robot ýaly göni gürleýär. Matematiki hasaplary öňkisi ýaly etmäge dowam edip biler, logiki we dogry jogaplar berip biler.
-
shahyr
17 years ago
- Şeýle ýagdaý köplerde bolýar. Öň gören adamyňyzyň ýüzi göreniňde ýadyňa düşýär emma ady ýadyňa düşmeýär. Bu sag lobyň çep lobdan has ýat tutujydygyny görkezýär. Hytaýlarda şeýle nakyl bar:
Müň gezek eşitmekden bir gezek görmek has ýagşydyr.
-
shahyr
17 years ago
- Meniň özümüňä çep beýnim gowy işleýär. Emma sag beýnimi hem kämilleşdirmek üçin soňky döwürde grafika etmäni öwrenýärin. Ýogsam sag lobyň gerekli halatlarynda käbir zatlary hyýal edip bilmän tüssap başlaýan.
-
agajanh
17 years ago
- gapjyk açyk bolsa bererdim 1-2 teňňe. Sagja bol...
-
Harmandali
17 years ago
- Hehe shahyr aga sizem indi men yaly ozuniz ozuniz bilen yazyshyp bashladynyzmy :))))
Mende bir sorag bar adam gozi bilen goryami ya any bilen. Anynyn kabul eden zadyny gorup bilyami ya-da gozunin kabul eden zadyny. Birinji anyn kabul edip son gozun kabul edyami diysegem boljak oydyan!!
Men on bir zat eshtdim. 2 sanjak pishijegi yanja dogulan badyna bir zadyn ichine salypdyrlar bir pishige dine keseligine zat gorkezipdirler a beyleki pishige bolsa dik zady gorkezipdirler. Son esli wagtdan son haliki pishikleri dashyna chykaryp yoredipdirler weli kese zady gorkezen pishikleri goni duran zady gorenokmyshyn gayta-gayta baryp shony susyamishin a beylekije pishijek bolsa kese zatlary baryp susyamishin. Diyjek bolyan zady anyn kabul etmedik zadyny goz gorup bilenok diyjek bolyalar. Shol hakda kim bilyan bolsa aydaysyn.
-
ata
17 years ago
- ol name ucin pishikde synapdyrlar, ynsanda-da synamaly ekenler:)
ay, medisina ugrundan okayanlar takyk yagdayi aydaymasalar, yogsam men-a biljek dal, anyn goryan zatlary hem bar, aklyn goryani hem, gozun goryani hem, goz ynsanda dasharyk acylan penjire we yaradylysh taydan dineje dashky sreda/tebigatdaky maddalary/zatlary goryar, gorme ayratynlygy ana baglymy ya dal, oncasyny welin biljek dal. Yone gozun gorman anyn/aklyn kabul edyan zatlary hem bolyar, ona-da anym/aklym gordi diyilyan bolaymasa!
kamahal oyun edip oglanlar sorayar, iki elinizin barmaklaryny bir-birlerinin icinden gecirip, tersine owurdyaler we bir barmak tutup, shony yrgyldatmagymy aydyalar, kamahal gorkezilen elimin dal-de beyleki elimin barmagyny gymyldatyan, sebabi ellerimin barmaklary atanak yagdayda tersine owrulgi duranson gozlerim yalnyshyan bolmagy mumkin!
synap goren barmy bashga-da?!
-
ata
17 years ago
- shahyr, jigim, name diyeyin, 1 tennejik bererdim bar bolan bolsa, agajanyn aydyshy yaly!
Berekellah!
-
shahyr
17 years ago
Mende bir sorag bar adam gozi bilen goryami ya any bilen.
Harmandali göz diňeje içerik yşyklary alyp düzüwläp beýne goýberýär. Beýin bolsa öňki maglumat bazasyna seredip şol gören zatlaryna many berýär. Asyl nämedigine beýin düşünýär. Göz daşardan gelýän malgumatlary beýine geçirýär. Edil beýle sadaja däl, akyl ýetmejek çylşyrymlylygy bar gözüň.
-
mc_merw
17 years ago
- Şeýleräk bir synag edipdirler. Bir adama dik-aşak görkezýän äýnek dakypdyrlar. Bir gün dogam eden soň dogry görüp başlapdyr, beýin hemme zady sazlapdyr. Äýnegi aýyrýalar dik-aşak görýä, ýene bir gün soň öňki ýagdaýa gelipdir.
