Aşgabatda Beýik Britaniýanyň ilçihanasy on ýyl mundan ozal açylypdy. Şol wagt, ilkinji gelen adamlaryň biride Halkara Merw Taslamasyndan Doktor Georgiana Herman-dyr. Şondan bäri hem, Beýik Britaniýanyň ilçihanasy Merwde arheologiýa işlerini geçirmek üçin, Türkmenistana gelýän britan topary bilen aragatnaşyk saklaýar. Merw dünýä mirasy bolup, b.e.ö. VI asyrdan XVI asyra çenli takmynan 2500 ýyl örňän we giňän şäher bolupdyr. Merw Günorta-günbatar Merkezi Aziýada uly şäher hem-de ähmiýetli Yslam merkezi bolupdyr. Geçen ýazda, Londonyň Uniwersitet Kollejiniň Arheologiýa institutyndan Tim Williams-yň ýolbaşçylygyndaky arheologik topar işlemek üçin, ýene-de Merwe gaýdyp geldi. PhD talyby Louise Kuk-yň goltgy bermegi bilen, Tim Türkmenistanyň ähli arheologiýa işgärleri üçin üç hepdelik okuw seminaryny geçirdi. Olar okuw seminarynyň dowamynda gorap saklamak meseleleri, arheologik meseleleri we arheologik başarnyklar dogrusynda derňew geçirdiler. Okuw seminarynyň maksady Erk Gala (b.e.ö.500) atlandyrylýan ir döwürki galaň goranyş bölümini anyklamakdy. Goranyş diwarynyň bir bölegi ýakyn wagtlarda ýagyş suwunyň akmagy bilen üsti açyldy. Häzirki döwrüň köp arheologiýa işleri arheologiýany weýrançylykdan goramak üçin ony ýazgy etmeklikden we saklamaklykdan gelip çykýar. Londonyň Uniwersitet Kollejiniň talyby Nikki Harris we golaýdaky obalardan gelip işleýän ýerli, talantly işgärler diwaryň asyl nusgasy surata düşürlip, çyzgysy çyzylar ýaly ony arassaladylar hem-de gurum kerpiçleriniň umumy şekilini aýdyňlaşdyrdylar. Bu işler ýalyn hem-de ýiti ýagtylyk zerarly işlemek üçin ýeňil iş däldi. Bu işe irden sagat 6-da başlap öýlän sagat 5-lerde dolanyp gelinýärdi. Sebäbi, günüň ýagty şöhlesi gurum kerpiçlerini we topragyň üýtgemegini görmekligi kynlaşdyrýardy. Okuw seminarynyň ahyrlarynda oňa gatnaşyjylar bu diwary takyk ölçemegi we çyzmagy öwrendiler. Soňra bolsa, ýerli topar ýagyş köwüni doldurdylar. Eger-de, siz Erk Galanyň ýokarsyna, ýagny syýahatçylaň geçelgesine ýöräp barsaňyz, ýeriň aşagyndaky gazylan we geljekki nesilleriň öwrenmegi üçin saklanyp goýulan diwary görersiňiz. Gorap saklamaklyk işleri Merw üçin örän möhüm meseledir: onuň töweregindäki ýerler gadymy döwürlerden bäri durkuny üýtgedipdir we durkunyň üýtgemegi gurum kerpiçleri gorap saklamaklygy kynlaşdyrýar. Merwe baryp görmekligi maslahat berýäris. Dünýäniň ençeme gadymy arheologik ýerleri syýahatçylardan ýaňa hyryn dykyn. Merwiň atmosferasyndan uzak ýyllaryň dowamynda durmuşyň nähili bolandygyny göz öňüne getirmek mümkin. Aýratyn, ýöne Merwde görüp bolmaýan zat hem 3-7 metr gazylmadyk şäheriň ýeriň aşagynda ýatmagydyr. Ýer astynda saklanyp galan, Merwiň geçen durmuşyna degişli örän köp maglumatlaryň henizem üsti açylmalydyr. Merwde tapylan el işleriniň käbirlerini görmek üçin Marynyň golaýyndaky ajaýyp muzeýe ýa-da Aşgabatdaky Milli muzeýe baryp görüň. Eger-de, siz şu güýz paslynda Merwde syýahatda bolsaňyz, britan we türkmen arheologlarynyň bu gadymy ýer barada köp delilleri tapmak üçin iş alyp barýandyklaryny görmegiňiz mümkin.
