Lukmanlara köpüräjik boş wagt, Aşyklara köpüräjik hoş wagt. Topragymyz ýarylmasyn, tozmasyn, Sagat ne-hä ozsun, ne-de ozmasyn. Goý, delfinler gürläp bilse, gürlesin, Ýöne gürläp, dosta hile gurmasyn. Jübiniň agramy manysyz bolsun, Her kesiň päliniň wysaly gelsin. Bagtyň paýlanşygy bolan wagtynda, Artyk almaweri laýyk bagtyňdan. Öýüňizden myhman bary çykmasyn, Gelinlerňiz gaşlaryny çytmasyn. Azyrajyk bolsun çörek nobaty, Köpüräjik bolsun kitap nobaty. Gözler jübüt bolsun, ýüzlerem ýeke, Bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter. Iň soňam bähbide bolmaňlar ýesir, Penjire, gapysyz bir jaýa getir. Ah, şu bolsadylaň bolan pursady, Şahyram bir käse şerap ursady. Gurbannazar Ezizow
Dileg
-
garypjan
13 years ago
- saolaaa
-
Merw92
13 years ago
-
ýalňyşlyk
näme diýse, şony diýsin özgeler,
meniň bu meselä öz garaýşym bar:
adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer,
diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!
alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
ýeňişi özüne çekýärler hökman!
olara duruw ýok. olarda güýç baar,
olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
otly çöpüň dänesi deý sürtülýär,
olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.
durmuş kiselýowyň “algebrasy” däl,
durmuş algebradan çylşyrymly has.
onda ýalňyşmagam asyl günä däl, -
çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.
bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar,
syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.
ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
gynansa buzdur ol, begense – otdur.
ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.
ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse,
tohum sepip utulan ýok, utan bar.
il-gün üçin sçhelçe-de haýr etse,
işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!
awtory: gurbannazar eziz
-
turkmenntug
13 years ago
- sag boluñ!
Friendship 13 years ago