Senden rishdämi kesmerin, Watan, Bir ädim yzyma tesmerin, Watan. Goragynda durmak mukaddeslikdir, Men seniñ ömürlik esgeriñ, Watan. Atam sheý diýerdi: "Sözlegin rastyñ, Bagtly gün bilmersiñ adamyñ köstün. Betbagt günde-de bir bähbit bardyr, Shol gün has tanadar dushmanyñ, dostuñ. Duz-nesibe rysgalyña çekermish, Alla berse, aryk bolup akarmysh. Karun dek baýlaryñ tapmadyk zady, Derwüshleriñ haltasyndan çykarmysh. Okadym, kelamdan ýazylan bular, Edeniñ bigüman alnyña geler. Diñe ýagshylyk et, eliñden gelse, Agladan aglarmysh, güldüren güler. Shalyk edip göwünleriñ töründe, Olar gülüp gezsin gezen ýerinde. Gyz baran ýerine badashyp gitsin, Gelin orun alsyn gelen ýerinde. Bu sözleri alamok men howadan, Görk hakynda kändir "çorba sowadan". Görmegeý kemi ýok gözel gyzlaryñ, Hamyla gelinler has hem owadan. Ýoluñ gözläp sözi ýumshak ýaýmagyñ, Bozman gezdim göwünleriñ gaýmagyn. Uly dünýä hakda gürrüñ edýärkäm, Eý, pelek, sen meni kiçi saýmagyn! Gizlinlikden, bukulykdan gorkýaryn, Il içinde "ikilikden" gorkýaryn. Gorkamok men o dünýäden, ölümden, Shu dünýäde ýekelikden gorkýaryn. Adamlañ bolshuna haýrandyr aklym, Sebäbin agtaryp çar ýana bakdym. Her kim özi bilen bolup ýörendir, Sygdyrmaz añyna özgäniñ aklyn. Mert kishiden ýagshylygyñ gaýdaram, Edenini il içinde aýdaram. Kyn günüñde goltgy beren gerçege, Gezeginde müñ mertebe gaýtaryñ. Hyýalym gush bolup asmana uçsa, Serden geçip yshkyñ sherabyn içse, Meni gören Leýli Mejnundan geçer, Seni gören Mejnun Leýliden geçse! Bashymy älemiñ aýlawna goshýän, Aý bolup dogulýan, Gün bolup ýashýan. Ne ajaýyp ýatlamalar dünýäsi, Islän wagtym atam-eneme dushýan. Doly anyklaman bärden gaýtmagyn, Göz görmese, gulak sözün aýtmagyn. Diýseler-de: "Deñ etmäni dush etmez", Hemme jübüt mynasypdyr öýtmegin. Aklym ýetmez munda galmaýanyma, Ne sebäpden gitsem gelmeýänime. Ahyrynda göz ýetirdim dünýäde, Hiç zada düshünip bilmeýänime. Gözüm ýetdi bolmasam-da halatly, Uçmadym, bolsam-da perli-ganatly. Adamlar sheýle bir "oýun" gurnady, Ýeñenimden ýeñilenim amatly. Il gözüne ýokmaz syratym bolup, Aýlawda ozmaýan gyratym bolup. Men hakda bir çyna orun bermäni, Ýüz ýalan ýashap ýör gybatym bolup. Käshgä ýükli güni ötmedik bolsa, Oty, iými, suwy ýetmedik bolsa. Eshegiñ semräni bildirjek däldi, Mes bolup eýesin depmedik bolsa. Döwran baky durar öýdüp çaklama, Jaýyn bilmän ýagshy-ýaman gepleme. Erkin gezýän pishik haýbat atyp dur, Gözenekde biygtyýar gaplaña. Gyzmalygym gaýdyshypdyr, sowapdyr, Danalary diñlemeklik sogapdyr. Akmaklaryñ berýän müñ soragyna, Dymyp durmak iñ akylly jogapdyr. Aglanyña, güleniñe degmese, Saralyplar solanyña degmese, Galjak bolup erishmezdi adamzat, Eger dünýä geleniñe degmese.
Rubagylar çemeni!
-
Yegen
13 years ago
- Ilki monça boldum söz bilýänime,
Köp zatmyka diýdim öz bilýänime,
Näçe okap, näçe öwrendigimçe,
Shonça göz ýetirdim az bilýänime.
Göräýmäge çözülmejek düwün ýok,
Ömür gysga, düýn göreniñ bu gün ýok.
Her ädimde boýum ýaly boý tapdym,
Arman, ýöne göwnüm ýaly göwün ýok.
Many almaz aslyýeti pis bolan,
Düshüner sözüme akly has bolan.
Dostuma dost bolan meniñ dostumdyr,
Dushmanymdyr dushmanyma dost bolan.
Günäsidir, käte ýowuz daraýan,
Sogabydyr, gam gününde goraýan.
Mertleriñ merdidir oýlanyp görseñ,
Ýalñyshyny bilip ötünç soraýan.
Diýmäñ bu sözüme "eshegiñ näzi",
Bolmaz gedemligiñ köpi ýa azy.
Pes görseñiz ylalashman hiç haçan,
Deñlige hemishe razy men, razy.
Ýagshylygym ýüreklerde ýerlesin,
Mañlaý, halal zähmetimde derlesin.