Gadymy Merw arheologiýanyň mekanydyr
-
agajanh
17 years ago
- TÄZE MERWIŇ GALALARY
1221-nji ýylda Çingiz hanyň leşgerleriniň weýrançylykly çozuşlaryndan soňra birwagtlarky gülläp ösen Merw ülkesi harabaçylyga öwrülýär. Merwiň mongol çozuşlaryndan öňki ýadygärlikleri gadymy ýa-da Köne Merw ady bilen mälimdir. Täze Merw diýen at bolsa ilkinji gezek XV asyryň birinji onýyllygynda Teýmir leňiň ogly Şahruh bilen bagly tarayha girýär. 1396-njy ýylda Horasana häkim bellenen bu ýaş, gujurly hökümdar Gadymy Merwiň ummasyz meýdany tutup ýatan mes toprakly tekiz ýerleri bilen içgin gyzyklanýar. Bir mahallar durmuşyň joş alan ýerlerinde uly oturymly ýaşaýşy ýola goýmak maksady bilen ol ilkinji nobatda mongollar sebäpli Murgap derýasynyň tas 200 ýyllap ýumrulgy ýatan Soltanbent berkitmesini dikeltdirip, gömülen ýäpläry açdyrýar. 1407-1409-njy ýyllarda Şahruh ýörite niýetlenen plan esasynda Gadymy Merw läyer harabalarynyň ep-esli günortasyndan Täze Merwiň, ýagny soňra Abdyllahangala ady bilen biziň günlerimize gelip ýeten galanyň gurluşygyna başladýar.
a) Abdyllahan gala
Täze Merw galalarynyň ilkinjisidir. Şahruhyň döwürdeşi bolan taryhçy Abdyrazzak Samarkandynyň bellemegine görä Şahruh bu galanyň gurluşyk işlerini dolandyrmak žçin guramaçy emeldarlardan Alaeddin Kukeltaşy, Musany hem-de edenli hökümet işgäri Emiraly Şeýanyny belläpdir. Seýdip häzirki Baýramaly şäheriniň demirgazygyna sepleşip oturan, orta asyr döwrüne degişli Täze Merw galasy - Abdyllahan gala bina edilipdir.
Göwrümi boýunça gadymy Merw galalaryndan has kiçi bolan bu galanyň daş ýüzi 24×24×5 sm. ölçegdäki çig kerpiçler bilen, içi bolsa Soltan Sanjar mawzoleýiniňkä görä kiçeçräk dörtgyraň kerpiçler bilen, diwary her bir metr beýiklikde 5 sm. içe gidýän görnüşde salnypdyr. Galanyň gapdal diwarlarynyň uzynlygy 630 metrden 695 metre çenli bolup, olaryň saklanyp glan ýerleriniň galyňlygy 2,5-3 metrden 6 metre, beýikligi hem 5-7 metre çenli ýerýär.Galanyň daşyndan diwardan omzaşyp daşa çykýan egme görnüşli 44 sany gorag diňleri salnypdyr. Galanyň gündogar, günbatar we günorta diwarlarynda derwezeler bolupdyr.
b) Baýramalyhan gala
Bu gala Abdyllahangalanyň günbatar diwaryna sapylyp, üň ganat görnüşinde salnypdyr. Onuň salnan wagty barada alymlaryň arasynda kesgitli bir pikir ýok. Galanyň ady Merwe az wagtlyk hökümdarlyk eden (1782-1785 ýý.) gajar hökümdary Baýramaly hanyň ady bilen baglanyşdyrylýar.
GADYMY MERWIŇ GALALARY
a) Erkgala
Erkgala göwrümi boýunça gadymy Merw şäheriniň ulgamyna girýän galalaryň iň kiçisi bolsa-da, ýaşy boýunça iň ulusy, belentligi boýunça hem iň beýigidir. Onuň tutýan meýdany bary-ýogy 20 gektara barabardyr. Häzirki wagtda ol gala däl-de, dagyň çykmasy kyn baýyrlaryna çalym edýär. Onuň saklanyp galan beýikligi ortaça 25-28 metre ýetýär. Geçirilen köp sanly arheologik barlaglar galanyň ahemenitler döwrüne degişli hökümdaryň köşgi bolandygyny äşgär etdi. Erkgalanyň içinde köşkden başga-da uly edara jaýy, skladlar, gorhana, nökerler üçin kazarmalar bolupdyr.
b) Gäwürgala
B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny bilen Merwe gelende, ol bu töwerekleriň bol suwuna, mes toprakly ýerlerine göz gyzdyryp, Merwi özüne paýtagt edinmegi, ony düýpli gurlan gala bilen berkitmegi ýüregine düwüpdir. Erkgala oňa darlyk edipdir. Şonuň üçinem ol bu galanyň günortasyndaky bag-bakjalyga bürenip oturan ilatly ýeri göz öňünde tutup, şol ýerden hem takyk oýlanylan plan esasynda grekleriň gala guruş usulynda äpet galanyň gurluşygyna başladýar. Örän tiz wagtda bina edilen bu dörtgyraň galanyň diwarlary 6 metre ýetýän galyňlykda bolup, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir.
Geçmişde “butparazlaryň galasy” ýa-da “kapyrgala” ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize GÄWÜRGALA ady bilen gelip ýetipdir. Ol 400 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Orta asyryň Ibn al-Fakih, Idrisi, Makdisi ýaly arap dilinde ýazan awtorlarynyň işlerinden mälim bolşuna görä, Gäwürgalada iki sany erkek we aýal adamynyň şekili bilen bezelen Keýmerzuban atly gadymy öýüň we sežde edilýän uly metjit jaýynyň bolandygy mälim. Gäwürgalanyň dört tarapky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr, galanyň içine kanal çekilipdir, galanyň içki diwaryny deň dörde bölýän goşmak şekilli uly köçeler bolupdyr, bazar meýdançasy, degirmençiler we hazarçyllar kärhanasy ýerleşipdir. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 230 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr.
