Talyplar
Nebit basym gutarýar, uraaaaaaa
Uraaaa, iň soňunda şu nebit diýen peläket gutarýar. Şu gidişine gitse neýitiň zapaslary ýene 30 ýyla ýetmelimişin. Nebit gutarsa welin ýer ýüzüniň uruşlarynyň barsy gutarýar, sebäbi urşmak üçin nebit getek. Nebit bolmasa goşunlary ondan oňa zyňyp bolanok. Ähli harby tehnika nebitde ýöreýär. Şonuň üçin nebit diýen zady tygşytly ulanar ýaly, şu wagt elektro maşynlary we transportyň başga görnüşlerini ösdürmäge çalşýarlar. Karanowirus bilen bagly ähli kynçylyklar ýöne bir halkara awiasyýa gatnawlaryny ýatyrmak üçin oýlanyp tapylaýan zatmyşyn. Biziň planetamyzda nebitiň gutarmazlygy elsasanda global urşlaryň kömegi bilen baýaýan ýurtlara bähbitli. Mysal üçin amerikaň birleşen ştatlary mydama ýarag satmak bilen meşgullanýardy, eger uly uruşlar bolup durmasa girdeýjini nirden aljak? Ondan başha nebit bolmasa rassiýa ýaly uly ýurtlara öz bitewlligini saklama mümkinçiligi bolmaýar. Sebäbi rassiýa ýaly ýyrtlar 90 sany welaýatdan durýar. Eger uzakda ýerleşýän welaýatlaryň biri huýet etse we boýun egmekden ýüz döndürse, şol ýerik dessin goşun oklamak mümkinçiligi bolmaýar. Karoçem öýňüzde köneje eşegiňz bar bolsa ony iýmäge howlukmaň, sebäbi ýene 30 ýyldan ýene eşek bilen ata geçmegimiz ähtimal.
Sorag-jogap, kitap.clan.su tarapyndan 6 hours ago
Khanture6 hours ago
++++
TrustORG6 hours ago
Elektromobiller, atomnye reaktorlar, ultrafobinler, laminagrofinler we beýleki çeşmeler doly nebitsizem. Has zat bolmasa kòmur bilen işleyan gidro elektro stansiyalar bar🙂
Ahmedik_973 hours ago
Kitapklansu, begenip oturma, indi elktromobiller dizelden güýçli bolup başlady. Energiýaň arassa görnüşine geçmäge taýýarlyk görüp ýörler. Aşgabatdaky BMW i8 polisiýa maşynyny bilýänsiňä😉
kitap.clan.su31 minutes ago
Samalýotlary näme etjek? Olaram toga geçirjekmi? Harby tehnika tokda işlänok, raýatlar huýnýa, iň esasy zat harbylar
kitap.clan.su29 minutes ago
Daş aralyga ýöreýän ýükçi furalaram toga geçirjekmi? Tokda işleýän maşyna her 200 kilometrdan zarýat gerek, onsoň ýük daşaýanlar näme etmeli?
kitap.clan.su24 minutes ago
Şäheriň içinde elektro mabil bilen ýöreseň bolar. Birden daşoguza gitmeli bolsa näme etjek? Maşynyňy ýolda 3 gerek zarýada goýjakmy? Her zarýatga 8 sagat alýan bolsa daşoguza 3 günde barýaň. 3 güniň içinde daşoguz bilen eýýäm boljagy bolýar
Aý samsyk ekeniňaý... Ýene 30 ýyldan akkumulýatorlaryň güýjüniň nähili boljagyny bileňoga sen. Telefonlaryň akkumulýatory 10 000mAh boldy. Energiýany almagyň we ony akkumulýatorda uzak wagtlap saklamagyň üstünde işleýärler. Seň diýýän tehnikalaryňam elktromobile geçer. Sen ony gaýgam etme, oň üçin begenibem oturma!
© talyplar.com 2007-den bäri diri
Kitap.clan.su
-
kitap.clan.su
2 years ago
- Temany men pozmadym, adminlar pozan bolaýmasa?
-
Tiko
2 years ago
- Payhasy agzamyz ayrylypdyrmay temalaram tesbirlerem yokwelin
-
Tiko
2 years ago
- *Payhasly
-
Jeksparro
2 years ago
- @Tiko, aýrylsa gowuda!
-
Tiko
2 years ago
- @Jeksparro, hawa bolgusyz kop tema acyp ýürege düşdülerä
Ahmedik_97 2 years ago- Blogy näme üçin pozýaň?! Teswir ýazyp durkam pozupsyň. Gaharyma täzeden açdym. Teswirim:
«Aý samsyk ekeniňaý... Ýene 30 ýyldan akkumulýatorlaryň güýjüniň nähili boljagyny bileňoga sen. Telefonlaryň akkumulýatory 10 000mAh boldy. Energiýany almagyň we ony akkumulýatorda uzak wagtlap saklamagyň üstünde işleýärler. Seň diýýän tehnikalaryňam elktromobile geçer. Sen ony gaýgam etme, oň üçin begenibem oturma!»