Dostlar men buny bir depderiň ýyrtygydan okapdym..................1989-njy ýylda(takmynan) Gökdepäniň ýolynda bir garryja aýal ýoly süpirip gezýärdi(akly üýtgän) geçenleriň käsiniň nebsi agyrsa, käbiri gülip geçýän ekeni käbiri bolsa 1,2 manat oklan, bolyp daş oklan bolyp enäni masgaralap giderdiler .bir gün enäniň ýanynda durup geçmegi makul bildim Salam ene armaweri - salam balam eneň arasy ýok bu ýollary süpirip. -men 'pylan' gazetden enejan her gezek geçemde ýol süpirip ýörýäňiz armasyn aýdaýaýyn diýdim... - sag bol oguljygym sag bol(ene hamsygypdyr)..ýöne,..ýöne maňa ene diýme balam ol söz maňa miýesser etmedi. 48 ýyl mundan öň ýoldaşymy 10 gün ýaşaşmazdan urşa ugratdym,dagyň bölegi ýaly ýigitdi.gelenok. ýok ol ine şu ýollardan gidipdi ahyry, şu ýollardanam geler, dereksiz ýitdi diýip hat geldi ol iňňe dälä dereksiz ýitip heý olam ýitermi, ine görersiň ol geler.şonda aýagyna çöp çolaşmasyn, daş çümmesin diýip şol ýoly süpirip ýörşim oglym ýöne sen gazetçi bolsaň aýtsana köpler ýoldan geçende maňa tüýkirip, suw sepip gitýärler şony etmesinlerde.(enäniň soňky sözlerini göze ýaş aýlaman diňlemek mümkinem däldi) ýöne radaksýa gelip şol ene hakda makla ýazmak hakda aýtsam radaktor al petimden alypdy. şeýdip senä ýazdyrmandyň menem ýazmandym........... şu ýerde ýyrtylan ruçkada ýazylan özem. hormatly agzalar takdyra serediňä bir wagt bir gazetden gizlenip saklanan zat bu gün bir sebäp bilen dünýä türkmenlerine ýaýraýar.dostlar men owadan söze ökde däl.(aý oňa siz ökdä).ýöne ene hormata mynasyp al däli däl
Wepallygyň beýik nusgasy
-
1merdan
13 years ago
- men eýesini gözleýän şumadam.aah.. şo gündelik elime dolylygyna düşäýen bolsady
-
URGENCLI
13 years ago
- sag bol 1merdan dost çuň manyly yazgylary tapyp bize yetireniň üçin
-
Abadan
13 years ago
- Gynandym....
-
bembi
13 years ago
- Sagja bol dost. Sheýle häsiýetleriñ geljekde tùrkmen ýashlarynyñ gaýtalanmazlygy ùcin sholar ýaly köne gùndeliklerden ýene alyp ýazsana.
mirasymyz 13 years ago- Bäh, gynançly waka eken. 1merdan dostum sagbol köpler bilen paýlaşanyňa. Bu depderiň eýesi bu ýazgyny görseh-ä begenermik-ä diýýän.