ç) Soltangala
Onuň bina edilen wagty seljuklar neberesiniň dolandyran wagtyna gabat gelýär. Ol seljuk soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji ýarymynda-XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň soltanlaryň saldyran galasy - Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp bolupdyr.
Gapdal diwarlary 1,7den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangala Gäwürgalanyň duldegşir günbatarynda ýerleşýär. Bu iki galanyň arasyndan bolsa gadymy döwürlwrden tä mongol goşunlary tarapyndan weýran edilýänçä uly ykdysady ähmiýetli kanal bolan al-Ruzeýk (al-Razik) ýaby akypdyr. Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5 metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr. Iki metre çenli çürelip gidýän ýokarky gatlaklarynda bolsa 31×31×7 sm we 27×27×5 sm ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr.
Gäwürgala bilen deňeşdirilende Soltangalanyň diwarlary has gowy saklanypdyr.
d) Şähriýar gala
Şähriýar gala gadymy Mary şäher galalarynyň içinde iň kiçisidir. Bary-ýogy 20 gektara golaý meýdany tutýan bu galanyň diwarlarynyň salnyşynda belli bir forma eýerilmändir. Gala tutuşlygyn ýoýulan kwadrata çalym edýär. Ol esasan 27×27×6 sm ölçegdäki çig kerpiçlerden pagsa bilen aralaşdyrylyp salnypdyr. Häzirki wagtda gala diwarlarynyň saklanyp galan galyňlygy 2,8-3 metre, beýikligi hem 8-10 metre ýetýär.
Galanyň içiniň demirgazyk hem-de deirgazyk-günbatar böleklerinde kazarmalaryň, athanalaryň galyndylaryny, ortada we günorta-gündogarda hem edaradyr ýaşaýyş jaýlarynyň harabalaryny görmek bolýar. Olardan ilkinji bolup göze ilýäni köşk jaýydyr. Köşgüň içinde bary-ýogy ýekeje süýnmek zal bolup, ol öz wagtynda seljuk soltanlarynyň diwany-kabulhanasy bolup hyzmat edipdir.
e) Isgender gala hem-de kiçi Soltan gala
Ýerli halkyň dilinde şeýle atlar bilen tanalýan bu galalaryň ilkinjisi Soltan galanyň demirgazygynda, ikinjisi hem onuň günortasynda ýerleşýär. Ýerleşiş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhçy alymlar olara /zleriçe “Demirgazyk aýlaw” hem-de “Günorta aýlaw” diýip at beripdirler. Döwri boýunça aýlawlaryň ikisi-de Solatangaladan soň salnan bolmaly. Isgender galanyň 200 gektara golaý giň meýdany öz wagtynda Merw şäheriniň örän gür oturan ilatly ýeri bolupdyr. Eger-de kiçi Soltan galanyň gündogar bölegindäki Bureýda bilen Gifariniň guburlarynyň başujynda , Teýmirleň döwründe salnan goşa binany hasp etmeseň, bu galanyň içinde gadymýetiň ýerden saýlanyp duran ýekeje diwaryna-da gözüň düşmeýär.
i) Şaýym gala
Araplar döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Käbir alymlar ony Abu Muslimiň harby lageriniň galyndylary hasaplaýarlar. Şaýym gala Gäwürgalanyň 1,5 km. günorat-gündogarynda ýerleşýär. Onuň 1,28 kw.km. meýdany bolup, gala diwarlary pagsadan hem-de25×25, 5×5, 24-25×25 ölçegdäki çig kerpiçler, aram-aram hem 26,5 ×?×5 sm. ölçegde bolan kerpiçler ulanylyp salypdyr.
-
korpe
17 years ago
- agajan Alla razy bolsun. Nirden alanyny aytsana...
-
mc_merw
17 years ago
- Mende suratlar bar, hatda Mary şäherindäki müzeýin suratlary hem bar. Iň gysga wagtda olary galereýa şeklinda internete goýaryn.
-
agajanh
17 years ago
- nireden alanyma ýadyma düşenok :(
Ýöne şu sahypalaryň birinden şol linki tapypdym.
http://agajan.8m.com ýa-da .net
http://eyho.8m.com ýa-da .net
-
türkmenoglan
17 years ago
- wah şaherimizi göresim gelip başlady
-
Farabi
17 years ago
Inede 2004 ýylynda bolan açylyşy barada habar, suratlarda ýaman tanyş adamlar bar.
hakykatdan hem ýaman tanyşlaý :)
korpe 17 years ago- Britaniyadaky bir siteden tapdym... belki peydasy deger diyip goydum. Sizdenem hayyşym Mervdaki taryhy yerlerinin suratlaryny goyayyn...