Eger ayna baksan gozlerim bilen,oz keshbini synlar donar durarsyn,soygi joshup yshkyn gudraty bilen dilin gurla bilman dymar durarsyn.Duyarsyn soygini derdin sho bada,gayyp baryan deyin borsyn howada,hatda gownin yetman peyker perada,yshkyn atashynda yanar durarsyn.Gownun menzar goya gyshyn garyna,gosha orim sachyn genjin maryna,hayran bolup oz jemalyn nuruna,gabak suzip gozun yumar durarsyn
Söygi goshgysy
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Kime bagyslanan hem kimin gosgusy
-
Agent007
12 years ago
- Awtory yadyma dushenok.mena gowja gordum hemem size yetirayin diydim
-
Friendship
12 years ago
- sen baharda dushduñ maña,
sen meñzeshdiñ ter bägüle.
perwaz urdum señ dashyñda,
döndüm ashyk bir bilbile.
arman bagt maña däl-de,
ýüz öwürdi özge ýere.
aramyza ýollar düshdi,
alyp gitdi uzaklara.
öwsüp barýan ýüwrük ýeller
saña arzym gowshurmazmy?
bizi aýra salan ýollar
indi gaýdyp dushurmazmy?
gitdiñ, ýöne gulagymda
señ mylaýym sözleñ galdy.
gözlerimde bolsa, näzlim,
gülüp duran gözleñ galdy.
undulañok, ýashaýarsyñ
hyýallarda, arzuwlarda.
nirä baksam, seni görýän,
gül keshbiñ dur ähli ýerde.
öwsüp barýan ýüwrük ýeller
saña arzym gowshurmazmy?
bizi aýra salan ýollar
indi gaýdyp dushurmazmy?
ttmli 12 years ago- yazyly$ tipi gowy welin bir zynjyr, netije tutup bilmedim go$gudan (bagy$la welin)