Besdir indi, mundan artyk ýañrama,
Dilim, saklan, eden ishim gürlesin.
-
magnit
13 years ago
- ohow yegen onatmy? Tuweleme yadaman yazypsyn, sag bol :-)
-
littil
13 years ago
- tüweleme, tüweleme sposiba.
-
turkmenntug
13 years ago
- sagja bol yegen.gaty govy rubagylar,señ adyñ didarmy :)))
-
turkmenntug
13 years ago
- akyl berseñ,berilyän bolsa baylyk,
bayap,harun bolardy bu halaýyk.
Dövlet akyl bermekde däl,almakda!
Bilyänemdä,yene akyl satyan,hayp...
-
Yegen
13 years ago
- sagja bol yegen.gaty govy
rubagylar,señ adyñ didarmy
turkmenntug | 2011-09-30
05:20:23
Ýok, Türkmenntug! Bu rubagylañ awtory bashga biri, awtor ussat ýazypdyr! Göwnüme ýaransoñ siz bilenem paýlashaýyn diýdim!:-)
-
Yegen
13 years ago
- sagja bol yegen.gaty govy
rubagylar,señ adyñ didarmy
turkmenntug | 2011-09-30
05:20:23
Ýok, Türkmenntug! Bu rubagylañ awtory bashga biri, awtor ussat ýazypdyr! Göwnüme ýaransoñ siz bilenem paýlashaýyn diýdim!:-)
-
turkmenntug
13 years ago
- bolubilyä,yegenhan,berekella.govuja rubagylar tapyp bize yetireniñe köp sag bol.dogrudanam ussat yazylan...
-
Yegen
13 years ago
- sagja bol yegen.gaty govy
rubagylar,señ adyñ didarmy
turkmenntug | 2011-09-30
05:20:23
Ýok, Türkmenntug! Bu rubagylañ awtory bashga biri, awtor ussat ýazypdyr! Göwnüme ýaransoñ siz bilenem paýlashaýyn diýdim!:-)
-
turkmenntug
13 years ago
- bor,yegen,bor :)))
-
Abadan
13 years ago
- adamlañ bolshuna haýrandyr
aklym,
sebäbin agtaryp çar ýana
bakdym.
her kim özi bilen bolup
ýörendir,
sygdyrmaz añyna özgäniñ
aklyn.
manyly gosgy setirleri.
-
Yegen
13 years ago
- Sag bol! :-)
Yegen 13 years ago- Käte setirlerim mañzyma batman,
Orta ýolda galýar menzile ýetmän.
Däli göwnüm çykyp gidýär aýlawdan,
Uýansyz at ýaly diýenim etmän.
Beýik bol, beýige her kim bash eger,
Bu sözler owaldan meshurdyr meger.
Gargysh etme, keremli tut göwnüñi,
Gargyshyñ bir çeti özüñe deger.
Binamysda turuwbashdan heñ ýaman,
Zadyñ üçin dawa, jenjel, jeñ ýaman.
Beren wagtyñ senden ýagshy adam ýok,
Bereniñi aljak bolsañ sen ýaman.
Her geçen ýyl ömür zalym ekeni,
Bolýan ishler hal-ahwalym ekeni.
Durmushymda görýän ýagshy-ýamanym,
Barysy öz niýet-pälim ekeni.
Ýat boldy How Ene, Adam Atamyz,
Düýnümizde az bolmady hatamyz.
Adamlar haýwandan döräpdir diýip,
Maýmynlara tas diýipdik atamyz.
Kä biri gezip ýör zähere meñzäp,
Kä biri gezip ýör gahara meñzäp.
Hemmeler mylaýym bolup bilsedi,
Gyshdan soñky gelýän bahara meñzäp.
Akmak diýrler hakykatdan gaçana,
Alym diýrler älem syryn açana.
Dünýäde hiç zada ynanmasam-da,
Ynanýaryn söýgi bilen ajala.
Köp närsede bir deñlik bar dünýäde,
Tükeniksiz geñ-tañlyk bar dünýäde.
Düshünemok ne sebäpden tersine,
Ýagshylyga ýamanlyk bar dünýäde.
Ynsan ömri gussa hem shatlyk eken,
Kä galmagal, käte rahatlyk eken.
Ahyr anykladym iñ gymmat zady,
Jandan soñ gymmat zat azatlyk eken.
Hakykata dogry bakanyñ ýagshy,
Halallyk tohumyn ekeniñ ýagshy.
Köp zada eýelik etjek bolmakdan,
Az zada mätäçlik çekeniñ ýagshy.
Geñ mysala ýüzlenýärin käte men,
Bu durmusha düshünmeýän ýa-da men.
Ýer ýüzünde Adam döräli bäri,
Ýalan bilen çyn ýaryshýar ýadaman.
Wagta görä üýtgetseñ-de görküñi,
Üýtgetmegin namys, ynsap, erkiñi.
Ganat baglap göterilseñ asmana,
Gökden däl-de, ýerden gözle örküñi.
Hasabat jaýyna baryljakmyshyn,
Ýagshy-ýaman bary görüljekmishin.
Gürläne bir sogap berilýän bolsa,
Diñläne müñ sogap beriljekmishin.
Ýashamaga ymtyl adam shekilli,
Köpler kyn zähmetde yza çekildi.
Akyllydyr azap çekip baý bolýan,
Göterinip bilýän has hem akylly.