-
Harmandali
17 years ago
- Yene-de birje mysal. Hol indeylan yashayan yerlerine bir gun adamlar barypdyr son bir indey bilen gurleship durkalar goni depesinden samalyot gechipdir erbet ses edip. Ol alym gulagyny yapypdyr a indey bolsa azarynda-da dalmishin. Son “hana samalyot gechdi” diyse ol ony gorenokmyshyn elleri bilen gorkezselerem ol gorenokmyshyn. Sebabi omrunde beyle zat gormandir hemem bardyram diymandir any shony kabul etmanson gozi gorenokmyshyn. Ay nahili dushundirjegimem bilemok garaz sheylemishindaray :)))
-
Harmandali
17 years ago
ol name ucin pishikde synapdyrlar, ynsanda-da synamaly ekenler:)
Ay ata aga onun yaly zatlary ilki bilen haywanjyklarda synag edip goryalerda. SOnam yany bolanja chagajygyny kim berjek beyle synaglara?!
-
agayunus
16 years ago
- shahyr aga, ýazgylaryňdan erbetlerini tapjak bolup gözläp ýördim welin gyzykly bir mowzuk tapdym:) men beýin barada bir geň zady bilýän, ony ýöne bilmeýänem ýokdyrlaý indi, beýiniň şekili hozyň maňzynyň şekiline meňzeýä. Özi-de hozyň maňyzy beýin üçin iň peýdaly gerekli witaminlary saklaýan iýmit.
çeppekeýler sag lobyny köp ulanýar, saggykylar bolsa çep lobyny köp ulanýar. şonuň üçinem çeppekeýler akyl taýdan beýlekilerden saýlanakgar bolýar, bir hili üýtgeşik bolýalar.Beýinde sag lob we çep lob diýip iki lob bar
Sag lob duýgylar we hyýallaryň täsirindedir. Zatlary fotografiki ýagny bütinleýin öwrenýär. Bu sebäpli maglumatlary nobaty bilen işleýän çep loba seredende sag lob öwrenmekde has ukyplydyr we çaltdyr. Mundan başgada adamda bolýan döredijilik, adatdan daşarylyk ýaly zatlar hem sag lobyň funksiýalarydyr
-
agayunus
16 years ago
- paralij meselesi nähili siziň pikiriňizçe? diňe adamyň belli agzalarynyň öýjikleri ölýärmi ýa-da beýin otkaz edip hereket edip bilenoklarmy?
-
kombat
16 years ago
- "в лоб дам" diýip eşitdiňizmi? iki lobam (sag we çep) göz öňünde tutulýarda.
-
kebelek
16 years ago
- Shahyr aga sag bolun gowy bilgiler berdiniz.
Seyle bir soragym bar:
Bagyslan welin Beyne gan urmasy nahili bolup gecyar.Sebapleri nameka onun?
-
kombat
16 years ago
- dawleniýe (gan basyşy) güýçli galanda beýnä gan urýar. sebäbi, damaryň iň gowşak ýeri beýnide. Dawleniýe (gan basyşy) netijesinde gan damary ýarýar.
-
agayunus
16 years ago
Dawleniýe (gan basyşy) netijesinde gan damary ýarýar.
dogry, birem erbet gahar beýindäki ejiz damary ýaryp bilýär. beýninniň diňe damarlary däl öýjiklerem ejiz bolýar. Bir ölen öýjikler gaýdyp dikeldip bolanok. Endamyň beýleki ýerlerine salynan ýaralar wagtyň geçmegi bilen öýjikler täzeden direlip gutylyp gitýär. Beýniniň öýjikleri beýle däl, şonuň üçünem bir däliränler dälilikden aýňalyp bilmeýär.
-
kombat
16 years ago
bir däliränler dälilikden aýňalyp bilmeýär.
agayunus | 2008-10-11 08:35:00
mantykly, şu forumda-da göz ýetirdim.
shahyr 17 years ago- Sizem okan ýerleriňizde hökman tejribe edinensiňiz. Bir mugallymyň bir temany gyzykly edip düşündürmegi ol temanyň siziň ýadyňyzda galyşyna uly täsiri bar.