Rus imperiýasy 1879-nji ýylda Türkmenlerden ýeňilendiklerini özlerine namys bilip, söweşlerde at gazanan general Skobelewe, güýçli goşun bilen türkmen topragyna täze ekspedisiýasy tabşyrylýar. Şeýlelik-de, birinji söweşde bir näçe adam ýitiren türkmenler, ruslaryň täze eskpedisiýasyna daýanyp bilmän, Gökdepe galasynda urşy dowam etdirýärler. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda, ruslar tarapyndan 1 tonna 120 kilogram därini galanyň gündogar böleginde partladyp, galanyň içinde aljyraňlyga düşen adamlary uçdantutma gyryp başlaýarlar. Ýöne 23 gün galada gabalan türkmenler, Watan üçin bir gezek däl, 25 gezek ölmelem bolsa taýýardylar. Olar muňa boýundylar. Olarda esasy maksat Ata-Watan üçin jan bermek, şehit bolmakdy. Olar Watan üçin, ar-namys üçin gara başy gurban etmegiň diňe sözde däl-de, durmuşda nähili bolýandygyny görkezipdiler. Her ýyl bütin Dünýä türkmenleri, Watan üçin wepat bolanlaryň hatyra gününi uly il bolup döwlet derejesinde ýatlaýarlar. Gökdepe galasynda dökülen ganyň manysyz däldigini, şol uruşda wepat bolanlaryň hakyky Watan gahrymanlarydygyny arkaýyn aýtsa bolar. Ondan öňem, soňam Watan üçin şirin janyny gurban edenleri Gökdepe galasynda şehit bolanlar bilen bir hatarda hatyralamakdyr. Bu gahrymançylyk bizi parahatçylykly günlerde-de Watanyň gymmatynyň, hatda öz janymyzdanam gymmatlydygyny ýatladyp durmalydyr. Bu bize ata-babalarymyzdan galan iň uly baýlygyň, iň gymmatly mirasyň biridir. Gökdepe galasynda şehit bolan ynsanlaryň jaýy jennetden bolsun, yzynda doga-dileg edip ýatlaýan nebereleriniň ýurdy abat, halky agzybir bolmaklaryny Beýik Biribardan dileg edýärin. Rus imperiýasy Gökdepe Galasyny partladyp ýeňiş gazanyp, az wagtlaýyn hem hökümdarlyk edenem bolsa, türkmen öz gaýduwsyzlygy bilen, şu günki günde türkmen halky öz ýeňişini özbaşdak, Garaşsyz hem Bitarap Döwlet bolup özüni bütin dünýa tanatmagy gazandy. Biz ýaşlar, Garaşsyz Baky Bitarap asuda Watanyň abraýy üçin edýän her bir işimizde, okuwymyzda gujur-gaýratymyzy, yhlasymyzy görkezmeli we edil ata-babalarymyz ýaly ýatlanmaga mynasyp adamlar bolup ýaşamalydyrys. Biz parahatçylykly, asuda günlerde Watana şan-şöhrat getiren zähmet gahrymanlary bolmalydyrys.

Köneler, nexttm tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir