Gije sagat 03:12. hemmeler ýatyr... Gum-gukluk. Ses-üýn ýok. Diñe ýekeje zady eshitýän - ýüregimiñ gürsüldisi. uky gelenok gözüme. Bu ýagdaý birinji gezek däl. bulashdyrdym, hasabymy ýitirdim... sag egnim ýadady... Çepime agdaryndym... Birsalymdan çepimem ýadady... Dikeldim... Dash çykdym... Biraz aýlandym koridorda... pikir etýän... sho bir pikir kelledäki... Beýle-de bir ýüregedüshgünç "kesel" boljak eken! Ölçerýän, dökýän, agtarýan, çykalga gözleýän... O nämäñ çykalgasy? Bilemmok... Ýöne ýene çykalga gözleýän... Shu düshen ýagdaýymdan; aýylganç pikirlerden; ukusyzlykdan; manysyz durmushumdan; shu günümden geçmishime dolanmak isleýän... Näme üçin geçmishime? Sebäbi, geljegime shübhesiz garaýan. Muñam sebäbi, shu günüm. Shu günüm bulashyk. Geçmishimde süýji günler galdy. Günler??? Has dogrusy, ýatlamalar. Ýatlama diýesim gelenok. Sho günleñ Ýatlamalara öwrülip barýanyny boýnuma alasym gelenok... Ýeri bolýar, ana, çalaja ukym geljek bolýar. Ýatyp biläýmezmikäm?! Synanyshaýyn... Sag-amanja ýatyp turuñ!
Gije sagat 03:12.
-
byagulechka
13 years ago
- NYAME "keselem" bolsa AllajAn komek etsin ,gin bol
-
jumanji
13 years ago
- bu durmu$, durmu$ zebrañ teni ýaly bir gùn gara, bir gùn ak gùnlerden ybarat, dogrymy aýtsam ge4en gije mañada uky gelenok, $ool pikir, pikir, pikirler...indi näm bolarka, indi nätsemkäm, wah öñki 4agalygyma gaýdyp gelesim gelýä-hi4 hili aladasyz,pikirsiz durmu$yma. 4aga wagtym ulalasym gelýädi bahymrak,indi bolsa tersine
-
Friendship
13 years ago
- hany indi o günler,
hany owazy guşlaň?
şindem küýsär göwünler,
janym, ýadyma düşseň.
sen melegi asmanyň,
ýerde dogan aýdyň sen.
arman, batan ykbalym,
aýdylmadyk aýdym sen!
-
vipboy
13 years ago
- yashlygymdan goshgyni yigrenyandim shu mat wobsheeeeee
-
Bilgi
13 years ago
- beyle yagday her bir aladachyl ynsanda bolyamyka diyyan,yone biz ynsan-da gin,sabyrly bolmagy basharamzok,onda-da size alladan sabyr-kuwwat dileyan!
-
Friendship
13 years ago
- Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek,
Ýene ýazjak. Öňkülerim az ýaly.
Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak,
Söýüp ýörün… bar pasyllar ýaz ýaly.
Ýöne diýýän gyzym şeýle bir ynjyk,
Käte ýakyp, gowrup barýar köz ýaly.
Uzyn kirpiklerni ýüregme sanjyp,
Käte gahar edýär, käte näz ýaly.
Bir görseň-ä, içgin, äbede-jüýje,
Duşuşýasam, aralarmyz saz ýaly.
Käte bar umydym çykaryp puja,
Ýüzün sowýar, gyz ýüregi buz ýaly.
Aşyk ýigdiň haly neneň diýseler,
Käte çille ýaly, käte ýaz ýaly.
…Ýöne şu ýagdaýda ýüz ýyl goýsalar,
Göwnüme bolmasa, ýene az ýaly…
-
garypjan
13 years ago
- Shahan ustunde Ay gonup,
Ayyn ustunde gush otyr.
Men gusha golay otyryn,
Gush bolsa, menden dash otyr.
Deryanyn ustunde gayyk,
Gayyk ustunde gyz otyr.
Gyzyn yanynda bir yigit,
Namuchindir yalnyz otyr.
-
Friendship
13 years ago
- sawola
Jeihun07 13 years ago- yagdayna dushunyan dostum, sho yagdaylar mennede dowam edyar, yurek gysya oyi gorman onup bolyamy, turkmenistana gaytmagyma 136gun galsada hich cydap bolanok, menem islardim illenki yaly syrdash yurek acar yaly dostlary, yone bilmandirinda oz shaher'deshlermin meni gayra tutup oz aralarna almajaklarny, uyship menden ayra iyip icjekleri kellamede gelmandi, elvet synagdyr, savyr etmeli, wahhh yurek gysya yurek... menin barde yekeje onat dostym bar, uzynly gunimi ble gechryas nira gitsem yanymdan ayrmayan, hatda ol meni her hili bela beterden hem goroyan eken, hamala ol mamam pahyrda'ka hem mana garashyp, bir gun menin blen dos boljagny bilip yillardyr garashan yaly, wah janym tesvim...