Mukaddes dinimizde we mukaddes kitabymyz Gurhany kerimde, ene-atany , has hem enäni sylamak barada köp tabşyrgylar bar. Şol tabşyrgylar , ene-atanyň, aýratyn hem, enäniň, perzentleriniň boýnunda uly haky bardygyny mälim edýändir. Beýik Pygamberimiz Hz Muhammediň(s.a.w) şerigatynda , ene-ata hakda , aýratyn-em ene hakda köp zatlar tabşyrylypdyr.Olary sylamak, olara ýardam etmek, gepine gulag asmak we .... Günlerde bir gün, bir adam, Pygamberiň ýanyna gelip “Ýa Resulalla, men kime yhsan (ýagşylyk) edeýin” diýip soraýar. Resulalla, oňa eneňe diýip jogap beripdir.Ol adam, ýenede “Soňra kime yhsan edeýin” diýip sorapdyr. Pygamber(s.a.w) , ýenede eneňe diýip jogap beripdir. Ýaňky adam, soňra kime yhsan edeýin diýip sorapdyr. Pygamber ýene oňa “Eneňe yhsan et, soňra ataňa yhsan et” diýip jogap beripdir. Ine şeýle açyk tabşyryk barka, oňa diňe amal etmek düşýär.Gurhany kerimde hem “Ene-ataňa ýagşylyk et” diýýän ýörite aýat bar. Ene-ata ýagşylyk etmek, Taňrynyň buýrugydyr.Ene-atanyň, aýratyn hem, enäniň, balasyna edýän gullugy aýratyndyr.Ene, hem-ä balasyna gulluk edýär hemde ynsan köpçüligine gulluk edýär .Ene, bir eli bilen sallançagy üreýär, beýleki bir eli bilen ynsan köpçüligini üreýär we şunluk bilen ikisini-de düzedýär.Şeýle bir enä , näme ýaraşar? Jogaby “Behişt”. Hz Muhammed (s.a.w), ene waspynda şeýle aýdypdyr : “Jennet eneleriň dabanynyň aşagyndayr”. Enäň orny uludyr Oň asmanda şany bar Jennetde bolsa jaýy Tä dünýä bar ,sany bar Enäniň waspynda näçe aýtsaň , ýene azdyr. Ýaşaýşyň delili janym enemdir Damarda aýlanýan ganym enemdir Ýürek ýurdumda,köňül köşgümde Höküm sürýän beýik hanym enemdir Saýtda okajak bolsaňyz linki şu: http://turkmen.irib.ir/din/musulman-zenan/item/4824-jennet-eneleriň-dabanynyň-aşagyndayr şu ýerde
Jennet eneleriň dabanynyň aşagyndayr
-
chelseatm
12 years ago
- Ene atany razy etmek wagtynda okalan namaz yaly Allanyn in gowy gowy goryan amallarynyn biridir ene atany razy etmek
-
lukmantm
12 years ago
- Dunya dursun Mahriban enelermiz dursun !!!!!
-
maria
12 years ago
- menin bil$imca pygamberimiz muhammet a.s. "jennet enelerimizin ayagynyn a$agynda" diyipdir a ne dabanynyn a$agynda
-
turkmenradiosy
12 years ago
- Dabanyň bir manysy "Aýagyň bütewilikde aşagy"
-
magnit
12 years ago
- dogry
-
MahirlijeOglan
12 years ago
- eneler - jennetin ozi
-
Gooool
12 years ago
- Sagjabol. Okap hezil etdim. Gaty gowy tema bolupdyr. Enelere hormat goymaly. Olenlerinden son wah diymejek bolsak dirika gadryny bilmeli.
-
akylym1989
12 years ago
- awtor eliñe saglyk. aglasa enem aglar, galany ýalan aglar
chelseatm 12 years ago- Ene atany razy etmek wagtynda okalan namaz yaly Allanyn in gowy gowy goryan amallarynyn biridir ene atany razy etmek