Adam beýnisiniň ägirt ulu güýje eýe bolup, “baky juwanlygy” saklamaga ukyplydygyna soňky geçirilen ylmy barlaglar güwä geçýär. Bu barada Londan gazedi “Deýli telegraf” habar berýär. Amerikanyň Çikago /Illinoýs ştaty uniwersitetiniň alymlary belli-belli şertlerde, sagdyn durmuş obrazyny hem goşanyňda 70 ýaşdan ýokardaky adamlaryň 30 ýaşlylara garanyňda has tiz oýlanmaga we ýatda saklamaga ukyplydygyny anykladylar. “Biz heniz täze - täze oslanmadyk sowgatlary getirýän beýniniň işiniň aýratynlyklaryna akyl ýetirip bilmeýäris” diýip, barlagyň ýolbaşçysy Emili Rogalskiý belläp geçdi.Ol işdeşleri bilen birlikde üç ölçegli düzgünde şekile alýan öňde baryjy tilsimatlary ulanyp geçiren birnäçe synaglarynyň dowamynda, beýniniň garrylyk prosesine garşy durup bilmek ukybyna eýedigi barada netije çykardy.Onuň üstesine-de haçanda intellektul işe sebäp bolýan birnäçe wajyp ugurlar, işjeň ösüşini dowam etdirýärkä,onuň kämillige tarap prosesi kesilmeýär. Şu barlagyň awtorlary köp halatlarda gartaşan adamlaryň beýnisiniň 30 ýaşlylaryňka garanyňda has netijeli we ýalňyşsyz işlemäge ukyply diýip,teswirleýärler. Häzirlikçe alymlar beýniniň “baky juwanlygyny” hut nämäniň üpjün edýändigi barasyndaky sowala gutarnykly jogap berip bilenoklar.Emma olar munuň ep-esli derejede nesle, genleriň utgaşma aýratynlygyna,sagdyn durmuş obrazyna we işjeň herekete baglydygyna ynanýarlar.
Adam beýnisi “baky juwanlygy” saklaýar.
-
hazeleye
12 years ago
- onda näme üçin garrylaryň ýady gowy dälka?
-
Milashka92
12 years ago
- oylandyryjy...
-
sahett
12 years ago
- Alymlara uýsañ açylar göziñ...
-
URGENCLI
12 years ago
- Köçämizdäki ýa$ululara okap berip göwünlerini götereýin :)
-
URGENCLI
12 years ago
- Sagbol Sahett
Shahyrjyk 12 years ago- Sag bol awtor! Diymek onda biz 70 yashdan on has ajayyp, has erkin pikirlenmage ukyply dalde?